Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, VPN ulanmakdaky problemalar soňky bir hepdäniň dowamynda güýçlenipdir. Azatlygyň okyjylary hem VPN arkaly sahypalarymyza girmegiň kynçylyklary barada habar berýärler. VPN hyzmatlary paýtagtda we welaýatlarda işlemeýär ýa-da gaty haýal işleýär.
Maryda internet ulanyjylaryň köpüsi sosial ulgamlar we messenjerler arkaly habarlaşmak mümkinçiligini ýitiripdir. Azatlygyň habarçylary WeChat, Telegram, Instagram, Odnoklassniki, Tiktok, YouTube ýaly köp çeşmä VPN bolmasa girip bolmaýandygyny belleýärler. Ýurtda internetiň tizliginiň pesdigine we ýokary bahasyna garamazdan, jaňlar, tekstler bilen bir hatarda wideo hem ses ýazgylary arkaly habar alyşmak ulanyjylaryň arasynda gitdigiçe meşhur bolýar.
Häkimiýetler internet bilen bagly bökdençlikleriň sebäbini düşündirmeýärler. Ýurduň ýeke-täk internet üpjünçisiniň, döwlet eýeçiligindäki “Türkmentelekom” kompaniýasynyň wekilleri ilatyň internete girmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan kynçylyklar barada resmi düşündiriş bermeýärler.
Azatlygyň habarçylary, hususan-da Maryda, ulanyjylaryň ençemesiniň ýerli operatorlar tarapyndan hödürlenýän täze internet aragatnaşyk hyzmatlaryna, şol sanda has ýokary tizligi wada berip hödürlenýän täze görnüşine geçenden soň, internetiň hiliniň esli ýaramazlaşandygyny belleýärler.
VPN-niň petiklenmeginden başga-da, "Altyn Asyr" mobil operatorynyň Marydaky ofislerinde nobatlar peýda boldy. Internet hyzmatlarynyň düýpgöter erbetleşmeginiň fonunda onlarça adam täze telefon sim kartalaryny satyn almak üçin nobata durýarlar. Şol bir wagtyň özünde sim kartalar satuwda ýok.
Azatlygyň ýerli habarçysy "Altyn Asyr" mobil operatorynyň Marydaky ofisiniň işgärlerine salgylanyp, bu ýerde sim-kartalaryň bir aýa golaý wagt bäri satuwda ýokdugyny habar berdi. Azatlyk "Altyn Asyryň" wekillerinden resmi taýdan düşündiriş alyp bilmedi.
Bu aralykda, nobatda duran abonentler telefon belgileriniň beýleki abonentlere gaýtadan satylandygyny habar berýärler.
"Oguzhan etrabynda çölde mal bakýaryn. Aragatnaşyk bolmady. Öýde ýarawsyz ejemiň ýagdaýyny bilmek üçin öýe jaň etjek boldum. 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän goşa pyýada baryp, çopandan maňa telefonyndan jaň etmäge rugsat soradym. Jaňyma jogap beren aýalym, meniň telefon nomerimden nätanyş bir adamyň jogap berýändigi aýtdy. Men derrew bärik geldim we nomerimiň başga bir abonente berlendigini bilip galdym" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.
Ýurduň beýleki sebitleriniň ilaty hem internet hyzmatlarynyň we mobil telefon aragatnaşygyň hiliniň pesligi sebäpli dürli meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Oba ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, daşary ýurtdaky garyndaşlary ýa-da dostlary bilen telefon ýa-da internetde messenjerler üsti bilen gürleşmek üçin köpler internetiň tizligi birneme ýokary bolan şäherlere gitmäge mejbur bolýarlar.
Bu aralykda “Turkmen.news” neşiri-de Türkmenistanda VPN hyzmatlarynyň petiklenmeginiň güýçlendirendigini habar berdi.
Neşir howpsuzlyk gulluklarynyň VPN serwerleriniň işini bökdeýändigini ýazýar.
"Soňky döwürde, VPN hyzmatlary Türkmenistanda ulanylyp başlandan soň gaty çalt bir günüň içinde petiklenýär. Bilermenleriň pikiriçe, bu awtomatlaşdyrylan bir sistema meňzeýär" diýip, Turkmen.news ýurtda petiklenen saýtlaryň sanawyny artandygyny we oňa Zoom wideo konferensiýa hyzmatynyň we Paypal töleg ulgamyny goşulandygyny belleýär.
Türkmenistanda VPN yzygiderli petiklenýär. Mundan öň ony tutuşlygyna petiklemekden başga-da, VPN-den peýdalanýan aýratyn ulanyjylary anyklamak we yzarlamak bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykypdy.
"Altyn Asyr" Türkmenistanda ýeke-täk mobil operator bolup, "Türkmentelekom" kompaniýasy bolsa ýurtdaky ýeke-täk internet üpjünçisidir.
Mundan ozal Azatlygyň çeşmeleri internet bilen üpjün ediji “Türkmentelekomyň” tehniki bazasyny güýçlendirýändigini, şol sanda internete gözegçiligi güýçlendirmek üçin täze enjamlary ulanýandygyny birnäçe gezek habar beripdi.
Türkmenistanda internet döwlet tarapyndan berk gözegçilik astynda saklanýar. Ýurtda köp sanly daşary ýurt habar beriş serişdelerine, şol sanda Azatlyk Radiosynyň saýtlaryna we sosial ulgamlaryna girmäge mümkinçilik ýok. Petiklenen saýtlara gitmek üçin ilat VPN serwerlerini ulanmaga mejbur bolýar.
“Turkmen.news” neşiriniň “Progress” saýtyna salgylanyp beren maglumatyna görä, 2020-nji ýylda Türkmenistanda raýatlaryň 26% internetden peýdalanypdyr. Dünýä derejesinde ortaça görkeziji 59% barabar. Munuň sebäbi diňe bir petiklenmeler bilen çäklenmän, eýsem ýerli ýaşaýjylaryň köpüsiniň enjam satyn alyp, internet üçin töleg edip bilmeýändigi bilen baglanyşykly diýip neşir belleýär we durnuksyz internet sebäpli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýylda 127 million dollar ýitirýändigini ýazýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.