Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dükan nobatlary jaýlaryň girelgelerinde 'gizlenýär'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatdan soňra, Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda hem döwlet dükanlarynyň öňündäki uly nobatlary emeli ýagdaýda aradan aýyrmak boýunça mejbur ediş çäreleri görlüp başlandy.

Mundan iki hepde ozal prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň uly nobatlaryň onuň kakasyny “abraýdan düşürýändigini” aýdyp, muňa nägile bolanyndan soňra, paýtagtda dükanlaryň öňünde ýygnanmak gadagan edildi. Täze düzgünlere laýyklykda, öňünden nobata ýazylan raýatlar diňe satyjynyň jaňyndan soňra, kesgitlenen wagtda dükana haryt satyn almaga gelip bilýärler.

Aşgabatdan tapawutlylykda, Türkmenabatda nobatlar dolulygyna gadagan edilmän, eýse diňe dört adama çenli dükanlaryň öňünde ýygnanmaga rugsat berildi. Bu aralykda, beýleki raýatlar öz nobatlary ýetýänçä, goňşy jaýlaryň girelgeleriniň içinde “göze görünmän” garaşmaly bolýarlar.

“Dükanlaryň öňünde polisiýa işgärleri dörtden artyk adamyň nobata durmagyna rugsat bermeýär. Harytlar hem dükanyň baş girelgesinden däl-de, arka gapysyndan satylýar. Kimde-kim närazylyk görkezjek bolsa, polisiýa tussag etmek bilen haýbat atýar, şeýle-de jeza hökmünde nobatdan çykaryp kowýar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan türkmenabatly 26-njy aprelde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyldan bäri dowam edýän ykdysady krizis, şeýle-de gara bazarda milli manadyň hümmediniň yzygiderli pese gaçmagy ilatyň satyn alyş ukybyny düşürdi. Bu hem ýurt raýatlarynyň bazarlardaky we hususy söwda nokatlaryndaky gymmat bahalardan gaça durup, döwlet dükanlarynda degişlilikde arzan bahadan satylýan önümlere ýykgyn etmegine getirdi.

Adamlar döwletiň kesgitlän nyrhyndan satylýan subsidirlenen harytlary satyn alyp bilmek üçin, ir säherden döwlet dükanlarynyň öňünde nobata durup başlaýarlar. Emma çäkli möçberde goýberilýän haryt, adatça, nobatdaky ähli kişä ýetmän, tiz wagtda gutarýar.

“Döwlet dükanlarynda ‘paýok’ harytlary ir sagat 6-8 aralygynda goýberilýär. Adam başyna her aýda 1,5 litr ösümlik ýagy, 1 litr ahal ýagy, 1 litr günebakar ýagy, 1 kg şeker we 1 kg tüwi satylýar. Soňky wagt towuk budunyň berilmegi bes edildi” diýip, türkmenabatlylaryň biri 26-njy aprelde habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, öňler dürli sebäplere görä ýylyň 1-nji çärýeginde ‘paýok’ paýyny alyp bilmedik raýatlar, ony 2-nji çärýekde hem satyn alyp bilen bolsalar, bu düzgün hem eýýäm ýatyrylypdyr.

“Indi ýylyň islendik çärýeginde ‘paýogy’ alyp bilmeseň, ol indiki çärýege geçmän köýýär” diýip, dükan satyjylarynyň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary azyk krizisi ýaly agyr sosial-ykdysady problemalaryň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler, munuň deregine ýagdaýyň agyrlaşmagyndan nägile bolýan ilata basyş etmäge synanyşýarlar we dowamly, aglaba ýagdaýda diňe dil üsti bilen, çäklendiriji düzgünleri girizýärler.

Bu aralykda, paýtagtda döwlet dükanlarynda nobata durmak we haryt satyn almak boýunça girizilen çäklendirmeleri bozan raýatlaryň tussag edilip başlanandygy barada hem maglumatlar gowuşýar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, polisiýa dükanlaryň golaýynda ýygnanýan raýatlary 15 güne çenli tussag etmek buýurylypdyr, köplenç saklanýanlar administratiw jogapkärçiligine çekilýär we sosial aralygy bozandygy üçin jerimä sezewar bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG