Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Paýok' önümleriniň ýatyrylmak ähtimallygynyň fonunda obalarda 'nätanyş haýyr-sahawatçy' peýda boldy


Döwlet dükanyndan azyk önümlerini satyn almak üçin garaşýan adamlar. Aşgabat. Illýustrasiýa suraty.
Döwlet dükanyndan azyk önümlerini satyn almak üçin garaşýan adamlar. Aşgabat. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda ilatyň agramly bölegi, ýurtda dowam edýän azyk krizisiniň fonunda, döwlet dükanlarynyň subsidirlenen iýmit önümlerine garaşly galýan wagty, häkimiýetler 2 müň manatdan ýokary aýlyk alýan adamlaryň maşgalalaryna subsidirlenen azyk önümlerini bermegi bes etmegi planlaşdyrýar. Ilatyň garyplyk derejesi boýunça anyk statistiki sanlaryň elýetersiz ýurtunda käbir barlykly adamlar ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän maşgalalara ýardam elini uzadyp başlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Farap etrabynda döwlet edara-kärhanalarynyň 2 müň manatdan ýokary aýlyk alýan işgärleriniň maşgalalaryna döwlet tarapyndan üpjün edilýän ýeňillikli azyk önümleriniň berilmeginiň bes edilmegine garaşylýandygyny habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, täze çäklendirmeler kanun goraýjy edaralaryň işgärlerini, şol sanda polisiýa işgärlerini, mekdep müdirlerini, lukmanlary we beýleki jogapkär işgärleri öz içine alar.

2 müň manat walýutanyň resmi alyş-çalyş bahasyna görä, 570 dollara, gara bazaryň nyrhy boýunça 50 dollara barabar bolýar.

Galyberse-de, ýeňillikli azyk önümlerinden mahrum edilmegi ahmal hojalyklaryň sanawynyň soňy bilen giňeldiljekdigi barada maglumatlar bar. Häzirlikçe bu maglumatyň jikme-jikligi mälim däl.

Bu aralykda, ilat agyr azyk krizisi bilen ýüzbe-ýüz galýan wagty, barlykly adamlaryň “eli ýuka” hojalyklara ýardam edip başlandygy barada habarlar bar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji maý güni Saýat etrabynyň Bäşim Serdar adyndaky daýhan birleşiginde we ýene bir obasynda bir barlykly adamyň “Toyota” kysymly “pikap” ulagy bilen garyp maşgalalara pul we azyk önümlerini paýlandygyny habar berýär.

13-nji maýda Türkmenistanda Oraza baýramy bellenip geçildi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýerli ýaşaýjylara azyk paýlan ulagyň Aşgabat belgisi üns çekdi. Ýerli ýaşaýjylar ulagyň hususy eýeçilige degişlidigini aýdýarlar. Ulagda bir sürüji we “nätanyş haýyr-sahawatçy adam” bar ekeni.

Bäşim Serdar daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary nätanyş haýyr-sahawatçynyň diňe laýdan salnan pagsaly jaýlarda ýaşaýan adamlara azyk we maliýe kömegini berendigini aýdýarlar.

Bir ýerli ýaşaýjynyň sözlerine görä, nätanyş adam bir hojalyga dokuz müň manat möçberinde maliýe kömegini beripdir we soňra ol öýüň daş ýüzüni surata düşüripdir. “Ol ilki maşgalabaşyny çagyryp, näçä çagaň bar diýip gyzyklandy” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Soňra nätanyş adam laýdan salnan pagsaly jaýlaryň howlularyna aýlanyp, amatsyz şertlerde ýaşaýan hojalyklara şeker we ösümlik ýagy ýaly azyk önümlerini paýlapdyr.

Saýatda peýda bolan nätanyş haýyr-sahawatçynyň şahsyýetini anyklaýan maglumatlar we onuň “haýyr-sahawat işleri” barada başga detallar mälim däl. Ýöne dokuz müň manat möçberinde pul kabul eden ýaşaýjy ony tanamaýandygyny we özüniň pul kabul edendigi barada hiç hili kagyza gol çekmändigini gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýene bir hojalyk nätanyş adamdan alty müň manat möçberinde pul kabul edipdir.

“Başga oba ýaşaýjylaryna-da pul paýlandy” diýip, ýerli ýaşaýjy tassyklaýar.

Oba ýaşaýjylary ykdysady şertleriň agyrlaşýandygyny, giň ýaýran işsizlik sebäpli özleriniň gün-güzeran şertleriniň has-da kynlaşýandygyny we özleriniň diňe mellek ýerlerinde ösdürip ýetişdirýän gök-bakja önümleri bilen gün görýändiklerini aýdýarlar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ilata azyk paýlan ulagyň yzyndan kömek sorap, ylgan adamlar hem bolupdyr.

Türkmenistanda soňky ýyllarda erbetleşen ykdysady şertler pandemiýanyň fonunda has-da ýitileşdi. Ilatyň agramly bölegi döwlet tarapyndan kadasyz üpjün edilýän subsidirlenen iýmit önümlerine garaşly galýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary hususy söwda nokatlarynda bahalaryň çenden aşa gymmatlaýandygyny habar berýärler.

Häkimiýetler krizisiň arasynda şeker, towuk budy we ýumurtga ýaly önümleri subsidirlenen harytlaryň hataryna girizdi. Ýöne 17-nji maýda Azatlyk Radiosynyň beýleki bir ýerli habarçysy ýumurtganyň subsidirlenen önümleriň sanawyndan aýrylandygyny habar berdi.

Synçylar ýurtda subsidirlenen azyk önümleriniň sanawynyň giňeldilmegini häkimiýetleriň ýurtda dowam edýän krizisi boýun almagy hökmünde häsiýetlendirýärler. Azatlyk Radiosy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan bir ýerli synçy ýurtda dowam edýän ykdysady krizisi “gözgyny açlyk derejesi” atlandyrdy.

Farap etrabynyň bir ýaşaýjysy ýurtda dowam edýän umumy ýagdaýlary II Jahan urşy ýyllaryna deňeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan ýaşaýjylar çagalara berilýän döwlet kömek pullaryna garaşly galýan hojalyklaryň juda köpdügini aýdýarlar.

Ýerli synçy subsidirlenen azyk önümleri bilen bagly gürrüň gozgalanda “Staliniň front döwri esgerlere girizen paýok sistemasyny” ýatlaýar.

“Stalin her gün adamlara 800 gram çörek bererdi, Arkadag her gün 100 gram çörek berip bilenok” diýip, ol aýdýar.

Ýerli synçy entägem ynsaply telekeçileriň köpdügini aýdýar we olaryň girdejisiz maşgalalara berýän kömeklerini ýatlaýar.

“Olar hem bolmasa, adamlar döwlete bil baglap, açlykdan ölerdi... Bu ýagdaýda adamlar subsidirlenen önümlerden mahrum bolsa, adamlaryň garyplyk derejesi gedaýçylyga ýeter” diýip, ýerli synçy sözüni jemleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG