Sinjiangdaky ýagdaýy öwrenýän nemes alymy Adrian Zenz hem-de iňlis BBC telekanaly Hytaý hökümetiniň ýüzlerçe müň musulman maşgalasyny bölmek we etnik azlyklary beýleki şäherlere işlemäge ibermek syýasatyny alyp barýandygyny aýdýar.
Nemes antropolog alymy Adrian Zenziň täze maglumatlary Amerikanyň Jamestown barlaglar Merkezi tarapyndan neşir edildi. Maglumatda aýdylyşyna görä, Hytaýyň Sinjiang sebitinde "syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş” maksatnamasynda goşmaça, musulmanlary beýleki sebitlere mejbury göçürmek programmasy hem bar. Bu plan"garyplyga garşy göreş" bahanasy bilen amala aşyrylýar. Barlagçynyň pikirine görä, maksatnamada göz öňünde tutulýan syýasy bähbit ykdysady zerurlykdan has ýokarda goýulýar.
Şol maksatnama laýyklykda dürli şäherlere iberilmeli mejbury işçi güýji Sinjiangda 1,5 milliondan gowrak adama howp abandyrýar diýip, Zenz mälim edýär.
BARLAGLARDA NÄME TÄZELIK BAR?
Zenziň barlaglary 2019-njy ýylyň dekabrynda neşir edilen, soňra 2020-nji ýylyň ortalarynda ýok edilen hasabata esaslanýar.
“Sinjiang sebitiniň Hotan [uýezdinde] welaýatynda garyplygy azaltmak üçin, uýgur işçi güýjüni göçürmek boýunça hasabat” diýlip atlandyrylýan ol resminama Nankai uniwersitetiniň ýanyndaky Hytaýyň abadançylyk we ykdysadyýet instituty tarapyndan taýýarlandy.
Adrian Zenz tarapyndan geçirilen barlagda bu resminamanyň ozal iňlis diline terjime edilmändigi aýdylýar.
«Nankai hasabaty işçi güýjüni göçürmek maksatnamasynyň düýp sebäpleriniň garyplygy azaltmak ýa-da ykdysady ösüş däldigine düşünmäge goşmaça yşyk berýär» diýip, Zenz ýazýar.
Alymyň sözlerine görä, Nankai resminamasynda işçi güýjüniň Sinjiangdan göçürilmegi uýgur ilatynyň gürlügini azaldar hem-de olaryň "assimilýasiýany" çaltlaşdyrar diýlip açyk aýdylýar. Zenziň pikiriçe, bu programmany "asuda ýagdaýda, halkara derejesinde aýan edilmezden" amala aşyrmaklyk bellenilýär.
Adrian Zenz tarapyndan gözden geçirilen beýleki hytaý akademiki neşirlerinde-de işçi migrasiýasyny döretmek “berk [uýgur] jemgyýetini bölmek” hem diniň “ýaramaz täsirini” azaltmak üçin möhüm usuldygyny görkezýär.
Zenz 2017-nji ýylda aýan bolan başga bir hasabata salgylanyp, «Hytaýyň Sinjiangda maşgalany planlaşdyrmak, ýagny çaga dogluşyndaky gowşak syýasaty» häzirki režim üçin, «işçi güýjüniň artykmaçlygyny emele getirýän gizlin howp boldy» diýlendigini belleýär.
Nemes alymy tarapyndan geçirilen barlaglar işçi güýjüni dürli ýerlere paýlamak kampaniýasyndaky owal mälim bolmadyk iki ýagdaýa ünsi çekýär. Şeýlelikde, Pekin Sinjiagnda ýüzlerçe müň musulman daýhanlary we çopanlary döwlet kärhanalaryna geçirmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, Hytaý hökümeti 2022-nji ýyla çenli 300000 han hytaýlyny Sinjianga göçürip getirmek bilen ilaty "garyşdyrmak" isleýär.
Şeýle hem BBC telekanaly Hytaý hökümetiniň Sinjiangdaky az sanly etniki toparlary zor bilen işlemek arkaly üýtgetmek synanyşygyny "paş edýän" Nankai hasabaty barada ýazýar.
«Hytaý hökümeti Sinjiangda demografiki ýagdaýy üýtgetmäge synanyşýandygyny inkär edip, zähmet migrasiýasynyň oba ýerlerindäki işsizligi azaltmak, girdejileri köpeltmek hem-de garyplygy aradan aýyrmak meselesine gönükdirilendigini öňe sürýär. Emma muňa garamazdan, bizde bar bolan maglumatlara görä, soňky ýyllarda Sinjiagnda döredilen gaýtadan terbiýe beriş lagerleri ýaly syýasat... etniki azlyklaryň durmuş şertlerini we olaryň garaýyşlaryny üýtgetmek arkaly özgerişlik döretmäge gönükdirilendir» diýip, BBC ýazýar.
