Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Atajanow geňeşliginde ilata dört aý arakesmeden soň, towuk budy gaýtadan satylyp başlandy. Döwletiň subsidirlenen bahasyndan satylýan towuk budy, öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek üç gün bäri ilata hödürlenýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sebitden berýän maglumatlaryna görä, geňeşlikdäki maşgalalaryň her biri, adam sanyna garamazdan, her gün iki sany towuk buduny satyn alyp bilýär.
Şol bir wagtda, towuk buduny satyn alýan maşgalalardan şerbet suwuny satyn almak hem talap edilýär. Şerbeti satyn almak islemeýän maşgalalara towuk budy satylmaýar. Ýaşaýjylardan bularyň ikisi üçin 30 manat tölemek talap edilýär. Hususy dükanlarda towuk budunyň 1 kilogramy 50 manatdan satylýar.
"Towugyň ýany bilen satylýan şerbet suwy - gazsyz suwa "ýupi" garylyp satylýar. Adamlar iýmäne azyklary bolmansoň bialaç razy bolup, satyn alýarlar. Onsuzam hojalygymyzda hiç kimiň dişine et degenok, iň bolmanda towuk eti degsin diýýärler" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Goçgeldi diýlip tutulmagyny soran ýerli ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçymyzyň sözlerine görä, bu gezek geňeşlige uly mukdarda towuk budy getirilene çalym edýär. Sebäbi towuk budy 21-nji iýuldan bäri ýaşaýjylara hödürlenýär. Mundan ozal towuk budy mart aýynda satuwa çykarylyp, ol bir günüň dowamynda satylyp gutarylypdy. Şonda towuk budy ýaşaýjylaryň köpüsine ýetmändi.
Beýleki tarapdan, towuk butlaryny iýen ýaşaýjylaryň ençemesi habarçymyz bilen söhbetdeşlikde soňy bilen iýmit-zäherlenmesine duçar bolandyklaryny aýtdylar.
"Iki gün öň towuk buduny satyn alyp iýdim, şondan soňra gaýtaryp, iýmit-zäherlenmesine duçar boldum. Öýe gelen oba lukmanlary we etrap polisiýasy bize "başarsaňyz towuk buduny iýmäň, köpler ony işigindäki itlerine bermek üçin alýarlar" diýdiler. Hökümet ony adamlara diýip satýar. Biz et satyn almaga mümkinçiligimiz bolmansoň şony satyn alyp iýýäris diýdik" diýip, iýmit-zäherlenmesine duçar bolandygyny aýdan ýerli ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Ýaşaýjy doňdurylan towuk butlary eränden soňra, ondan ýakymsyz ysyň gelip başlandygyny we bu ysyň tutuş öýe ýaýrandygyny hem belledi.
Azatlyga bu adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň gönümel gürrüňi gidýän et önüminiň hili sebäpli ýaramazlaşandygyny saglyk resmilerine tassyklatmak häzirlikçe başartmady. Bu barada ýerli saglyk we polisiýa edaralary bilen habarlaşyp, kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklarymyz hem netije bermedi.
Bu aralykda, habarçymyz Atajanow geňeşligindäki döwlet dükanynda ösümlik we günebakar ýagynyň indi iki aý bäri satylmaýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, şeker iň soňky sapar şu ýylyň ýanwar aýynda satyldy. Ilatyň ýanwar aýy üçin un paýogy iýulyň başynda berildi.
Türkmenistanda soňky dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän ykdysady çökgünlik global pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşdi. Dollaryň "gara bazardaky" bahasy onuň resmi kursundan 10 esse ýokarlandy. Hususy dükanlarda azyk we beýleki harytlar ep-esli gymmatlady. Döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň ýiti gytçylygy emele geldi.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ne ykdysady kynçylyklary, ne-de onuň netijelerini boýun alýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.