Şu günler Türkmenistanda koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen käbir karantin çäklendirmeleri ýuwaş-ýuwaşdan, bölekleýin ýatyrylýan mahaly, Marynyň kafeleri we barlary müşderi selçeňliginiň arasynda öz işlerini gaýtadan dikeltmäge synanyşýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
“Mary welaýatynda kafeler we barlar açyldy, işläp başlady. Ol kafe-barlarda hem söwda ýok” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bu iş ýerleri ýaňy bir gapylaryny açyp, öz hyzmatlaryny täzeden dikeltmäge synanyşsa-da, kafe eýeleri müşderi selçeňliginden şikaýat edýär.
“Söwdamyz nol. Hiç kim iýmäge we içmäge gelmeýär. Häzir meniň kafemde bir çişlikçi, iki ofisiant bar. Olara her gün gury ýere töleg töleýärin” diýip, bir kafe eýesi habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Bu aralykda, müşderi seýrekligine garamazdan, telekeçiniň sözlerine görä, şu günler kafelere we barlara iş üçin ýüz tutýan adamlaryň sany köp.
Türkmenistanda koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmelerden ozal hem, ýurt raýatlary giň ýaýran işsizlik bilen ýüzbe-ýüz galdy. Iş ýerleriň gaýtadan açylyp başlanmagy, işsizleriň arasynda umyt döretdi.
“Erkek adamlar we ýaş gyzlar kafelere we barlara iş sorap barýarlar, ýöne iş tapyp bilmeýärler” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Bir kafe eýesi öz iş ýerinde gap-gaç ýuwujynyň hem-de tämizlikçiniň öz maşgala agzalarydygyny aýtdy. “Olara aýlyk bermeýärin. Şeýdip, gümümizi aýlamasak, hiç zat ýok, iýmit önümleri gymmat” diýip, telekeçi aýtdy.
Ol häzirki döwrüň ykdysady şertlerini bir ýyl ozalky ýagdaýlar bilen deňeşdirýär, ýagdaýlaryň erbetleşýändigini aýdýar. “Bir ýyl mundan öň hem, edil häzirki döwür bilen deňeşdirilende, has gowy ýaşaýan ekenik diýýäris. Ol döwür hem gowy däl, ýöne häzir onça-da ýok” diýip, kafe eýesi aýdýar.
Habarçynyň gürrüňdeşi golaýda müňlerçe manat çykdajy edip, kafe üçin azyk harytlaryny satyn alandygyny aýdýar we müşderilere garaşýar.
Şu aralykda, kafe eýeleriniň sözlere görä, polisiýa kafeleriň agşam sagat 9-dan soň ýapylmagyny talap edýär.
Türkmenistanda resmi taýdan ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmadyk koronawirus pandemiýasynyň fonunda sebitleriň arasynda girizen hereket çäklendirmelerini bölekleýin gowşadyp başlady. Golaýda “Türkmenawtoulaglary” we “Türkmendemirýollary” agentlikleri Aşgabat – Daşoguz çäkli awtobus gatnawlarynyň hem-de Aşgabat – Türkmenabat çäkli otly gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilýändigini habar berdi. Türkmenabada gatnaýan ýolagçy otly Ahal hem-de Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän demir ýol stansiýalarynyň üstünden geçýär. Ýöne demir ýollary agentliginiň beýanaty bu ugurlara ýolagçylaryň kabul edilip-edilmeýändigini aýdyňlaşdyrmaýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji martda türkmenabatly bir tanşynyň Aşgabada otly biledini satyn almak üçin wokzala barandygyny ýöne kassanyň ýapyk durandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, wokzalyň maglumat bölümi heniz bilet satmak işlerine doly başlanylmandygyny, diňe resmi taýdan Aşgabatda işleýän adamlara bilet satylýandygy we olaryň biletleriniň hem öz işleýän edaralary tarapyndan resmileşdirilýändigini aýdypdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.