1881-nji ýylyň Gökdepe söweşinde, rus generaly D.Skobelew teke türkmenlerine örän ýowuz daraşýar. Ýigrimi günläp, Gökdepe galasyny berk gabawda saklaýar. Soňra bolsa galany partladyp, oňa zabt edýär.
Taryhy çeşmeler
Türkmeniň taryhynda ak sahypalar azlyk edenok. Alymlar munuň sebäbini “ýeterlik maglumatyň ýokdugy” bilen düşündirip gelýäreler. Gökdepe meselesinde welin ýagdaý başgaça. Gökdepe söweşi barada ummasyz köp maglumat bar. Olar esasan şaýatlaryň, şol söweşe gatnaşanlaryň galdyran maglumatlary.
Şonuň bilen birlikde, Gökdepe söweşi barada halk hakydasynda hem ençeme ýatlama saklanyp galypdyr. Bir armanly tarapy; şol maglumatlaryň köpüsi entegem arhiwlerde ýa-da kitaphanalaryň seýrek kitaplar saklanýan bölüminde durýar. Olar şindizem halk köpçüligine elýeterli däl.
Nähili-de bolsa, şol taryhy çeşmelere salgylanyp ýazylan makalalar hem kitaplar çap boldy. Ony ýeneki okap öwrejekler üçin gapylar açyk.
Ruhy gymmatlyklar
Gökdepe söweşiniň meseleleri diňe bir taryhy çeşmelerde däl, sungatda hem edebiýatda galypdyr.
Belli rus batalist hudožnigi W.W. Wereşagin Gökdepe söweşi bilen baglanyşykly kartinalar döredipdir. Ýöne Wereşaginiň takyk haýsy eserleriniň Gökdepe söweşine baglanyşyklydygy, olaryň döremeginiň sebäpleri hem şertleri barada maglamat berýan kitap ýa-da kitaplar toplumy entek göze ilenok.
Türkmen saz sungatynda bolsa “Erkeklik mukamy” hem “Gökdepe mukamy” atly örän täsirli saz eserleri ýaşap gelýär. Ol sazlar haýsy sazanda tarapyndan çalynsa-da, mydama çuňňur üns bilen diňlenilýär.
Gökdepe söweşine gatnaşan Annagylyç Mätäji “Tilkiçi” lakamy bilen birnäçe mersiýe – elegiýa ýazypdyr.
Etrek-Gürgende ýaşan Misgingylyjyň “Ahyrzaman” mersiýesi – elegiýasy şeýle başlanýar.
Eý, Huda-ýa, toba kyldym, bu ne apatdan nyşan,
El-aman, heý, el-aman, sakla belalardan aman,
Arşy-kürsi, lowh-galam, asman-zemin eýlär pygan,
Bu musulman nalyşyga ýer ýüzün aldy duman,
Arasat gopdy bu gün, mühminlere ahyrzaman.
Gökdepe söweşiniň agyr heläkçiligini beýan edýän eserler başga-da az däl. Olaryň ählisinde diýen ýaly bir umumylyk bolup, uruş näletlenýär hem ynsan hasratynyň ahy-nalasy açyk beýan edilýär.
Beýleki garaýyşlar
Şol wagtyň özünde Gökdepe söweşiniň netijelerine wajyp ýeňiş hökmünde baha berenler hem bolupdyr. Bu barada öz döwründe rus metbugaty köp zat ýazypdyr. Bu ýerde şolardan diňe birine ýüzlenmekçi.
Dünýä belli rus ýazyjysy F.M. Dostoýewskiý rus goşunlarynyň Ahalda – türkmen topragynda alyp barýan söweşlerine ýiti üns beripdir. Ol bu barada öz Gündeliginde ýazýar.
Bu gündelik köp wagtlap dolulygyna halka aýan edilmedi. Ahyry 1984-nji ýylda, “Nauka” neşirýaty F.M. Dostoýewsikiniň eserler ýygyndysynyň 30 tomlugyny çap etdi. Şol ýygyndynyň 27-nji tomunda ýazyjynyň Gündeligi ýerleşdirildi.
Oňa 1881-nji ýylyň ýanwar aýynyň ýazgylary hem girizilipdir. Onuň üçünji bölümi şeýle başlanýar.
“GÖKDEPE. BIZIŇ ÜÇIN AZIÝA NÄME?”
Gökdepe alyndy, tekeler derbi-dagyn edildi, entek ählisi boýun egmedigem bolsa, biziň ýeňşimiz şübhesizdir. Jemgyýet hem metbugat şowhun edýärler. Mundan öňräk bolsa jemgyýetde hem-de metbugatda bu işe örän parhsyz seredipdiler. Aýratynam general Lomakiniň şowsuzlygyndan soň hem-de ikinji hüjüme taýýarlanylýan wagtlarda “Aslynda ol ýer biziň nämämize gerek, ol Aziýada biziň näme işimiz bar, özümizde açlyk, difterit bar wagtynda, mekdepler ýok we gaýrylar, we gaýrylar.” Hawa, şeýle pikirler ýaýradylýardy, biz bolsa olary diňleýärdik. Eýsem hemmeler şeýle pikirdemidiler – ýok, ýok – ýöne nähilem bolsa düşünmek gerek. Biziň Aziýa hüjüm ediji syýasatymyza soňky döwürde gaty köpler ýakymsyz garaýyşda boldular.» (27 tom; 32-sah.)
Soňky ýeňiş
Ýazyjy öz Gündeliginde Gökdepedäki ýeňşiň zerurlygy barada şeýle ýazýar.
«Skobelewiň ýeňşi bilen tutuş Aziýanyň iň çet künjeklerine çenli: “Ine, ýene bir, hamana, gazaply hem boýunegmezek dindar halk ak patyşa boýun boldy” diýen gopgun gaty çalt ýaýrady. Goý, ol millionlap halklar, tä Hindistana çenli, hatda Hindistanyň özünde hem ak patyşany ýeňip bolmaýandygy we onuň gylyjynyň synmazdygy baradaky ynam össün. (…) Ol halklaryň öz hanlary, emirleri bolup biler… Goý, halyf bolsun, ýöne ak patyşa halyfyň hem patyşasydyr. Hut şeýle ynamy hem ornaşdyrmalydyrys.» (27 tom; 33-sah.)
Rus metbugaty ol aýdylanlary indi ýaşyrjak bolup durmaýar.
Hudaýberdi Hally, ýazyjy.
Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.