Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda “Talyban” bilen çaknyşyklaryň täzeden ýaramazlaşmagy. Täjigistan we goňşy ýurtlar müňlerçe bosguna garaşýar


Owganystanda jeňçilere garşy ýarag alan ýerli ilat
Owganystanda jeňçilere garşy ýarag alan ýerli ilat

NATO goşunlarynyň yza çekilýän wagtynda, “Talyban” bilen owgan häkimiýet güýçleriniň arasyndaky konflikt täzeden ýitileşip başlady.

Owganystanyň Milli ýaraşyk geňeşiniň başlygy Abdulla Abdulla Türkiýede prezident Erdogan bilen duşuşyp, şeýle diýdi: "NATO goşunlarynyň yza çekilmegi "Talyban" bilen gepleşiklere täsir eder. Olar özlerini has batyrgaý duýup bilerler, iň bolmanda olardan käbirleri Amerikanyň çykmagy bilen ýagdaýdan harby taýdan peýdalanyp biljekdigini nazarda tutarlar".

WIDEO (rus dilinde). Talyplar bilen çaknyşyklaryň ýitileşmegi sebäpli Täjigistan Owganystandan bosgun etjek 30 müň çemesi adama garaşýar.

Musulman ýurt hem-de NATO agzasy hökmünde Türkiýe Günbatar goşunlary yza çekilenden soň, Kabuldaky esasy howa meýdançasynyň goragyny öz üstüne almak isleýär. Emma "Talyban" Owganystanda islendik daşary ýurt goşunynyň, şol sanda türk goşunynyň bolmagyna berk garşy çykýar. Owganystanyň häzirki ýolbaşçylygy hem öz gezeginde ekstremistler bilen ýekme-ýek galmak mümkinçiliginden has alada galýarlar.

“Uly hasapdan "Talyban" harby taýdan ýeňiş gazanyp biler öýdýän bolsalar, bu uly ýalňyşlykdyr. Men ýene gaýtalaýan, urşuň dowam etmeginde ýeňiji bolmaz" diýip, Abdulla Abdulla şol duşuşykda nygtady.

Prezident Gani Abdullanyň teklibi bilen egindeşi Bismilla Han Muhammedi goranmak ministriniň esasy wezipesine eýýäm belledi. Bismilla Han "Talybanyň" ýiti garşydaşy. 1990-njy ýyllarda Demirgazyk Kabulyň çägindäki frontlarda, esasanam meşhur Pançşir jülgesini goramagy üstünlikli dolandyrdy. Onuň Owganystanda Goranmak ministri bolmagyndan soň, köp adam milli goşunyň “Talybana” garşy alyp barjak aýgytly we üstünlikli hereketlerine bil baglaýar.

Owganystandaky dowam edýän ýagdaýyň barşy ABŞ Senatynda hem maslahatlaşylýar. Goranmak ministri Lloýd Ostin hem-de Birleşen Baş ştabyň başlygy Mark Milli golaýda senatorlara Owganystanda aşa ekstremistleriň howpy barada maglumat berdiler. Şol sanda al-Kaýdanyň we “YD” söweşijileriniň ýakyn wagtda Owganystanda gaýtadan peýda bolmagynyň mümkindigini aýtdylar. ABŞ-nyň Goranmak ministri munuň üçin "iki ýyl gerek bolup biljekdigini" aradan aýyrmady.

Bu aralykda Owganystanyň goňşy ýurtlary agyr ýagdaýyň döremegine taýýarlanýar. Häzirki wagtda Täjigistan bilen serhetleşýän owgan Badahşanynyň üç uly ilatly böleginde, hökümet güýçleri bilen “Talyban” arasynda gazaply söweşler barýar. Şunuň bilen baglylykda Täjigistan bosgunlaryň gelmegine taýýarlanýar. Golaýda Täjigistanyň Dagly-Badahşan awtonom welaýatynyň ýolbaşçysy Ýodgor Faýzow gyssagly ýygnak geçirdi hem-de 5-10 müň bosgunyň gelmegine taýýardygyny aýtdy. Ýöne ol bosgunyň has köp bolmagyndan – 30 müňe çenli ýetmeginden alada edýär.

Owganystanyň öz içinde ýerli ilatyň hasabyna döredilen daşary ýurt guramalarynyň işgärleriniň arasyndaky howsala barha artýar. Dürli çaklamalara görä, NATO goşunynyň Owganystanda bolan döwründe, on müňlerçe owganly harby kömekçi işlerde işleýärdi. Daşary ýurt goşunlary çekilenden soň, ol adamlar ekstremistlerden has köp ejir çekip bilerler: “Talyban” olary resmi taýdan dönük hasaplaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG