Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda mallar suwsuz ölýär, prezident 'bol suwly' howdan açýar


Balkandaky işsizlik zerarly 60-70 ýyllyk taryhy bolan ona golaý oba kartadan öçürildi. Bezeg suraty
Balkandaky işsizlik zerarly 60-70 ýyllyk taryhy bolan ona golaý oba kartadan öçürildi. Bezeg suraty

Türkmenistanyň günbatar sebitinde iri we ownuk mallar müňläp aç, suwsyz gyrylýar, emma ýurtdaky resmi maglumat syýasaty, hatda tebigy hadysalar, suw joşmalary ýa gurakçylyk bilen bagly kynçylyklar hakynda hem hiç bir düşündiriş berilmezligi maldarçylyk hojalyklarynyň çeken we çekjek zyýanlaryny anyk kesgitlemäge mümkinçilik bermeýär. Şu aralykda döwlet TW-si ýene bir bahasy aýdylmaýan uly desganyň toý-dabara bilen açylyşyny görkezdi.

Azatlyk mundan öň başda aşa sowuk gelen ýylyň irki ekinlere, owlak-guzy alýan maldarlara ýetiren zyýany, soňra sebitlerde açlykdan ölýän sygyrlar, ýiti suw ýetmezçiligi we çekirtge howpy, doly güýjünde dowam etdirilýändigi aýdylýan mejbury zähmetiň agyr netijeleri hakynda gowşan maglumatlary çap edip, türkmen häkimiýetlerinden hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Azatlygyň habarçylarynyň öňki ýyllarda beren habarlaryndan hem belli bolşy ýaly, Balkan ýuduň işsizlik, suw ýetmezçiligi sebäpli çöken ýene bir sebiti bolup durýar.

Sebitiň Guguly, Gapyägşem, Gumsepişen we Tüwer daýhan birleşikleriniň ençeme düýedarçylyk we dowardarçylyk hojalyklarynda ýyl başyndan bäri, gaty gurak gelen ýyl we aşa yssy howa netijesinde, müňläp düýe, ownuk mallar suwsuzlykdan haram öldi we ölýär diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bir tarapy deňiz, beýleki tarapy gum depeleri, syrap ýatan çäge bilen gurşalan öri meýdanlarynda bu ýyl hasam agyr geldi, 45 gradusdan aşýan yssy howada mallar üçin ne ot bar, ne-de suw.

Balkanly maldarlaryň agyr ýagdaýy baradaky maglumat sebitde sowet döwründen bäri gijikdirilip gelnen suw desgasynyň uly dabara, aýdym-saz bilen ulanmaga berlen wagtyna gabat geldi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Bereket etrabynda ulanmaga berlen täze suw howdany ýurduň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryny Garagum kanalynyň suwy bilen üpjün etmäge niýetlenen. Şol bir wagtda, bu desga näçe döwlet serişdesiniň harçlanandygy, onuň haçan we nädip özüni ödejekdigi aýdylmaýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy Garagum kanalynyň 1096-njy kilometrinde açylan täze desganyň sebitdäki suw meselelerini çözüp biljegine, asla onuň şeýle niýet bilen gurlandygyna hem ynanmaýar.

Onuň pikiriçe, Bereket etrabynda açylan täze suw howdany, Türkmenistandaky beýleki bir topar desganyň gurluşygynda bolşy ýaly, "döwletiň puluny ogurlamak üçin gurlan howdana" meňzeýär.

Täze suw howdanynyň göwrümi 18 million kub metr bolup, ol güýz-gyş aýlarynda kanalyň aşaky akymynda suw ýygnamaly.

Ýöne häzirlikçe suw, Azatlyk bilen gürleşen hünärmeniň tassyklamagyna görä, ozalam agyr gurakçylykdan we suw ýetmezçiliginden kösenýän oba damlarynyň hasabyna toplandy.

"Açylyş dabarasynda gowy görkezmek üçin, Gyzylarbat, Magtymguly, Garrygala töwereklerinde ekilen oba hojalyk ekinleriniň suwuny kesip, täze açyljak howdany suwdan doldurdylar. Bu desganyň daýhanlara hyzmat etmek mümkinçiligi ýok, sebäbi ol ýerden suw paýlamak üçin millionlap dollara durýan sorujy, nasos stansiýalary gerek" diýip, hünärmen aýtdy.

Şeýle-de ol bu suw howdanynyň hatda ýakyn töweregindäki obalara hem peýdasynyň degjegini sorag astyna alýar we ondan Gyýanla, Garabogazyň obalaryna, Nebitdaga hiç bir peýda bolmajagyny öňe sürýär.

Adatça bolşy ýaly, türkmen prezidentiniň Balkana eden saparynyň dowamynda bu ýerde agyr şertlerde ýaşaýan adamlaryň kynçylyklary, olary azaltmak barada mesele gozgalmady.

Balkandaky dowamly we agyr suw ýetmezçiliginiň üstesine, soňky ýyllarda Marydaky, Ahaldaky, Daşoguzdaky suw desgalary, howdanlar we kanallar, ara ýaplary hem idegsiz galyp, tutuş ýurt barha çuňlaşýan azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, synçylar aýdýar.

Ýatlatsak, Balkan welaýatynyň adamlary soňky ýigrimi ýylda maldarçylyga, balykçylyga urlan zarbalar zerarly bir topar sosial-ykdysady problemalar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu ýagdaý sebitde işsizligiň köpelmegine, adamlaryň iş gözläp başga ýerlere gitmegine, netijede mekdepleriň, saglyk nokatlarynyň ýapylyp, 60-70 ýyllyk taryhy bolan ona golaý obanyň kartadan öçürilmegine alyp geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG