Mary welaýatynyň adybir etrabynyň käbir döwlet dükanlarynda noýabr we dekabr aýlary üçin raýatlaryň subsidirlenen un normalary berilmedi. Etrap ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, geçen ýyldan galan un paýyny almak üçin ýerli ýaşaýjylar häkimlige arza ýazmaly. Ýogsa-da, paýok “köýýär”.
Etrap ýaşaýjylary subsidirlenen un bilen bir hatarda döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan satylýan ösümlik ýagy we towuk budy ýaly önümleri hem oktýabr aýyndan bäri alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Geçen ýylyň noýabr we dekabr aýlarynyň unlary obalaryna paýlanmadyk etrap ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, häkimlige arza bermeseň, geçen ýyllaryňy köýdürýärler diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Käbir obalara geçen ýylyň paýoklary düýbünden berilmeýär” diýip, bir oba dükanynyň satyjysy habarça gürrüň berdi.
Etrabyň käbir obalarynda bolsa geçen ýylyň sentýabr aýyna degişli un paýogy oktýabrda paýlanypdyr.
“Un paýlanan döwürde öýlerinde bolmadyk hojalyklar hatda sentýabr aýynyň un paýyny hem alyp bilmändir” diýip, beýleki bir ýaşaýjy aýtdy.
“Bu ýerde bir sorag döreýär. Beýleki etraplara noýabr aýynyň un paýoklary paýlanypdyr. Beýleki etraplara un goýberilýän bolsa, onda Mary etrabynyň ýaşaýjylaryna döwlet tarapyndan goýberilýän azyk harytlary nirä ýok bolýar?” diýip, ol sorag berýär.
Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar döwlet dükanlaryndaky azyk haryt ýetmezçiligi bilen bagly mesele boýunça, eger oňa etrap häkimi çäre görmese welaýat häkimine, ol hem çäre görmese Aşgabada çenli arza ýazjakdyklaryny aýdýarlar.
Bu aralykda, “Türkmenistanyň hronikasy” 3-nji fewralda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Zarpçy” we “Görelde-Ýaryş” daýhan birleşikleriniň döwlet dükanlarynda-da raýatlaryň oktýabr-dekabr aýlary üçin azyk paýlarynyň “köýendigini” habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda her hojalyga her aý ýeňillikli bahadan kesgitlenen möçberde un we ösümlik ýagy ýaly esasy iýmit önümleri satylýar. Ýurtda ykdysady krizis dowam edýän wagty, hem-de hususy söwdada azyk harytlarynyň bahalary gymmatlygynda galýan mahaly, ýurt raýatlary döwlet dükanlaryndaky subsidirlenen azyk önümlerini satyn almaga isleg bildirýärler.
Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy 4-nji fewralda paýtagt Aşgabadyň “Teke bazarynda” käbir iýmit önümleriniň bahalary barada habar berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, bazarda 1 kilogram banan 35 manatdan, 1 kilogram ýokary hilli tüwi 15 manatdan satylýar. “Pes hilli tüwilere hyrydar tapylmadyk halatynda, olar ösümlik ýagy ýa-da towuk budy ýaly önümlere goşulyp satylýar” diýip, bir bazarçy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçy bazarda alyjylaryň seýrekleşendigini aýdýar. Birnäçe bazarçy munuň sebäbini ilatyň satyn alyş ukybynyň pese gaçmagy bilen düşündirýär.
Habarçynyň sözlerine görä, ykdysady kynçylyklar bazarlarda arabaçylara-da täsir edýär. Bazarda alyjylaryň az bolmagy arabaçylaryň gazanjyna oňaýsyz täsir edýär.
Soňky birnäçe ýyl bäri Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Bazarlarda harytlar gymmatlygynda galýar, milli puluň hümmeti yzygiderli pese gaçýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji fewralda hökümet resmileri we ýangyç-energetika pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda “dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň ýurduň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsir edýändigini” aýtdy.
Prezident ýurduň pes maliýe görkezijilerini nebitiň bahasynyň global arzanlamagy bilen düşündirdi.
Türkmenistanyň iň esasy girdeji çeşmesi ýurduň ýangyç-energetika pudagy bolup durýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.