Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýaşaýan we kanun esasynda raýatlyk alyp bilmeýän adamlaryň onlarçasy, has çylşyrymlaşýandygy aýdylýan syýasy-ykdysady kynçylyklaryň arasynda, türkmen pasportyny edinmek mümkinçiliklerinden ýüz öwrüp, ilkinji pursatda ýurdy terk etmäge taýýarlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy maglumat berýär.
Ýatlatsak, Azatlyk Radiosy dürli ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda ýaşaýan we kanun esasynda raýatlyk alyp bilmeýän adamlar, hatda maşgalasy bozulyp, çagalary bilen goňşy ýurtlara çykarylan aýallar hakynda maglumatlar berdi.
Olarda Türkmenistana daşardan, şol sanda Özbegistandan gelen gelinleriň ýa-da etniki türkmenleriň müňlerçesiniň raýatlyk alyp bilmän, onlarça ýyllap kösenişi, olaryň saglyk hyzmatlaryny almakda, okuw, iş meselelerinde, kadaly maşgala gurmakda we çagalaryna resmi dokument almakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda maglumat berildi.
Emma indi bu adamlaryň häkimiýetleriň, ozal arzyly hasaplanan, türkmen pasportyny edinmek tekliplerini ret edýändigi bellenilýär.
“Türkmenabatda, Farapda onlarça ýyllap raýatlyk alyp bimän kösenen, aglaba Sowet Soýuzy dargandan soňra Özbegistandan gelen adamlaryň ýüzlerçesi migrasiýanyň türkmen pasportyny edinmek tekliplerinden ýüz döndürýärler. Olar esasan hem geçen ýylyň aprelinde turan apy-tupandan soňra, häkimiýetleriň ilatyň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryny aradan aýyrmakda hemaýat etmändigine, ýurtdaky ykdysady ýagdaýlaryň günsaýyn ýaramazlaşýandygyna ünsi çekip, dogduk ýurtlaryna dolanmak isleýändiklerini aýdýarlar” diýip, 1990-njy ýyllaryň başynda Özbegistandan gelin bolup gelen we häzirki güne çenli türkmen raýatlygyna kabul edilmedik Patma (ady üýtgedilen – red.) habarçymyza gürrüň berdi.
Bellesek, Özbegistanda geçen ýylyň sentýabrynda ýurduň raýatlygyny almagy ýeňilleşdirmegi maksat edinýän raýatlyk baradaky kanunçylyga girizilen goşmaçalar güýje giripdi.
Prezident Şakwat Mirziýoýewiň degişli kararyna laýyklykda, Özbegistanda doglan, emma özbek raýatlygy bolmaýan ýurduň daşynda ýaşaýan adamlar, ozalky düzgünlerden tapawutlylykda, ýagny Özbegistanda azyndan bäş ýyl ýaşamak şertini berjaý etmezden raýatlyga ýüz tutup bilýärler. Şeýle-de, Özbegistanyň raýatlygyna kabul edilenleriň çagalary awtomatiki ýagdaýda özbek raýatlygyna eýe bolýarlar.
Kanuny taýdan özbek raýatlygyna geçmek isleýänler özbek dilinde aragatnaşyk gurup bilmeli; şeýle-de ýurduň kanunçylygynyň iki raýatlygy kabul etmeýändigi sebäpli, beýleki döwletiň raýatlygyndan ýüz öwürmeli.
“Adamlar karantin sebäpli ýapylan serhetleriň açylmagyna garaşýarlar. Olar eýýäm Türkmenistandan Özbegistana göçüp gitmek üçin, goşlaryny düwüp başladylar” diýip, 50 ýaşlaryndaky Patma habarçymyza gürrüň berdi.
Galyberse-de, bu ýagdaýlar ýurt raýatlarynyň hem daşary ýurtlara migrasiýasynyň derejesiniň öň görlüp eşidilmedik möçbere ýeten döwrüne gabat gelýär.
Türkmenistanyň raýatlary soňky ýyllarda okuw, iş gözläp, Russiýa, Ukraina, Belarus ýaly post-sowet döwletlerine kän göçýär. Emma türkmen migrantlarynyň esasy köpçüligi Türkiýede ornaşýar. 2018-nji ýylyň özünde Türkmenistanyň 50 müňe golaý raýaty Türkiýä göçüpdi.
Ýatlatsak, Azatlygyň döwlet edaralaryndaky çeşmeleri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde geçirilen ýapyk barlaglara salgylanyp, 2008 – 2018-nji ýyllar aralygynda 1.9 million töweregi türkmenistanlynyň hemişelik esasda ýurduň daşyna emigrasiýa çykandygyny habar beripdi.
Şol bir wagtda, ýurt raýatlarynyň köpçülikleýin daşary ýurtlara göçmeginiň barha güýçlenmeginiň arasynda, Türkmenistan, ýurduň esasy baýramçylyklarynyň öňýany, türkmen topragynda ýaşaýan adamlaryň hasabyna ýurt raýatlarynyň sanyny köpeltmäge synanyşýar.
Resmi maglumata görä, geçen ýylyň dekabrynda raýatlygy bolmadyk adamlaryň 2 müň 580 sanysy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilipdir.
Türkmenistan ýurduň daşyna çykýan raýatlarynyň gerimi barada resmi statistiki maglumatlary ilat köpçüligine äşgär etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.