Täjik jemgyýetinde gelinleriň gyzlygy baradaky jedeller köşeşmeýär. Beýle dawany ahyrynda kazyýet çözýär.
Dangaradan gelen gelniň garyndaşlary ýigidi töhmet atmakda aýyplaýarlar. Ondan ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin, 10 müň somoni talap edýärler. Giýew hem öz gezeginde, olara gyzyň ahlaksyz bolup çykandygyny, gyzlygynyň ýokdugy üçin, geçirilen toý çykdajysyndan 10 müň somony yzyna gaýtaryp bermelidigini aýdýar.
«Ýalbarýan, içerki gürrüňi daşara ýaýratma»
Bu dawa-jenjelden soň gelniň ene-atasy A.A.-ny medisina ekspertizasyna alyp gitdi. Respublikan sud-medisina merkeziniň ekspertleri A.A. gyzlygy zaýalanmandyr diýen netijä geldiler. Şeýle-de bolsa, ýigit ekspertleriň netijesine ynanmaýar, gaýtam muňa geň galýar. Toý gijesinde onuň bilen jynsy gatnaşykda bolandan soň, nädip onuň gyz çykjakdygyny aýdýar.
R.Ş. bilen 20 ýaşly A.A. (gyzyň doly ady Azatlyk Radiosyna mälim, ýöne etiki sebäplere görä muny görkezmeýäris) 2020-nji ýylyň 13-nji dekabrynda durmuş gurdular, ýöne birnäçe günden soň, gyz masgaraçylyk bilen ýigidiň öýünden kowuldy.
«Toý gijesi A.A. “bilim açyldy” diýensoň, üç günläp ýakynlyk etmedik. Emma üçünji gije gyzyň päk däldigi ýüze çykdy. Ol doganoglanynyň özüne zulum edendigini boýun aldy. Men A.A.-nyň ejesine jaň edip, ýagdaýy aýtdym. Ol maňa masgara bolmazlyk üçin, “Içerki gürrüňi daşara ýaýratma” diýip ýalbardy. Men razy boldum» diýip, giýew gürrüň berýär.
Onuň aýtmagyna görä, şol gün gelniň hossarlary hiç hili talaplarynyň ýokdugy we bäş günüň dowamynda gyzyň toýy üçin sarp eden 10 müň somony yzyna gaýtaryp berjekdigi barada dilhaty ýazypdyrlar.
«Dilhaty» basyş bilen ýazylypmy?
Ýigidiň talaby boýunça ýazan dilhatynda A.A. özüniň päk däldigini bilmändigini aýdýar, ýöne aýrylyşmaga razydygyny we hiç hili talabynyň ýokdugyny bildirýär. Ýigidiň elinde gyzyň ejesinden hem dilhaty bar, ene ýigide 10 müň somony gaýtaryp berjekdigine wada beripdir.
Azatlyk Radiosy A.A. bilen telefon arkaly habarlaşanda, gyz özüne töhmet atylandygyny we özüniň päkligine ynanýandygyny aýtdy. Onuň sözüne görä, ýigidiň öýünde ejesi bilen gulplanyp saklandygy sebäpli, basyş astynda dilhaty ýazypdyr.
«Dilhaty ýazmaga mejbur bolduk. Bizi bir günläp gulp astynda saklady hem 10 müň somony yzyna bermegi talap etdiler. Daýzam maňa diýýän hatyny ýazyp bermegi we öýe dolanmak isleýändigini maslahat berdi» diýip, A.A. aýdýar.
A.A. toýdan öň ol ýigidi tanamaýandygyny, onuň öň bir gezek öýlenip aýrylyşandan hem habarsyzdygyny aýdýar. Ýöne öňki nika resmi taýdan bozulmandyr. «Nikamyz barada pasporta haçan möhür goýdurarys?” diýip soranymda, ol gaharlandy hem “goý, ejeň gelip, seni öýüňize äkitsin" diýdi» diýip, Azatlyga gürrüň berýär.
Respublikan sud-medisina ekspertiza merkezi A.A.-nyň gyzlygynyň bolandygyny tassyklaýar. Sud-medisina ekspertiza merkeziniň beren şaýatlyk hatynyň bir nusgasy Azatlyk Radiosynyň ygtyýarynda bar.
Şeýle-de bolsa, ýigit ekspertiza barlagynyň ol ýok wagtynda geçirilendigini aýdyp, öz tassyklamasyny öňe sürýär we ekspertizanyň netijelerine ynanmaýandygyny aýdýar. “Duşenbä gidip, bu şahadatnamany satyn aldylar. Olaryň ekspertiza gidýänlerini-de bilmeýärdim. Men onuň päk däldigini anyk bilýärin. Ekspertler oňa nädip, päk diýip sprawka berýär? Men onuň gözüne seretmek isleýärin" diýýär.
Ýöne Duşenbe şäherindäki Respublikan sud-medisina ekspertiza merkeziniň ekspertleri ýigidiň talaplarynyň esasly däldigini, synag netijeleriniň ygtybarlydygyna jogapkärçilik çekýändiklerini aýdýarlar.
Merkeziň bir eksperti Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: “Şahadatnamanyň satyn alnandygy barada aýdylýanlaryň asla esasy ýok. Barlag arza berijiniň haýyşy boýunça geçirilýär, şonuň üçin ol kassa 155 somoni tölemeli. Bu resmi çykdajy. Emma töleg synagyň netijelerine hiç hili täsir etmeýär" diýdi.
Bilermeniň aýatmagyna görä, ýaşlardaky öz gelniniň päkligine bolan ynamsyzlyk käwagtda bilim derejesiniň pesligi, dar dünýägaraýyş hem-de erkine tabyn bolmaýan gabanjaňlyk bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Bu bolsa ýaş maşgalalaryň dargamagyna we gyzyň, onuň hossarlarynyň ruhy taýdan heläkçiligine sebäp bolýar.
Bu merkezde her ýyl takmynan 600 çemesi gyz päklik üçin synag edilýär. Olaryň her biriniň bu ýere gelmeginiň aňrysynda maşgala dawalary, ýigidiň gelne ynamsyzlygy durýar. Testiň netijesi bolsa täze gurlan maşgalanyň ykbalyny terezä goýýar, bu synagyň netijesine bagly bolýar. Azatlyk Radiosynyň geçiren pikir soraşygynda, käbir ýaşaýjylar synagyň dogrulygyna we ekspertleriň bitarap çemeleşmegine şübhelenýändigini aýdýarlar.
«Köplenç ýigitler günäni gelnine atýarlar»
Dangara sebitindäki aýallar we maşgala işleri bölüminiň ýolbaşçysy Nargis Saýfulloýewa Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde, özüniň we kärdeşleriniň şeýle hadysalaryň öňüni almak üçin, ähli mähellede ilat bilen düşündiriş gepleşiklerini geçirýändigini aýtdy.
«Graždan aktyny ýazgy edýän bölümde (ZAGS) täze durmuş gurýanlar üçin otag bar, ol ýerde ýaşlar toýdan öň duşuşýarlar hem gürleşýärler. Ikisi-de merkezi keselhanada medisina barlagyndan geçýär» diýip, ol aýdýar.
2016-njy ýyldan bäri Täjigistanda täze durmuş gurýanlara medisina barlagyny geçmek hökmany. Ilki bilen genetika ýakyn garyndaşlaryň ýa-da genetiki keselleri bolanlaryň nikalaşmaly däldigi aýdylýar. Geljekki maşgala WIÇ, gepatit we beýleki jynsy ýollar arkaly geçýän keseller boýunça synagdan geçýärler. Şol ýagdaýlar barada elinde şahadatnamasy bolamdyklary ZAGS hasaba alyp bilmeýär.
Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, ýigitler köplenç günäni gelinleriň üstüne ýüklemäge synanyşýarlar. “Geçen ýyl şeýle waka bolupdy. Gelin özüniň arassa we günäsizdigine ynanýan bolsa-da, gyzlyk perdesinde aýyplandy. Barlamak üçin ony Bokta iberdik. Giýew netijelere ynanmady. Soňra gyz Duşenbe şäherine gitdi, synagdan ýene gowy geçdi we özüniň gyz bolandygyny subut etdi. Soňra meseläniň ýigitdedigi aýan boldy" diýýär.
Adaty täjik jemgyýetinde gyzlaryň päkligi barada berk pikir bar, bu meselede nikadan öňki jynsy gatnaşyklar kabul ederliksiz, toý gijesinde gyzlyk ýok wagtynda gelin masgara halda adamsynyň öýünden kowulýar.
Şeýle pajygaly netijelerden gaça durmak üçin, Täjigistanda gyzlar durmuşa çykmazdan ozal özleriniň päkdigini tassyklamak üçin, medisina barlagyndan geçýärler. Ynsan hukuklaryny goraýjylar muny gyzlaryň hukuklarynyň bozulmagy diýip hasaplaýarlar we bu talaby ýatyrmagy üçin, Täjigistan hökümetine birnäçe gezek çagyryş etdiler.
Mundan iki ýyl ozal Täjigistanyň ýaşaýjylary 18 ýaşly Rajabbi Hurşediň öz janyna kast etmeginden haýran galdylar. Toý gijesinden soň adamsy ony päk däl diýip günäkärledi. Rajabbi munuň beýle däldigini öňe sürdi, ýöne adamsy oňa ynanmady. Onuň päkligini barlamak üçin, iki dürli klinika äkitdi. Iki gezekde-de Hurşediň gyzlygy tassyklandy. Şonda-da Zafar Pirow doktorlaryň ýalňyşýandygyny aýdyp, gelnine atasy öýüne gitmelidigini aýdansoň, ýaş gelin sirke içip, birnäçe sagatdan soň keselhanada jan berdi. Zafar Pirow aýalyny öz janyna kast etmäge mejbur edeni üçin, 7 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Başga bir waka: Dangara şäheriniň ýaşaýjysy I.Ş. 2019-njy ýylda durmuşa çykdy, ýöne toý gijesinde adamsy ony rehimsizlik bilen urup, gyzlygynyň ýokdugyny boýun almaga mejbur edipdir. Gyz Dangara etrabynyň kazyýetine ýüz tutýar we adamsyndan ahlak taýdan ýeten zyýan hökmünde 50 müň somoni talap etdi. Gyz toýdan öň hem-de adamsynyň göwnügara bolmagyndan soň, jemi dört gezek medisina barlagyndan geçipdir. Dangarada, Bohtarda hem Duşenbede wraçlar onuň päkligini aýdypdyrlar. Şeýle-de bolsa ol kazyýetde adalaty gazanyp bilmän gelýär.
Material Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.