Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda adamlar ýanwar aýynyň geçirilen aýlyk haklaryny nagtlaşdyryp bilmek üçin, bankomatlaryň öňünde gije sagat 3-de nobata durup başlaýarlar.
“Aýlygymyz bank kartlaryna geçirilse-de, pullarymyzy elimize alyp bilmeýäris. Banklardaky bankomatlar irden 7-de pul goýberip başlaýar. Olardaky puluň çäkli berilýändigi sebäpli, adamlar gije sagat 3-de nobat tutup başlaýarlar. Emma jahan ýagtylmanka nobata dursaň-da, zähmet çekip gazanan puluňy alyp biljegiň gümana” diýip, 4-nji fewralda tutuş gijäni bankomatyň öňünde geçiren türkmenabatly býujetçileriň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Howpsuzlyk sebäpli adynyň üýtgedilip Zafar diýlip tutulmagyny soran 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly ençeme sagat öňünden nobat tutandygyna garamazdan, bankomatdaky puluň oňa ýetmän gutarandygyny aýtdy.
Ýatlatsak, Azatlygyň mundan ozal-da habar berişi ýaly ýerli häkimiýetler bankomatlaryň öňündäki ýüzlerçe adamlyk nobatlary gizlemek maksady bilen, ähli nobatlar alagaraňkyda bolar ýaly, daň atanda hiç biri görünmez ýaly bankomatlaryň iş tertibini çäklendirip, pullaryň diňe sagat 8-e çenli goýberilmegini ýola goýupdylar.
Mundan başga-da, nobatlary il gözünden çete çekmek, gizlemek maksady bilen Lebabyň dürli künjeklerindäki bankomatlar sökülip aýrylypdy.
“Bankomatda pul diňe bir sagadyň dowamynda berilýär. Uzak gije nobatda duran adamlar, muňa nägile bolup, bank resmilerinden düşündiriş sorasalar, bankyň töwereginde duran polisiýa işgärleri olary alyp gidýär” diýip, Zafar 5-nji fewralda Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçymyz şular ýaly ýagdaýlara şäheriň "Amul" bankynyň, "Garagum" bankynyň, "Daýhan" bankynyň howlusyndaky bankomatlaryň öňünde hem synlasa bolýandygyny aýtdy.
Habarçymyz sebitdäki dükanlaryň köpüsinde bank terminallarynyň işlemeýändigi sebäpli, adamlaryň bank kartlary bilen söwda etmek mümkinçilikleriniň çäklidigini, şol sebäpli-de raýatlaryň nagt pula garaşly bolup galýandyklaryny hem belledi.
Türkmenistan soňky birnäçe ýylyň dowamynda, tapgyrlaýyn esasda, adamlaryň aýlyk haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň nagt däl görnüşde tölenmegini ýola goýdy. Adamlar aýlyk haklaryny bankomatlardan nagtlaşdyrmaly edildi. Ýöne ykdysady krizisiň fonunda Azatlygyň habarçylary bankomatlaryň öňünde yzygiderli ýagdaýda uly nobatlaryň döreýändigini, adamlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda uly kynçylyklary başdan geçirýändiklerini habar berýärler.
Merkezi bankyň habaryna görä, 1-nji fewraldaky ýagdaýa görä, häzirki wagtda ýurtda 2 müň 160 bankomat işleýär. Ýurduň banklary jemi 4 million 476 müň 731 töleg bank kartyny çykarypdyr.
Soňky emele gelen maliýe ýagdaýlarynyň arasynda, Lebabyň Farap we Çarjew etraplaryndaky “Daýhan”, “Halk” we “Türkmenbaşy” banklary aprel aýyna çenli raýatlara kredit bermegini togtatdylar.
“Soňky döwür ýurtda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň peselmegi, gara bazarda manadyň dollara görä hümmetsizlenmegi, maliýe ýetmezçiligi ýaly ýagdaýlar sebäpli, raýatlaryň ozal alan kreditleriniň töleglerini tölemezligi ýaly hadysalar köpeldi. Şol sebäpli, banklar kredit bermegini wagtlaýyn togtatdylar” diýip, bu ýagdaýlardan habarly bir resmi Azatlygyň habarçysyna atlandyrylmasyzlyk şertinde gürrüň berdi.
Türkmen emeldarlary ýurtdaky emele gelen ykdysady we maliýe meseleleriniň, raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň gerimini ykrar etmeýärler. Ýurduň ýolbaşçylary ýurduň bank pudagy ösýär diýip hasaplaýarlar.
Synçylar döwlet mediasynyň diňe wagyzçylyk, bar bolan meseleleri ýaşyrmak we ähli zady gülala-güllük edip görkezmek üçin işleýändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.