8-nji iýulda “Interfaks” habar agentligi Hytaýyň 1000 kub metr türkmen gazy üçin aprel aýynda 227 dollar töländigini habar berdi.
Neşiriň habaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende aprelde Türkmenistanyň Hytaýa akdyrýan gazynyň möçberi 18 prosent pese gaçdy.
Mart aýynda Hytaýyň “PetroChina” kompaniýasy gaz importlary boýunça fors mažor yglan edýändigini, ýurda import edilýän gazyň möçberini global pandemiýanyň fonunda azaldýandygyny habar berdi.
“Interfaks” habar agentligi Hytaýyň gümrük statistikalaryna salgylanyp, aprel aýynda Türkmenistanyň her gije-gündiziň dowamynda Hytaýa 69 million kub metr, 2019-njy ýylyň dowamynda jemi 31,2 milliard kub metr gaz iberendigini habar berdi.
Mundan ozal, maý aýynyň başlarynda “S&P Global Platts” neşiri Hytaýyň Gümrük gullugynyň sanlaryna salgylanyp, 2019-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaýa 33.3 milliard kub metr gaz eksport edendigini habar berdi.
Şeýle-de Hytaý aprel aýynda her 1000 kub metr gaz üçin Özbegistana 212 dollar, Gazagystana 194 dollar we Mýanmara 365 dollar möçberinde töleg töläpdir.
Hytaý Türkmenistanyň iň iri energiýa müşderisidir we 10 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen gazyny satyn alýar, ýöne bilermenler Hytaýyň Türkmenistana töleýän tölegleriniň belli bir böleginiň Türkmenistanyň Hytaýa bolan bergilerine gönükdirilýändigini aýdýarlar. Onuň möçberi aýdylmaýar.
Ýanwar aýy bilen deňeşdirilende Hytaý Özbegistandan satyn alýan gazynyň möçberini 36 prosent, Gazagystandan satyn alýan gazynyň möçberini 21 prosent azaldypdyr.
Bu sanlardan çen tutulsa, Hytaýyň yglan eden fors mažory Merkezi Aziýaly gaz üpjünçilerinden iň az Türkmenistana öz täsirini ýetiripdir. Munuň mümkin bolan sebäpleri mälim däl.
Maýyň başlarynda “S&P Global Platts” neşiri Merkezi Aziýanyň gaz öndürijileri: Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň Hytaýa iberýän gazyny azaltmagy maslahat edýändiklerini habar berdi.
"Uzbekneftegaz” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Muhriddin Abdullaýewiň neşire beren interwýusyndan mälim bolşuna görä, Hytaý Türkmenistandan, Gazagystandan we Özbegistandan import edýän gazynyň möçberiniň proporsional azaldylmagyny sorady.
Uzynlygy 1833 kilometrlik Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň mawy ýangyjy Hytaýa iberilýär. Geçiriji ýylyň dowamynda 55 milliard kub metr gaz ibermäge ukyplydyr.
Türkmenistan häzirki wagtda diňe Hytaýa we Russiýa öz gazyny eksport edýär.
Russiýa 2016-njy ýylyň ýanwarynda türkmen gazyny satyn almakdan ýüz öwrenden soň, 2019-njy ýylyň tomsunda baglaşylan täze şertnama esasynda Türkmenistandan ýylda 5,5 milliard kub metr gaz satyn almaga razy boldy. Ýöne taraplar bu ylalaşygyň jikme-jikligini, şol sanda gazyň bahasyny aýan etmedi.
Geçen aý Russiýa 2019-njy ýylyň dowamynda Türkmenistandan 300 million dollara barabar gaz satyn alandygyny mälim etdi. Bu “Gazpromyň” 1000 kub metr türkmen gazy üçin 76 dollar töwereklerinde pul töländigini aňladýar.
Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady krizisi başdan geçirip gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.