Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident öňegidişligiň 'ýokdugyny', täze ýolbaşçylary 'gözlemelidigini' aýdýar


Türkmen resmileri prezidentiň aýdan sözlerini gürrüldili el çarpyşma bilen garşy alýarlar. Türkmen TW-sinden alnan surat. 5-nji mart, 2021.
Türkmen resmileri prezidentiň aýdan sözlerini gürrüldili el çarpyşma bilen garşy alýarlar. Türkmen TW-sinden alnan surat. 5-nji mart, 2021.

Hökümetiň ýanwar-fewral aýlaryndaky işine bagyşlanan mejlis, kemçilikleriň bölekleýin boýun alnandygyna garamazdan, prezidentiň ýene bir gezek hasabatlarda getirilen ösüş sanlaryndan “kanagatlanmagy bilen” jemlendi.

Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji martda geçiren hökümet mejlisinde ýurduň özüni “zerur möçberdäki oba hojalyk önümleri bilen üpjün edip bilmeýändigini” açyk boýun aldy.

Türkmen prezidenti soňky ýyllarda importy azaldyp, eksporty köpeltmek, daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň ornuny tutýan, şeýle-de eksport edip boljak önümleri has köp öndürmek talabyny goýup, bu ugurda köp işiň edilendigini, ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini aýdýardy.

Ýylyň iki aýyndaky makroykdysady görkezijiler, berlen hasabatlardan çen tutulsa, adatça bolşy ýaly, tas ähli ugurda 100 göterimden ýokary bolupdyr. Mysal üçin, hasabat döwründe jemi içerki önüm 5,9 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa, jemi öndürilen önümiň 3,3 göterim artandygy habar berilýär.

Şeýle-de, pandemiýa döwründäki çäklendirmelere garamazdan, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň görkezijileriniň 100 göterimden ýokarda bolandygy, hatda “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça hem degişli işleriň geçirilendigi aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, prezident wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe we beýlekilere ýüzlenip, käbir nägileliklerini dile getirdi. Şol bir wagtda-da ol, öňki mejlislerde bolşy ýaly, ýene bir gezek döredilýän şertleri öwdi, aýdaly, oba hojalygyna gezek gelende, “iň täze traktorlaryň we beýleki tehnikalaryň satyn alynýandygyny, pudagyň tohum hem-de mineral dökünler bilen üpjün edilýändigini...” tekrarlady.

Synçylar Türkmenistanyň soňky ýyllarda iň agyr ykdysady çökgünligini başdan geçirýändigini, pandemiýa döwründäki çäklendirmeleriň bolsa adamlaryň gün-güzeran ýagdaýyny has kynlaşdyrandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, işsizligiň ösmegi, manadyň hümmetiniň yzygiderli peselmegi, esasy azyk önümleriniň dowamly gytçylygy we yzygiderli gymmatlamagy ilat köpçüligini ir ertirden döwlet dükanlarynda berilýän harytlaryň nobatynda durmaga mejbur edýär.

Hökümet başlygy mejlisde ykdysadyýetdäki kynçylyklaryň sebäbini “bölünip berlen serişdeleriň özleşdirilmezligi”, “sanly ulgama geçmek, desgalary hususylaşdyrmak, kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak işleriniň haýal alnyp barylmagy” bilen düşündirmäge çalyşdy.

Türkmenistanyň esasy ykdysady problemasy, hünärmenleriň pikiriçe, şunça ýyllap ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmezligi we esasan çig mal söwdasyna, nebit-gaz girdejilerine daýanmagy bilen bagly.

Hökümet mejlisinde berlen hasabata görä, geçen iki aýda nebiti gaýtadan işlemek, benzin öndürmek we beýlekiler, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, “mawy ýangyjyň” eksporty boýunça hem planlar 100 göterimden ýokarda berjaý edilipdir. Emma prezident bu toplumyň pudaklarynda hem “oňyn öňegidişligiň ýokdugyny” açyk boýun aldy.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, “ähli pudak edaralary diýen ýaly meýilnama tabşyrygyny yzygiderli ýerine ýetirip bilmän gelýär”.

Kän tanalmaýan kadrlary ýokary wezipelere bellemekde we ýygy-ýygydan çalşyrmakda öňki prezidentden hem ozdurandygy aýdylýan Berdimuhamedow bu meseleleriň çözgüdini “yhlasly işlejek täze ýolbaşçylary gözlemekde” görýär.

“Gündogar” neşiriniň maglumatyna görä, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylary hem ýygy-ýygydan täzelenip durýar. Mysal üçin, diňe soňky 5 ýylda "Türkmengazyň” başlygy 5 gezek, "Türkmennebitiň” başlygy 4 gezek, Türkmenbaşydaky zawodlar toplumynyň başlygy- 5 gezek çalşyryldy. Bäş ýolbaşçy “işde goýberen kemçilikleri” sebäpli, üçüsi başga bir işe geçmek bilen baglanyşykly işden boşadyldy. Şeýle-de, ýangyç we energiýa toplumyna gözegçilik eden wise-premýerler bäş gezek täzelendi.

Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesiniň anonimlik şertinde aýdan pikirine görä, prezidentiň “yhlasly işlejek ýolbaşçylary" gözlemek baradaky "çykalgasy" “boş arzuw” bolup görünýär.

“Sebäbi soňky onýyllyklarda iş-wezipe meselesinde dörän “görülmedik korrupsiýa” öz işini bilýän we hakykatdan hem yhlasly işlejek professionallaryň uly gytçylygyna alyp geldi, başaran başga ýurtlara gitdi, daşary ýurtlarda gowy bilim alan ýaşlaryň bolsa, diplomlary ykrar edilende hem, Türkmenistandaky şertlerde işläp bilmegi mümkin däl” diýip, ýagdaýy gowy bilýän raýat aýtdy.

Hökümetiň ýanwar-fewral aýlaryndaky işine bagyşlanan mejlis, kemçilikleriň bölekleýin boýun alnandygyna garamazdan, prezidentiň ýene bir gezek hasabatlarda getirilen ösüş sanlaryndan “kanagatlanmagy bilen” jemlendi.

Şeýle-de Berdimuhamedow häzirki Türkmenistanda umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan dürli desgalaryň gurluşygynyň giň gerim bilen amala aşyrylýandygyny belledi.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurtda diňe bir adamyň, hökümet başlygynyň karar bermegi netijesinde amala aşyrylýan we alnyp barylýan gurluşyklaryň köpüsiniň ykdysady netijeliligini sorag astyna alyp, olary ýurtdaky ykdysady çökgünligiň we ilatyň ýyl-ýyldan garyp düşmeginiň bir sebäbi hökmünde görkezýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG