Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler Lebapdaky tupan barada dymýar, ejir çekenlere hemaýat bermeýär


Türkmenabatda güýçli şemal bir jaýyň üçegini gopardy
Türkmenabatda güýçli şemal bir jaýyň üçegini gopardy

Lebapda geçen hepdäniň aýagynda turan weýrançylykly güýçli şemaldan soňra, welaýatyň käbir etraplarynda we oba ýerlerinde heniz hem elektrik tok we aragatnaşyk üpjünçiligi ýola goýulmady. Tebigy harasatyň netijelerini aradan aýyrmakda merkezi we ýerli häkimiýetlerden hemaýatyň berilmeýän pursady, sebitde gurluşyk harytlarynyň bahalary tas iki esse gymmatlady. Ýerli ilat güýçli şemalyň jaýlary bilen birlikde, ekin meýdanlaryna hem zyýan ýetirendigini aýdýar.

19-njy martda agşam turan güýçli şemal Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda we käbir sebitlerinde köp sanly binalara, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetirdi.

YouTube saýtynda peýda bolan wideolarda güýçli ýeliň bir jaýyň tutuş üçegini goparýan pursatlaryny görmek bolýar.

Güýçli şemal wagty Türkmenabadyň “Bitarap Türkmenistan” köçesinden hereket edýän awtoulagyň sürüjisi tarapyndan düşürilen ýene bir wideoda ýol kenarynda uly zeper ýeten jaýlary we ýolagçynyň aljyraňňylyk bilen ýakynlaryna daşary çykmazlygy tabşyrýan pursatlaryny synlasa bolýar.

Ýatladyp geçsek, bir ýyl töweregi mundan ozal, 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Lebap we Mary welaýatlarynda turan tupan köp sanly adam ýitgilerine we weýrançylyga sebäp bolupdy.

Azatlygyň habarçysy, bu gezek hem, güýçli şemal barada häkimiýetleriň duýduryş bermändigini we şol sebäpden Lebap ýaşaýjylary üçin tebigy hadysanyň garaşylmadyk ýagdaýda bolandygyny habar berdi. Şol wagt köpler köçelerdedi diýip, habarçy belledi. Pidalar barada tassyklanan habar gowuşmady.

Şol bir wagtda, sebitdäki habarçylarymyz gu gezek uly weýrançylyk bolmasa-da, Türkmenabadyň köp etraplarynda we welaýatyň oba ýerlerinde elektrik togunyň, suwuň we gazyň kesilendigini habar berdiler.

Bularyň üpjünçiligi Türkmenabatda şenbe güni irden dikeldilse-de, welaýatyň Çärjew etrabynyň Gyzylýap, Gutlyýew, Talhanbazar daýhan birleşiklerinde elektrik togy we aragatnaşyk heniz hem ýola goýulmady.

Habarçymyzyň sözlerine görä, Türkmenabatda we welaýatyň beýleki sebitlerinde geçen ýyl tupandan ejir çeken köp sanly öý heniz hem dikeldilmändi, sebäbi köplerde munuň üçin serişde ýok. Ýerli ilat, geçen ýylda hem bolşy ýaly, häzir häkimiýetleriň ýeten zyýanyň netijelerini aradan aýyrmaga kömek bermeýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy bular barada Lebabyň welaýat we etrap häkimliklerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, şemalyň ýetiren weýrançylygynyň arasynda Lebapda gurluşyk harytlarynyň bahalary bir günüň dowamynda tas iki esse ýokarlandy.

“Şemal sebäpli köpleriň jaýlaryna zeper ýetdi, üçekleri gopdy. Mundan soň, sebitde 1 halta sementiň bahasy 100 manatdan 190 manada, 4 metrlik şifer 290 manatdan iň pesi 650 manada çenli ýokarlandy. Şiferiň aşagyna ýazylýan 6 metrlik agaç tagtalar-da ozal 300 manat bolan bolsa, häzir olar 700 manatdan satylýar. Häkimiýetlerden entek kömek ýok” diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjylarynyň biri 22-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz güýçli şemalyň Lebabyň käbir etraplaryndaky ekin meýdanlaryny hem zaýalandygyny, daýhanlaryň bu ýyl hasyl almakdan umydyny üzendiklerini hem belledi.

Türkmen häkimiýetleri geçen anna güni turan güýçli şemal barada häzire çenli dymyşlygy saklaýarlar. Bu barada 19-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde-de hiç zat aýdylmady. 20-nji martda hem efire berlen “Watan” habarlar gepleşiginde esasy üns prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazky bag ekmek möwsümine badalga berendigine gönükdirilip, mundan bir gün öň ýurduň gündogar sebitine gelen weýrançylykly şemal barada kelam agyz söz aýdylmady.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri şu wagta çenli geçen ýyldaky aprel tupanynyň pidalary we weýrançylygy barada hem hiç zat habar bermediler we ejir çekenlere hiç hili kömek etmediler.

Bellemeli ýeri, türkmen häkimiýetleriniň şol wagtky hereketsizligi daşary ýurtlardaky türkmenleriň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipesinden çekilmegini talap edip, hökümete garşy protest çärelerine başlamagyna sebäp bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG