"Talyban" söweşijileri Owganystanyň demirgazygynda hökümet gözegçiliginde galan esasy şäher bolan Mazar-e Şerifi öz gözegçiligine geçirdi. Ozalky ýakasy gaýyşly uruş serkerdesi, sebitdäki müňlerçe söweşijä serkerdelik edýän tanymal general Abdul Raşid Dostumyň ulaglar we ýaraglar kerweni bilen demirgazyga, Özbegistanyň serhetýaka Termez şäherine tarap gaçandygy aýdylýar.
Özbegistan bilen serhetden takmynan 100 km uzaklykda ýerleşýän şäher prezident Aşraf Gani soňky 20 ýylda gazanylan üstünliklerden el çekmejekdigini wada bereninden birnäçe sagat soň, talyban güýçleri ýene has köp welaýat paýtagtyny eýeläninden soň tabyn boldy.
Birnäçe hepde dowam eden hüjüm owgan güýçleriniň özlerine garşy edilýän hüjümlere gaýtawul berip biljegine bil baglan ABŞ resmilerini örän geň galdyrdy. Bu ýagdaý prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň parahat ilaty ABŞ-nyň ähli harby güýçlerini yzyna çykarmak üçin bellenen ahyrky möhletden, 31-nji awgustdan öň ewakuasiýa etmek tagallalaryny çaltlaşdyrmaga mejbur etdi.
Gani telewideniýede berlen çykyşynda ýerli ýolbaşçylar we halkara hyzmatdaşlar bilen ýurtdaky ýagdaý barada maslahatlaşýandygyny aýtdy. Synçylaryň käbiriniň ähtimally diýip çak edişi ýaly, ol işinden çekiljekdigini yglan etmedi.
"Siziň prezidentiňiz hökmünde, meniň esasy ünsüm öz halkymyzyň mundan aňryk hem durnuksyzlyga düşmeginiň, zorluga we ýaşap oturan ýerlerinden bosdurylmagyna sezewar bolmagynyň öňüni almaga gönükdirilen" diýip, Gani aýtdy. Şeýle-de ol "ýaragly güýçleri gaýtadan mobilizlemegiň ileri tutulýan ugurdygyny" belledi.
"Talybanyň" şeýle çalt ilerlemesini we hökümet güýçleriniň gowuşgynsyz garşylygyny nazara alanyňda, paýtagt Kabulyň hem näçe wagt saklanyp biljegi belli däl.
Azadi radiosynyň Mazar-e Şerifdäki habarçysy talyban söweşijileriniň şäheriň polisiýa edarasyna girendigini we merkezi meýdançada howpsuzlyk güýçleri bilen gysga wagtlyk çaknyşandygyny aýtdy. "Talyban" söweşijileri soňra şäheriň merkezi türmesine baryp, ol ýerde saklanýan ýüzlerçe tussagy boşatdy.
Ozalky ýakasy gaýyşly uruş serkerdesi, sebitdäki müňlerçe söweşijä serkerdelik edýän tanymal general Abdul Raşid Dostumyň ulaglar we ýaraglar kerweni bilen demirgazyga, Özbegistanyň serhetýaka Termez şäherine tarap gaçandygy aýdylýar.
Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna gowşan wideoda 14-nji awgust güni giçlik, aýdylmagyna görä, Dostumyň söweşijilerine degişli bolan köp ulagyň Amyderýanyň üstünden geçýän Haýraton köprüsinden aşmaga synanyşýandygy görünýär. Derýa iki ýurduň serhedinden geçýär.
Mazar-e Şerifiň ýerleşýän sebiti bolan Balhdan saýlanan kanun çykaryjy Abas Ebrahimzada "Associated Press" habar gullugyna milli goşunyň ilki Mazar-e Şerifde tabyn bolandygyny aýtdy. Bu ýagdaý hökümete tarapdar söweşijileriň we beýleki güýçleriň ruhdan düşmegine we talyban hüjüminiň garşysynda ýan bermegine sebäp boldy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Balhdaky welaýat geňeşiniň başlygy Afzal Hadid howpsuzlyk güýçleriniň serhede tarap gaçýandyklaryny aýtdy.
"Talyban" Mazar-e Şerifi ele geçirdi. Howpsuzlyk güýçleriniň ählisi Mazar şäherini terk etdi" diýip, ol "Roýters" habar gullugyna aýtdy.
Ebrahimzada Dostum bilen bile ýene bir serkerdäniň, Ata Muhammet Nuryň hem welaýatdan gaçandygyny, häzir olaryň bolýan ýeriniň belli belli däldigini aýtdy.
Gani birnäçe gün öň, birnäçe milisiýa serkerdesi, müňlerçe söweşijä serkerdelik edýän Dostum we Nur bilen duşuşyp, 500 000 töweregi ilatly şäheriň goragyny güýçlendirmek üçin Mazar-e Şerif şäherine uçup gelipdi.
Talyban söweşijileri 14-nji awgust güni irden günorta-gündogar Paktika welaýatynyň paýtagty Şaranany eýeledi, soň bolsa gündogar Kunar welaýatynyň paýtagty Asadabady basyp aldy. Täze synan sebit merkezleri talyban tarapyndan ele geçirilen welaýat paýtagtlarynyň sanyny 20-ä ýetirdi.