Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet baştutany sebitde alnyp barylýan işlerden nägile, ýöne bu nägileligiň anyk sebäpleri açylmaýar, oňa derek sebitde “giň möçberli çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygy” bellenýär.
Hakykatda, Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, Balkan welaýatynyň adamlary soňky ýigrimi ýylda maldarçylyga, balykçylyga urlan zarbalar zerarly bir topar sosial-ykdysady problemalar, uly möçberdäki işsizlik bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýöne ýurtda işsizligiň möçberi aýdylmaýar.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aýry-aýry synçylaryň tassyklamagyna görä, garaşsyzlygyň başky ýyllarynda döredilen “Türkmen mallary” bileleşigi bütin ýurt boýunça, hususan-da Balkan welaýatynda maldarçylyk obalaryna urlan agyr zarba boldy we bu ýagdaý sebitde işsizligiň köpelmegine, adamlaryň iş gözläp başga ýerlere gitmegine, netijede mekdepleriň, saglyk nokatlarynyň ýapylyp, 60-70 ýyllyk taryhy bolan ona golaý obanyň kartadan öçürlmegine alyp geldi.
Asly balkanly ýazyjy Amanymrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, “Türkmen mallary” bileleşiginiň düzümine başda diňe maldarçylyk bilen meşgullanýan 110 daýhan birleşigi girýärdi. Emma bu edara ahyry ýapylanda, onuň düzüminde 50 çemesi daýhan hojalygy galdy. Şeýle-de ýazyjy ozal diňe Gyzylarbat we Gazanjyk etraplaryndaky dowarlaryň sanynyň 3 milliondan geçendigini, welaýatyň daýhan hojalyklarynda 5 million çemesi goýun-geçiniň bolandygyny tassyklaýar.
“Häzir bolsa, 90 müň, 120 müň dowarly hojalyklaryň deregine döredilen daýhan birleşikleriniň käbirinde dowar sanynyň 10 müňe ýetmeýän ýerleri hem bar” diýip, ýazyjy Bugaýew Azatlyk radiosyna aýtdy.
Ýerli synçylar bu ýagdaýyTürkmenistanda eýeçilik, işe bolan gözegçilik meselesiniň gowşadylmagy bilen düşündirýärler. Anonim şertde gürleşen ozalky resmileriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, “Türkmen mallaryna” girýän daýhan hojalyklary ýurtda geçirilýän baýramçylyklary, dabaraly çäreleri mal eti bilen üpjün edýärdi.
“Şu we beýleki ýagdaýlar netijesinde mallaryň sany ýyl-ýyldan azaldy, iň soňunda-da, mallary dargatdyň diýip, bigünä çopan-çoluklary köpçülikleýin türmä basdylar” diýip, bu fakty ýazyjy Bugaýew hem tassyklady.
Şeýle-de ýerli synçylar, ownuk mallardan başga, Balkanyň hojalyklarynda toplanan on müňlerçe düýäniň, gara mallar fermalarynda toplanan sygyrlaryň dargadylandygyny gürrüň berýärler.
Eýeçilik, işe gözegçilik meselesiniň gowşamagy balykçylyk hojalyklaryna hem zarba urdy, Esenguly etrabynda müňlerçe adamy iş bilen üpjün eden balykçylyk hojalygy ýapyldy, onuň gämileri dargady diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran balkanly ýaşaýjy Azatlyk radiosyna aýtdy.
Emma türkmen metbugatynda ýa Balkan welaýatynyň meselelerine bagyşlanan hökümet maslahatlarynda bu ýagdaýlar agzalmaýar. Ýöne resmi metbugat 2016-njy ýylda Balkan welaýatynda ozal ilatly nokat hökmünde hasaba alnan ona ýakyn obanyň kartadan öçürilendigini welin habar berdi.
Şol bir wagtda çeşmeler Balkanda heniz ýapylmadyk obalaryň hem köpüsinde durmuş, ýaşaýyş şertleriniň juda agyrdygyny habar berýärler.
“Obalaryň köpüsinde saglyk nokady ýapyldy, medeni zona diýilýänden 350-400 kmdaşlykda ýerleşýän çarwa obalarynda telefon aragatnaşygy ýok. Aýdaly, Serdar etrabynyň Akýaýla, Baleýşem, Melegoç, Badaw obalarynda, Türkmenbaşy etrabynyň Galaýman, Awlamyş, Gumsepişen obalarynda saglyk nokady, mekdep ýaly zatlaryň ýoklugyndan başga, gyssaga düşeňde telefon etmek mümkinçiligi hem ýok” diýip, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk radiosyna aýtdy.
Şeýle-de Balkan welaýatynda heniz tebigy gazyň eltilmedik obalarynyň hem az däldigi, emma muňa garamazdan, ozal hojalyklara her aýda paýlanyp berlen gaz balonlarynyň indi berilmeýändigini, saglyk nokatlaryna ulag üçin berlen ýag-ýangyçlaryň hem indi kesilendigi habar berilýär.
Elbetde, welaýatyň oba, etrap ýerlerindäki ýollaryň, köprüleriň ýagdaýy aýratyn gürrüň we belki-de biz oňa geljekki gepleşiklerimizde dolanarys.