Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

XIX asyr Günbatar žurnalistleriniň we syýahatçylarynyň galdyran ýazgylarynda Gökdepe söweşi


Söweş
Söweş

12-nji ýanwarda Gökdepe tragediýasyna tegelek 140 ýyl doldy.

Patyşa Russiýasynyň goşunlary bilen türkmenleriň arasynda 140 ýyl mundan ozal bolup geçen gandöküşikli söweşde patyşa goşunlary türkmenleriň iň soňky iri galasyny, häzirki Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Gökdepe galasyny syndyrdy.

“12-nji ýanwar, sowuk gyş güni biziň erkana ýaşaýşymyzyň iň soňky güni, hem türkmençiligiň mazara dykylan güni boldy. Şol elhenç günden biziň tutuş köne durmuşymyzyň harabalygynda ösüp ugran täze durmuş başlandy” diýip, türkmen intelligenti Seýitmyrat Öwezbaýew “Gönübek” atly işinde Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňini getirýär.

XIX asyr Günbatar žurnalistleriniň we syýahatçylarynyň galdyran ýazgylarynda Gökdepe söweşi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň mundan ozal Gökdepe söweşine bagyşlanan sanlarynda ony hatyralamagyň ähmiýeti barada gürrüň gozgadyk, has ozal Gökdepe söweşini hatyralamagyň ýörite senesiniň, resmi Hatyra gününiň 2014-nji ýyldan soň garaşsyz Türkmenistanyň senenamasyndan aýrylmagy, munuň arkasyndaky mümkin bolan sebäpler barada söhbet etdik.

Erkin pikirli türkmen intelligensiýa wekilleri Hatyra gününi saklap galmagyň ýaş ösdürimleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, şeýle-de, watan üçin, ar-namys üçin wepat bolan Gökdepe gerçekleriniň hatyrasyny tutmakda örän uly ähmiýete eýedigini aýdýarlar.

Bu sene Türkmenistanda tas alty ýyl bäri resmi Hatyra güni hökmünde bellenilmeýär.

Erkin pikirli türkmen intelligensiýasynyň irki tagallalary

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda 12-nji ýanwar erkin pikirli türkmen intelligensiýa wekilleriniň tagallalary bilen türkmen halkynyň arasynda Hatyra güni hökmünde giňden bellenip başlanypdy.

Türkmen taryhçylary Gökdepe söweşiniň türkmeniň taryhynda iň gandöküşikli, iň gaýduwsyz söweşleriň biri bolandygyny aýdýarlar.

Patyşa goşunlary Gökdepä birinji gezek general N. Lomakiniň ýolbaşçylygynda 1879-njy ýylyň awgust aýynda, ikinji gezek general M. Skobelewiň ýolbaşçylygynda 1880-nji ýylyň dekabrynda hüjüm edýär.

Türkmenler birinji hüjümde basybalyjylary yza serpikdirmegi başarypdyr. 23 gün töweregi dowam eden iň gandöküşikli ikinji hüjümde Gökdepe galasy syndyrylýar.

Çeşmeler

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally türkmen taryhynda bolan beýleki möhüm wakalardan tapawutlylykda Gökdepe söweşi barada ummasyz köp maglumatyň bardygyny aýdýar.

Gyrgynçylyk Rus patyşalygynyň, Türkmenistan SSR-niň hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň her haýsynyň öz taryhy çeşmelerinde mazmun taýdan başgaça şöhlelendirilýän ýaly. Ýöne söweşlere şaýat bolan ýene bir tarap bar – ol hem 19-njy asyrda türkmen topragyna syýahat eden Günbatar syýahatçylary. Olaryň arasynda Gökdepe söweşine şaýat bolan žurnalistler hem bar. Eýsem, olar öz galdyran ýazgylarynda Gökdepe söweşini nähili suratlandyrýar?

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany XIX asyr Günbatar žurnalistleriniň hem-de syýahatçylarynyň galdyran ýazgylaryndan ugur alyp, Gökdepe söweşine nazar aýlamaga synanyşýar.

XIX asyryň ikinji ýarymy hususan-da şol wagtky Orta Aziýada döwrüň iri kolonial güýçleriniň arasynda “Great Game” ýagny “Beýik oýun” adalgasy bilen syýasy taryha girdi. Şol sebäpden, synçylar şol döwrüň çeşmelerinden söweşler barada obýektiw maglumat tapmagyň aňsat däldigini aýdýarlar.

XIX asyrda rus goşunlarynyň Orta Aziýa eden harby hüjümlerini günbatarly žurnalistler ýakyndan yzarlapdyr.

I Gökdepe söweşi Günbatar neşirlerinde

Meselem, Beýik Britaniýanyň “London Magnet (The Magnet)” neşiriniň 1879-njy ýylyň 20-njy oktýabr sany german “Köln gazetiniň” (Cologne Gazette) Sankt Peterburkdaky korrespondentine salgylanyp, general Lomakiniň Gökdepä eden birinji “ekspedisiýasy” barada habar berýär.

“Ruslar bilen teke türkmenleriniň arasyndaky Gökdepe söweşi” ady bilen çap edilen habarda iňlis neşiri teke türkmenleriniň öz howpsuzlyk postlaryny ruslara garşy edermenlik we erjellik bilen gorandygyny habar berýär.

Şeýle-de neşir birinji Gökdepe söweşinde ruslaryň harby güýjüniň 5 göteriminiň ýitirilendigini aýdýar. Bu maglumata görä, birinji rus ekspedisiýasynda 337 at, 8 müň töweregi düýe ulanylypdyr, olaryň 2 müň sanysy gyrgyz düýeleri, 6 müň sanysy Türküstanyň beýleki künjeklerinden getirilen düýeler ekeni.

“Ahal teke ekspedisiýasynyň esasy obýekti syr bolmagynda galýar. Ýöne [harby] tehnikalardan hem-de ekspedisiýa gatnaşýan esgerleriň sanyndan çen tutulsa, munuň ozalky ýyllaryň ekspedisiýalary ýaly ýönekeý gözleg-barlaga niýetlenen bolmagy mümkin däl” diýip, “London Magnet” britan neşiriniň 1879-njy ýylyň 20-nji oktýabr sany “Köln gazetiniň” habarçysyna salgylanyp habar beripdir.

Birinji Gökdepe söweşi 1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda boldy. Dürli çeşmelere görä, ahal teke ekspedisiýasy üçin Rus patyşalygy 1879-njy ýylyň ýanwarynda 11 müň töweregi esgeri taýýar edipdir. “London Magnet” iňlis neşiri Birinji Gökdepe söweşi barada beren habarynda Russiýanyň “Golos” neşirine-de salgylanýar.

“Golos” gazetiniň 1879-njy ýylda çap edilen 276-njy sany Birinji Gökdepe söweşine Ahal Teke türkmenleri bilen bir hatarda maryly söweşijileriň hem gatnaşandygyny habar berýär. Habarda aýdylmagyna görä, “Golos” gazetiniň ýörite habarçysy Arçmanda bir türkmen bilen gürrüňdeş bolýar. Ol söweşe Nurberdi hanyň oglunyň Marydan birnäçe müň esger alyp gelendigini ýazýar. Dürli çeşmelere görä, Birinji Gökdepe söweşinde 3 müň töweregi rus esgeri gala hüjüm edýär.

Gepiň gerdişine maglumat üçin aýdylda, Nurberdi han 1850-nji ýylyň ahyrlarynda Ahala han saýlanýar. Ol 1855-nji ýylda Sarahs söweşine, 1858-nji ýylda Garrygala söweşine, 1861-nji ýylda Mary söweşine gatnaşypdyr. Nurberdi hanyň ogullary – Berdimyrat han, Magtymguly han we Muhammetýusup han.

Berdimyrat han Birinji Gökdepe söweşinde wepat bolýar. Nurberdi hanyň özi ikinji Gökdepe söweşiniň öň ýany aradan çykýar. Onuň ornuna Magtymguly han kakasynyň hormatyna wagtlaýyn han saýlanýar. Nurberdi han häzirki Bäherden etrabynyň Hankäriz obasynyň gaýrasynda ýerleşýän Seýitmyrat işan gonamçylygynda jaýlanýar.

II Gökdepe söweşiniň günbatarly şaýady

Britan žurnalisti Edmund O’Donowan Gökdepe söweşi döwründe, 1880-1881-nji ýyllarda, türkmen topragyna syýahat eden seýrek Günbatar žurnalistleriniň biridir. Ol ilki Eýranda bolup, soňra häzirki Türkmenistanyň çägine geçýär; ilki Ahala barýar, onuň üstünden häzirki Mary welaýatyna geçýär. O’Donowan Merwde birnäçe aý türkmenleriň arasynda ýaşapdyr.

