Şri-Lankanyň polisiýasy 24-nji aprelde terrorçylyk kanunlary esasynda bir kanun çykaryjyny, öňki hökümet ministrini we onuň doganyny tussag edendigini aýdýar. Olar iki ýyl mundan ozal ýüzlerçe adamyň ölmegine getiren “Pasha ýekşenbe” hüjümlerine ilteşikli bolmakda güman edilýär.
Ýurduň Jenaýat agtaryş müdirligi paýtagt Kolombo şäherindäki öýlerine daň atmazyndan öň geçirilen reýdlerde öňki ministr Rişad Batiudini we onuň dogany Riýaj Batiudini tussag etdi.
"Olar terrorçylygyň öňüni almak kanuny" boýunça, hüjümleri amala aşyran janyndan geçen hüjümçiler bilen arabaglanyşygynyň bardygyny subut edýän gytaklaýyn we ylmy subutnamalar esasynda tussag edildi” diýip, polisiýanyň metbugat sekretary Ajith Rohana aýtdy.
Şri-Lankanyň Rim Katolik jemgyýetiniň lideri Kardinal Malkolm şu hepde 2019-njy ýylyň 21-nji aprelinde ybadathanalara, myhmanhanalara we ýaşaýyş jaýlaryna edilen utgaşdyrylan hüjümler babatda geçirilýän derňewleriň haýallygyny tankytlady.
Janyndan geçen dokuz yslamçy bombaçy Pasha baýramçylygy wagtynda üç ybadathanada, üç kaşaň myhmanhanada we iki ýaşaýyş jaýynda 279 adamy öldürdi, 500 çemesi adamy ýaralady.
Partlamalaryň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" söweşiji topary öz üstüne aldy.
Häkimiýetler geçirilen reýdleriň meýilleşdirilen hüjümleriň ikinji tolkunynyň öňüni alandygyny aýtdy.