Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” hüjümi güýçlendirýär, Gani ‘gazanylan sepgitleriň’ berilmejekdigini aýdýar


Gani telewideniýede berlen gysgajyk çykyşynda ýerli ýolbaşçylar bilen maslahatlaşýandygyny aýtdy.
Gani telewideniýede berlen gysgajyk çykyşynda ýerli ýolbaşçylar bilen maslahatlaşýandygyny aýtdy.

"Talyban" demirgazykdaky uly şähere hüjüm edip, başga ýerleriň käbirinde ilerleýän wagty, ewakuasiýa edilýän asuda adamlara kömek berjek amerikan goşunlarynyň ilkinji tapgyrynyň ýurda gelen pursatynda çykyş eden owgan prezidenti soňky 20 ýylda gazanylan "üstünliklerden" ýüz öwürmejekdigini aýtdy.

Aşraf Ganiniň 14-nji awgustda eden çykyşy "Talyban" Mazar-e Şerifiň üstüne hüjüm edip, başga bir welaýat paýtagtyny, şeýle-de Kabuldan uzak bolmadyk bir şäheri ele geçiren wagtyna gabat geldi.

Gani telewideniýede berlen gysgajyk çykyşynda ýerli ýolbaşçylar we halkara hyzmatdaşlar bilen ýurtdaky ýagdaý barada maslahatlaşýandygyny aýtdy.

Bu sözler talyban söweşijileriniň Mazar-e Şerifiň garşysyna uly hüjüme başlandygy baradaky habarlardan birnäçe sagat soň aýdyldy. “Talybanyň” metbugat sekretary Zabihullah Mujahid Azadi radiosyna şähere dört tarapdan hüjüm edilýändigini aýtdy.

Mazar-e Şerifiň töweregindäki söweş Owganystanyň 19-njy welaýat paýtagtynyň hem “Talybana” ýan berendigi baradaky habarlaryň arasynda çykdy. Ýerli resmileriň Azadi radiosyna beren habaryna görä, günorta-gündogar Paktika welaýatynyň paýtagty Şarana 14-nji awgustda talyban söweşijileriniň gözegçligine geçirildi.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani 11-nji awgustda şäheriň goragyny güýçlendirmek üçin Mazar-e Şerife uçup, hökümet bilen hyzmatdaşlykdaky milisiýa serkerdeleri bilen duşuşdy.

XS
SM
MD
LG