Onuň galdyran ýazgylaryna görä, ikinji Gökdepe söweşiniň öňýany Nurberdi hanyň ogly Magtymguly han, O’Donowan entek Maşatda wagty, onuň bilen aragatnaşyga geçipdir.

“Men heniz Şahrutda wagtym, eýýäm Ahalyň hany we Gökdepäniň serdary Magtymguly han bilen aragatnaşygy ýola goýupdym. Ol meni rus içalysy hasaplamaga gaty meýilli […] Meniň hana ýazan hatyma kömek eden molla-da meni “general-maýor” diýip suratlandyrmak bilen, ýagdaýlary has-da bulaşdyrdy. Şeýlelikde, han has-da şübhelendi” diýip, britan habarçysy ýazan ýatlamalarynda aýdýar.

O’Donowan türkmenleriň özüne britan hökümetiniň wekili hökmünde-de garandygyny aýdýar.

Türkmen intelligenti Seýitmyrat Öwezbaýewiň Gökdepeden ýygnan maglumatlary britan žurnalistiniň aýdýanlaryny tassyklaýar:

“Iňlis wekili, olaryň adyndan gürlän adam (Edmund O’Donowan) ýarag kömegini berjekdiklerini wada etdi. Emma ahyryna çenli şol kömek diýilýän gelmedi” diýip, Öwezbaýew Gökdepe söweşine gatnaşan Gönübegiň sözlerini getirýär.

Britan žurnalistiniň ýatlamalaryna görä, Magtymguly hanyň ugradan wekili Maşada baryp, O’Donowan bilen görşüpdir.

“Ol men syýasy agentdir öýdüpdir we öz watandaşlarynyň bir topar isleglerini maňa ýetirdi. Ol eger-de özlerinde ýarag bolsa, hatda iň bolmanda köne ýarag hem bolsa, ruslardan gorkmazdyk diýdi. Olaryň altydan birinde-de ýarag ýok ekeni, ýöne hemmesinde diýen ýaly gylyç bar ekeni [...] Soňra maňa habar getiren öz watandaşlarynyň ruslaryň agalygyna boýun bolman, özleriniň soňuna çenli göreşmek kararyna gelendiklerini aýtdy” diýip, britan žurnalisti Gökdepe söweşiniň töweregindäki ýagdaýlar barada ýazgy galdyrypdyr.

“Men olara Angliýanyň Russiýa bilen söweşde däldigini, eger söweşde bolan halatynda-da, onuň Teke ýurduna serişde ugratmagynyň mümkin däldigini düşündirdim...” diýip, ol aýdýar.

Bu gürrüňdeşligiň özi hem türkmenleriň basybalyjylara garşy göreşmek üçin özlerine daşardan ýaran gözländigini görkezýär.

“Iň bolmanda, pul ugratsynlar!” diýip, Magtymguly hanyň wekili, britan žurnalistiniň sözlerine görä, oňa ýüzlenipdir.

“Ol gaýtjak wagty, gysga wagtyň içinde meniň bilen Gökdepede duşuşmaga umyt bildirýändigini aýtdy” diýip, O’Donowan belleýär.

“Russiýa ne Gökdepäni, ne-de Aşgabady, bir ele geçirenden soň, asla sypdyrmaz” diýip, 19-njy asyrda britan žurnalisti pikir ýöredipdir.

Ol birnäçe wagt Eýranda bolandan soň häzirki Türkmenistanyň çägine, Ahal etegine barýar.

“Biz 12-nji ýanwar güni (Grigoriýan kalendary boýunça 24-nji ýanwar) ir bilen teke düzlügine 6000 fut töweregi (takmynan 1,8 km – red.) ýokardan seredýän Marköw dagyna çykdyk, ol Gökdepeden, bolsa 12 mil (19,3 kilometr – red.) töweregi aradaşlykda ýerleşýändir. Men goşa dürbim bilen türkmen galasynyň suduryny hem-de hüjümçileriň umumy pozisiýalaryny arkaýyn görüp bilýärdim, ýöne meniň ýerleşýän ýerim jikme-jiklikleri belläp alardan gaty uzakdady” diýip, Gökdepe galasy synan güni oňa uzakdan dürbi bilen tomaşa eden britan žurnalisti ýazgy galdyrypdyr.

