Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2021-nji ýylda üns berilmeli iň ýokary tehnologiýa ugurlary


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

5G ulgamynyň ýaýramagy, kibersportyň meşhurlygynyň ýokarlanmagy sosial medianyň kadalaşdyrylmagyny talap edýär – pandemiýa sebäpli tehnologiýada täze tendensiýalara bolan ösüş has çaltlaşdy. Bu ýagdaý 2021-nji ýylda we ondan soňky ýyllarda-da esasy tendensiýa öwrüler.

Hoş geldiň, 2021-nji ýyl diýsek-de, täze ýyl köp derejede 2020-nji ýyldaky ýüze çykan COVID-19 täsirleri hem-de onuň emele getiren ykdysady kynçylyklary bilen bagly bolar.

Pandemiýa biziň durmuşymyzyň ähli ugurlaryny – söwda işlerimizi, iş orunlarymyzy hem dynç alşy üýtgetdi. Bu 2021-nji ýylda tehnologiýanyň ösmegi üçin, möhüm ähmiýete eýe bolar.

Bir ýyldan hem az wagt içinde koronawirus ýer ýüzüniň ilaty üçin, düýpden başga geljegi döretdi.

Bu çalt üýtgeşmeler diňe dowam edýär, pandemiýa dünýäde öňden bar bolan ençeme tehnologiki tendensiýanyň ösüşiniň çaltlaşdyrylmagyna sebäp boldy. Pandemiýanyň üýtgemek häsiýetine jogap hökmünde, täze tehnologiýa tejribeleriniň ýaýramagy saglygy saklaýyşda, bilim we bölek söwda-satuw ýaly ugurlarda garaşylýandan has ýokarlandy.

«Iň soňky maglumatlaryň netijesine görä, iki aýyň dowamynda biz öýjükli tehnologiýany ulanyjylaryň hem işewür toparlaryň arasynda bäş ýyllyk öňe böküşi gazandyk» diýip, maý aýynda McKinsey&Company ýazdy.

Dürli ýurtlaryň ýaşaýjylary birdenkä geljekdäki şertlere düşdüler. Munuň, elbetde, internetde dezinformasiýanyň agdyklyk etmegi, awtomatizasiýa – işsizligiň ýokarlanmagy ýaly howp dörediji negatiw taraplary-da bar.

Geljek ýylyň esasy bäş trendini – meýlini görkezýäris.

Infodemiýa (köpçüligiň garaýşy)

Noýabr aýynda Pfizer we BioNTech kompaniýalary COVID-19 üçin waksinalary çykardylar, Ýewropadaky hem-de ABŞ-daky syýasatçylar bu meselede öz hukuklaryny tassyklamak üçin bäsleşip başladylar. Örän geň bolsa-da, bu habar köplerde paranoýa tutgaýyny döretdi.

Islendik sanjyma şübheli garamak täze bir hadysa däl, ýöne ýakyn wagtda geçirilmeli global-köpçülikleýin sanjym barada Internetde nädogry ýa-da galp maglumatlaryň ‘joşguny’ emele geldi – koronawirusyň ýasama ylmy beýanyndan başlap, onuň gelip çykyşy we öňüni alyş çäreleri, sanjymyň täsiri hakda nämälim teoriýalar öňe sürüldi.

Golaýda Gellap institutynyň geçiren jemgyýetçilik pikir soralyşygy ABŞ-yň ilatynyň 58% -niň sanjym etdirmäge taýýardygyny görkezdi. Fransiýada üçden biri taýýardygyny aýtdy. Russiýada sanjym baradaky şübheler häkimiýetleriň synagyň üçünji tapgyry gutarmanka Sputnik V sanjymyny giňden ulanyp başlamagy bilen baglanyşykly döräpdir. Garaşsyz Lewada Merkeziniň maglumatyna görä, ruslaryň 61%-i koronawirus baradaky resmi statistika ynanmaýar we 58% ilat sanjym etdirmek islemeýär.

«Pandemiýa wagtynda ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlarynda sosial ulgamy ulanyjylara bu ugurda kömek etmek üçin ilkinji gezek maglumatlar hasaba alnyp başlandy. Geljekde-de olar bu tejribeden yza çekiler öýdemok» diýip, The Signals Network kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, Maglumat we demokratiýa forumynda infodemika boýunça esasy çykyş ediji Delfin Hagland-Mişra aýdýar.

Internetde barlanmadyk hem ýalan maglumatlar soňky ýyllarda has köp görnüp başlady. Üstesine-de, ýalanlar hakykatdan has çalt ýaýraýar hem saýlawlaryň netijelerine, şol sanda möhüm meseleler babatynda jemgyýetçilik pikirine täsir edýär. Bu nukdaýnazardan, onlaýn platformalara moderasiýany gowulandyrmak, hökümetlerden bolsa häzirki wagtda onlaýn diskussiýalaryň köpüsiniň bolup geçýän sosial ulgamlaryny düzgünleşdirmegi güýçlendirmek talapy artýar.

Dekabr aýynda ABŞ-nyň Federal Söwda komissiýasy hem-de onlarça ştatyň baş prokurorlary Facebook kompaniýasyna garşy bu tehnologiýa ägirtiniň bölünmegine sebäp bolup biljek kazyýet işini açdylar. Ýewropa Komissiýasy bolsa iri tehnologiýa korporasiýalarynyň kadalaşdyrylyşyny güýçlendirmek we onlaýn mazmunly dolandyrmagyň düzgünlerini döretmek maksady bilen öýjükli tehnologiýa baradaky kanuny hödürledi.

«Biz 2021-nji ýylda Atlantikanyň iki tarapynda hem internet platformalarynyň çynlakaý düzgünleşdirilmeginiň ýüze çykýandygyny görüp bileris» diýip, Hagland-Mişra belleýär.

Kibersoprt ýa-da kompýuter sporty barha meşhurlyk alýar

Häzir wideo oýunlaryny dünýä ilatynyň dörtden bir bölegi oýnaýar, indi bu diňe güýmenje däl. Oýunlar häzir has sosial, bäsdeşlige ukyply boldular, oýunlar örän täsirli hem özüne çekiji hasaplanýar. Indi ol medeni hadysa hem gaty girdejili iş.

Elektron sport bazaryndaky dinamikanyň çaklamalary munuň 2023-nji ýyla çenli 1,5 milliard dollardan geçjekdigini görkezýär. Bu senagat ýolbaşçylary pandemiýadan soňra tomaşaçylaryň köpelmegine we enjamlaryň satuwynyň artmagyna bil baglaýarlar.

Mart aýynyň ahyrynda bölekleýin gadaganlyk girizilen wagtynda, Steam platformasynda bir wagtyň özünde oýnaýan oýunçylaryň sany rekord derejä, 25 milliona ýetdi. Nintendo kompaniýasynyň aksiýalary – paýnamalary 45%, meşhur Twitch hyzmatynyň akymy mart aýyndan aprel aýyna çenli 50% ýokarlandy. Halkara maslahat beriş gullugy DeLuat’yň maglumatyna görä, pandemiýa wagtynda amerikaly sarp edijileriň üçden bir bölegi wideo hyzmatyna ýa-da ‘bulutly oýun’ hyzmatlaryna ýazylypdyr ýa-da kiber, ýa-da wirtual sport çärelerine tomaşa edipdir.

Fortnite hem-de League Of Legends ýaly esasy iri platformalaryň ösmegi bilen kibersportyň tomaşaçysy artdy, bu bolsa ol pudaga maýa goýumlarynyň köpelmegine sebäp boldy. Häzirki wagtda Afrikadan başga, dünýäniň ähli sebitinde 12 hünärli liga hereket edýär, 120 topar bar we 1000-den gowrak professional oýunçy gatnaşýar. Üstesine, bu sanlaryň basym artmagy mümkin, ýakyn geljekde bolsa kibersportlar adaty sport oýunlary bilen bäsleşip biler.

5G gelýär

Internetiň tizligini hem gerimini ýokarlandyrýan täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy, her gezek innowasiýa tolkunyna sebäp bolýar. 3G tehnologiýasy mobil gurluşy internete berk ornaşdyrdy, 4G akymy wideo we aýdym-saz platformalarynyň ösüşini üpjün etdi. 5G bolsa ýene täze mümkinçilikleri açar.

5G tehnologiýasynyň döredilip başlany bäri on ýyla golaý wagt geçdi, indi mobil interneti ozal pikir edip bolmajak tizlikde işläp biler. Munuň özi täze tehnologiki trendleri durmuşa getirer – çylşyrymly öz-özüňi öwrenmek programmalaryndan, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna täsir edip biljek, kiber-medisinadan başlap, zatlaryň internetine çenli geljegiň sanly ykdysadyýetiniň esasyna öwrülip bilýän awtomatlaşdyryş we wirtual hakykata çenli ösüp biler (bu milliardlarça dollarlyk bazara bäsdeş bolup biler).

«Ýaňy ösüp başlan 5G ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär. Hususan-da, pandemiýa döwründe görşümiz ýaly, internete girmek durmuşyň hiline möhüm täsir etdi» diýip, Amerikanyň täze Howpsuzlyk Merkeziniň Tehnologiýa we Milli Howpsuzlyk maksatnamasyna gatnaşyjy Elsa Kania aýdýar.

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Huawei 5G torlaryny ösdürmekde we ýaýratmakda dünýäde öňdeligi eýeläp gelýär. Pekin bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ABŞ-nyň häkimiýetleri Huawei kompaniýasyna garşy giň çäkdäki kampaniýa başlatdy. Hytaýyň hökümetine içalyçylyk etmekde şübhelenme bildirilip, milli howpsuzlyga howp abandyrýan hökmünde gara sanawa girizildi. 5G torlarynyň ýaýramagynyň 2021-nji ýylda hem dowam etmegi ähtimal. Hünärmenler Hytaý kompaniýasynyň bäsdeşleri bolan Ericsson hem-de Nokia kompaniýalaryna has köp ähmiýet berilmegini talap edýärler.

«Maglumat geçiriş tehnologiýasynyň indiki nesliniň ähmiýeti ykrar ediler diýip umyt edýärin, munuň özi Amerikanyň sanly infrastrukturasyny öwrenmek we ösdürmek üçin, has köp maýa goýumlaryny döredip biler» diýip, Kania aýdýar.

Has uzakdan işlemek

Zähmetiň sanly öýjüklere geçirilmegi dünýäniň zähmet bazarynda uzakdan durup işlemegiň paýynyň artmagyna sebäp boldy. Şeýle-de bolsa, pandemiýa bu prosesi has çaltlandyrdy.

Karantin çäklendirmeleri tutuş Ýewropa bilen Demirgazyk Amerikada ofisleriň ýapylmagyna getirdi. Şonda işleri wideo arkaly alyp barmak adaty ýagdaýa öwrüldi. Gartner IT kompaniýasynyň geňeşçisiniň pikirine görä, 2023-nji ýylyň ahyryna çenli guramalaryň 40% çemesi uzakdan işlär, sebäbi bu çäre diňe pandemiýa bilen baglanyşykly bolman, eýsem ofisi saklamak bilen bagly çykdajylaryň azalmagy bilen-de baglanyşykly.

Pandemiýa wagtynda syýahatçylaryň sanynyň düýpgöter azalmagyndan ejir çeken köp ýurt indi «öýjükli göçüp-gonup ýörenleri» uzakdan gatnaşyga çekmegiň aladasyny edýärler hem munuň ýurtlary – ýerleri saýlamakda erkin boljakdygyny öňe sürýärler.

Estoniýa, Gürjüstan, Barbados ýa-da Bagama ýaly ýurtlar uzakdaky işçileri özüne çekmek üçin, az salgyt ýa-da arzan ýaşaýyş jaýy ýaly dürli ýeňillikli tölegleri hödürleýär.

Maýa goýumy kosmosa çykardy

Hususy kosmos syýahaty üçin 2020-nji ýyl öwrülişik ýyly boldy, sebäbi maý aýynda ilkinji gezek SpaceX kompaniýasy öz taryhynda Halkara kosmos stansiýasyna adamlary ýetirip bildi. Elbetde, munuň özi geljekde edilmeli örän uly işleriň başlangyjynda, diňe ilkinji şatlyk habarydyr; kosmos syýahatyny has aňsat hem elýeterli etmek ugrunda, köp sanly kompaniýa göreşýär.

Kosmos uçuşlarynyň başlanan döwürlerinden bäri kommersiýa maksatly kompaniýalar hem bu maksatnama gatnaşyp gelýärler, ýöne hiç haçan olaryň teklibi üns merkeziniň başynda bolmady. Iň meşhurlardan biri SpaceX kompaniýasy syýahatçylar üçin uçuşy amala aşyrmakda täze görnüşi teklip etdi, ýagny gaýtadan ulanylýan uçuş ulaglaryny – raketa göterijileri teklip etdi, ýöne teklipler diňe onuň bilen çäklenmedi. Jeff Bezosyň Blue Origin hem-de Riçard Bransonyň Virgin Galactic kompaniýalary hem kosmos syýahatçylygyny guramak üçin, döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýärler, hatda ýakyn geljek üçin Aýa uçuşlar garaşylýar. “Boeing” kompaniýasy eýýäm 2021-nji ýylda kosmonawtlary ISS-e ýetirjek “Starliner” kosmiki gämisini taýýarlamak işini alyp barýar.

Eýýäm ondan gowrak döwletiň Ýeriň golaýyndaky orbitasyna raketalary uçurmaga mümkinçiligi bar hem olaryň kosmiki niýeti örän ýokar. Şeýlelikde, hususy kosmos kompaniýalarynyň müşderi bazasy diňe öser.

«Mesele hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada barýar. Häzirlikçe raketalar esasan döwletler tarapyndan kosmosa uçurylýar, ýöne hususy kompaniýalar hem hökümetler arasyndan-da, hususy sektorlardan-da özüne müşderileri taparlar» diýip, fizika boýunça professor hem-de Florida kosmosy öwreniş institutyň direktorynyň orunbasary Joşua Koluell aýdýar.

Kosmos gatnawlarynyň köpelmegine bolan höwesiň artmagy diňe bir täze mümkinçilikleri däl, eýsem töwekgelçilikleri-de wada berýär: «Döwlet hem-de hususy kompaniýalardan köp sanly täze gatnaşyjylaryň peýda bolmagy garaşylmadyk netijeleri getirmezmi? – diýip, Koluell sorag goýýar. – Bularyň ählisiniň ýeterlik derejede gowy oýlanylandygyna ynanym ýok, ýöne bu ugry kadalaşdyrjak halkara mehanizmleri welin kän däl».

XS
SM
MD
LG