Nankai hasabatyna hem-de Adrian Zenziň derňewlerine we beýleki çeşmelere salgylanýan BBC, mysal üçin, 2017-nji ýylda Hytaý telewideniýesinde efire berlen, emma Günbatar metbugatynyň ünsüni özüne çekmedik teleýaýlymyň gepleşigini ýatlaýar.
Ol gepleşikde Hytaýyň Sinjiang obalarynyň birinde hytaý ýolbaşçylary dört müň kilometr uzaklykda bolan iş ýerlerini mahabatlandyryp ündew geçirýärler. Habarçynyň sözüne görä, bu kampaniýanyň dowam eden iki gününiň dowamynda, ýerli ýaşaýjylaryň hiç biri oňa gyzyklanma bildirmändir. Şondan soň hytaý çinownikleri ähli öýlere aýlanyp çykypdyrlar.
Telegepleşikde aýdylyşyna görä, ol resmiler ilki bada garşy çyksa-da, soňra razy bolan 19 ýaşly bir gyzy yrmagy başarypdyrlar. Ýöne soňra ol gyz hem: «Beýlekiler gitse, menem giderin» diýilýär.
BBC bu ýagdaý bilen baglanyşykly Angliýanyň Şeffild Hallam uniwersitetiniň adam hukuklary we häzirki zaman gulçulygy meseleleri boýunça bilermen, professor Laura Merfiniň sözlerini sitirleýär.
«Hytaý hökümeti adamlaryň şeýle maksatnamalara gatnaşmak isleýändigini mydama aýdyp gelýär. Ýöne [telewideniýedäki reportaž] munuň mejbury edilýändigini, adamlarda bolsa gaýtargy bermäge mümkinçiligiň ýokdugyny görkezýär» diýip, 2004 - 2005-nji ýyllar aralygynda Sinjiangda ýaşan Laura Merfi BBC kanalyna mälim edýär.
«Muňa “garyplykdan çykmak” diýilse-de, [gepleşikde] ahyrky maksat aýan edilýär. Adamlaryň ýaşaýyş durmuşyny üýtgetmek, olary garyndaşlaryndan aýyrmak, milleti bölmek, olaryň dilini hem medeniýetini üýtgetmek we maşgalanyň gurluşyny üýtgetmek synanyşyklary bar. Munuň özi garyplygy azaltman, eýsem güýçlendirip biler» diýip, Merfi belleýär.
IŞÇI GÜÝJÜNI GÖÇÜRMEK PLANY NÄHILI BAŞLANDY?
Awtoryň ýazyşy ýaly, ol maksatnama 2000-nji ýyllaryň başyndan başlanypdyr. Ol 2010-njy ýyla çenli “artykmaç işçi güýji” diýilýän 2,2 million adamy öz içine aldy. Olaryň 83,8%-i uýgurlar, gazaklar hem gyrgyzlardyr. Şol wagtyň özünde döwlet işgärleri etnik azlyklaryň "özüni alyp barşyndan" nägilelik bildirip, kompaniýalaryň işine gatnaşmak islemeýändigini aýtdylar.
2013-nji ýylda Pekinde we 2014-nji ýylda Kunmingde geçip barýanlara bolan ganly hüjümlerden soň, Hytaýyň häkimiýetleri "uýgur separatistlerini" günäkärlediler. Hytaýyň lideri Si Jinpin "milletara aragatnaşyga" çagyrdy. Häkimiýetler bolsa meseläni çözmek üçin, "işe ýerleşdirmek" hem-de "garyplyga garşy göreş" kampaniýalaryny teklip etdiler.
Barlagçynyň aýtmagyna görä, Hytaýyň häkimiýetleri 2016-njy ýylda “garyplykdan çykarmak” programmasyna laýyklykda, 2,6 million adamy Sinjiangdan göçürmek karary bilen birlikde, 1, 74 million adamy mejbury zähmet migrantyna öwürmegi meýilleşdirýär.
«2019-njy ýylda Hytaý hökümetiniň bahasyna görä, Sinjiangyň oba ýerlerinde 2,59 million artykmaç «işçi güýji bar» diýlip çaklandy. Olardan 1,65 million adam Aksu, Kaşgar, Hotan we Gyzylsuda ýaşaýardy. Olardan esasy köplük uýgurlar» diýip, Zenz ýazýar.
«Zähmet güýçlerini göçürmek, çaga dogrulyşynyň öňüni almak we gaýtadan tälim beriş lagerleri – Pekiniň Sinjiangdaky üç ugurly ýöredýän çäresi welaýatyň sosial durkuny özgertdi. Şonuň bilen bilelikde olar medeni we demografiki genosid boýunça döwlet kampaniýasynyň aýrylmaz hyzmatyny emele getirýärler» diýip, Adrian Zenz öz girişinde ýazýar.
Material Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.