“Ýaraglardan çykýan tüsse-dumana we söweşijileriň hereketlerine seredip, men çynlakaý hüjümiň başlanandygyny aç-açan görüp bilýärdim we men munuň netijesini alada bilen synladym” diýip, ol galanyň synyşyny gürrüň berýär.

Ol gala synandan soň adamlaryň, şol sanda aýallaryň we çagalaryň topar-topar bolup Diňlidepeden gaçyşyny gürrüň berýär we howpsuzlyk aladalarynyň arasynda özüniň Kelteçynarda düşlemezlik kararyna gelendigini aýdýar, Tejeniň, Kakanyň üstünden geçip, Mara tarap ýola düşýär.

Uruş korrespondenti Edmund O’Donowan Gökdepe söweşinden iki ýyl töweregi soň, 1883-nji ýylda Sudana edilen bilelikdäki iňlis-müsür ekspedisiýasynda, el-Ubeýd söweşinde aradan çykýar. Ol “Irish Times”, “The Daily News” ýaly neşirlerde habarçy bolup işläpdir.

Skobelew: “Biz ýalňyşdyk!”

Amerikanyň raýat urşy döwründe “New York Herald” gazetinde habarçy bolup işlän amerikaly žurnalist, ýazyjy we syýahatçy Tomas Wallas Noks (Thomas Wallace Knox) “Waterloo-dan bäri bolup geçen aýgytly söweşler” kitabynda Gökdepe söweşi barada maglumat berýär. Kitap 1815 – 1887-nji ýyllar aralygynda dünýäde bolup geçen möhüm söweşlerden we harby hereketlerden söz açýar.

Onuň maglumatlaryna görä, General Skobelew ölmezden biraz salym öň Gökdepe söweşi barada bir dostuna şeýle diýipdir:

“Biz Krasnawodska baryp düşenimizde uly ýalňyş goýberdik: biz göni hereket etmegiň deregine, bir topar harby aňtaw işlerine biderek wagt sarp edip, haýal hereket edipdiris . Munuň netijesinde, biz türkmenlere ýuwaş-ýuwaşdan nädip söweşmelidigini öwredipdiris, şeýlelikde olar şeýle bir ussat söweşdiler welin, olary almak üçin bir topar hüjümleri amala aşyrmaly bolduk” diýip, general Skobelew aýdypdyr.

Ýöne beýleki tarapdan taryh kitaplaryna görä, türkmenler ruslar gelmezden ozal hem söweşiji halk hökmünde tanalýan ekeni.

Heýkel, hatyra we garaşsyzlyk

Russiýa general Skobelewiň hormatyna Moskwanyň merkezinde oňa heýkel dikdi. “Tripadvisor” saýtynda Skobelewiň Moskwadaky heýkelini synlamak mümkin. Heýkelde Skobelew çarpaýa galan atyň üstünde otyr. Ýöne Türkmenistanda bolsa Gökdepe şehitleriniň hormatyna ýurtda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda esaslandyrylan resmi Hatyra güni 5-6 ýyl mundan ozal milli senenamadan aýryldy. Taryhy çeşmeler, Gökdepede 22 müň töweregi türkmeniň gyrylandygyny aýdýar.

14-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally Gökdepe söweşiniň hatyrasyny tutmagyň ähmiýeti barada şeýle gürrüň berdi:

“Gökdepe galasynda bolan söweşleri, onuň ahyrky getiren netijelerini ýatlamak Türkmenistan üçin iňňän möhüm bolup durýar. Sebäbi Türkmenistan özüni garaşsyz döwlet diýip yglan etdi. Türkmenistan şu ýylyň güýzünde öz garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etjek bolýar. Eger-de biz garaşsyzlyga ähmiýet berýän bolsak, onda islesek-de, islemesek-de, Gökdepe söweşini hökman ýatlap geçmeli bolýarys. Sebäbi, türkmen topragynyň kolonial ýurda öwrülmegi hut Gökdepe galasynyň synan gününden başlapdy. Şonuň üçin hem, Gökdepede bolan söweşleri ýatlap geçmek şu günki gün Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ähmiýetiniň nä derejede beýikdigini görkezýär. Ine, şoňa laýyklykda, Gökdepe galasynyň synan gününi hatyralamak gönüden-göni şu günki garaşsyzlygyň ähmiýetini örän beýgeldýär. Eger-de biz Gökdepe galasyny unutsak, onda şu günki garaşsyzlyk diýilýän dabaranyň ähmiýeti-de peselýär”

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG