Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda maska režimine wideo kameralar arkaly gözegçilik edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Mary şäherinde maska režiminiň berjaý edilmegine gözegçilik has-da güýçlendirildi. Ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri bu düzgüniň berjaý edilşine indi wideo kameralar arkaly gözegçilik edýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň maglumatlaryna görä, şu günler şäherde maska düzgünine gözegçilik etmek işlerine hukuk goraýjy edaralaryň raýat eşikli we polisiýa uniformaly adamlary gatnaşýarlar.

Olar şäheriň dürli köçelerinde topar bolup durup, ulag sürüjileriniň maskalaryny barlaýarlar we düzgüni berjaý etmediklere jerime salýarlar. Bu toparyň 100-150 metr bärsinde raýat eşikli, elleri wideo kameraly adamlar durýar.

"Bu adamlar her geçen awtoulagy wideo düşürýärler. Olar maska düzgünini bozup barýan ulag sürüjisini ýa-da ulagdaky beýleki adamlary görseler, öňde duran ýol polisiýasyna habar berýärler. Bu işgärler sürüjilere 50 manat jerime salýar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Geldimyrat diýip tutulmagyny soran bir ulag sürüjisi aýtdy.

Polisiýa işgärleri düzgüni bozmandygyny aýdýan raýatlaryň sürüjilik şahadatnamalaryny we ulaglarynyň tehniki pasportlaryny alýarlar. Şondan soň olara 100-150 metr yza gitmegi we şol ýerde duran adamlaryň görkezjek wideosyny görüp gaýtmagy tabşyrýarlar.

"Eger ulagyň içindäki ýolagçylaryň biri maska režimini bozan bolsa, onda şol adama däl-de, ulag sürüjisine jerime ýazýarlar" diýip, maryly sürüji gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri we ýol polisiýasy mundan beýläk her sişenbe we anna günleri özleriniň ýanynda bir awtobusyň berkidilip goýuljakdygyny hem aýdýarlar.

Olaryň sözlerine görä, bu awtobuslara maska režimini bozan diňe ulag sürüjileri däl, eýse bu düzgüni berjaý etmedik islendik raýat mündiriler. Awtobus maska režimini bozan adamlardan dolansoň, polisiýa tarap hereket eder.

"Polisiýa merkezine eltilen bu adamlaryň her birine aýry-aýry jerime salnar diýdi" diýip, maryly sürüji polisiýa işgäriniň sözüni sitirledi.

Habarçymyz ýurtda aşa yssy howanyň saklanyp galýan şu günlerinde köp adamyň dem almagyň kyndygyny aýdyp, maskalaryny düýbünden aýyrandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, käbir adamlar bolsa, agzyny we burnuny ýapman, maskalaryny eňeginiň aşagyndan dakynýarlar.

"Biziň ulagymyz köne, onda kondisioner hem ýok. Howa yssy, dem almagymyz kynlaşýar. Günden goranmak üçin ulaglarymyzyň aýnalaryny garaldyp sürmäge-de rugsat bermeýärler" diýip, bir sürüji aýtdy.

Abraýly halkara saglyk edaralarynyň barlaglary köpçülik ýerlerinde maska geýmegiň koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almakda täsirlidigini subut etdi. Köpçülik ýerlerinde maska režimini berjaý etmegi Bütindünýä saglyk guramasy hem maslahat berýär.

Türkmenistan raýatlaryň maska geýmek düzgünini Bütindünýä saglyk guramasynyň COVID-19 missiýasynyň 2020-nji ýylyň iýulynda ýurda eden saparynyň dowamynda güýje girizipdi.

Şu wagta çenli öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almadyk Türkmenistan bu talabyny "howanyň düzümindäki tozan bölejikleri" bilen düşündirdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi web-saýtynda raýatlara maska režimini berjaý etmek bir sözlem bilen duýdurylýar, ýöne koronawirus agzalmaýar.

"Agyz-burun örtügi dakynmak, köpçülik ýerde aralygy 2 metr saklamak, şahşy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek maslahat berilýär" diýip, ministrlik bu duýduryşyny “saglygy berkitmek üçin” diýip düşündirýär.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, welaýatda maska düzgüni howa gyzyp başlanyndan soň, has takygy maýyň başlarynda gowşadylypdy. Şondan soň polisiýa işgärleri maska dakynmaýan raýatlary görmezlige salyp başladylar.

Ýöne bu düzgün iýun aýynyň ahyrynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar bilen 10 günüň dowamynda yzly-yzyna geçiren iki ýygnagyndan soň gaýtadan güýçlendirildi.

27-nji iýunda geçirilen ýygnakda Berdimuhamedow ýene-de bir gezek "ähli çäreleriň görülýändigini" we ýurtda koronawirusyň ýokdugyny gaýtalady.

7-nji iýulda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 18 ýaşyny doldurmadyk raýatlardan, göwreli aýallardan, çaga emdirýän enelerden we başga çylşyrymly saglyk ýagdaýy bolmadyk raýatlardan daşgary ähli ýaşaýjylardan COVID-19 keseline garşy waksina kabul edilmegini duýdurdy.

Türkmen häkimiýetleriniň maska düzgünini güýçlendirmekleri we COVID-19 waksinasyny hökmany etmegi dünýäde wirusyň "delta" görnüşiniň güýçlenýän mahalyna gabat geldi.

7-nji iýulda Bütindünýä saglyk guramasy COVID-19 bilen aradan çykan adamlaryň sanynyň 4 milliondan aşandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG