Lebap welaýatynda döwlete degişli ençeme kärhananyň işgärlerine "ykdysady krizis, maliýe ýetmezçiligi sebäpli" indi üç aý bäri zähmet haklary berilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji dekabrda Lebapdan habar berdi.
Işgärleriň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçynyň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda Lebabyň zawod-fabrikleriniň ençemesinde işleýän 1500-e golaý işgär zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenmegi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýär.
Olaryň arasynda Lebap awto-trans kärhanasynyň ýük, awtobus we taksi sürüjileri, Lebapawtoýollary gurluşyk kärhanasynyň, Lebap welaýat “Türkmenpagta” we pamyk egriji zawodlarynyň, haly fabrikleriniň, Trans gaz hojalyk edarasynyň öýlere hyzmat edýän bölümleriniň işgärleri we Obahyzmat kärhanalarynyň mehanizatorlary bar.
“Kärhanalaryň resmileri işgärleriň sentýabr, oktýabr we noýabr aýlary üçin aýlyklaryny ykdysady krizis, maliýe ýetmezçiligi sebäpli töläp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Olar edaralaryň hasabynda pul ýokdugyny hem belleýärler. Resmiler fewral aýynda aýlyklaryň beriljekdigini hem wada berýärler” diýip, agzalan kärhanalaryň birinde işleýän lebaply işgär anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Işgärleriň ençemesiniň sözüne görä, edara-kärhanalaryň resmileri bu zawod we fabrikleriň eýeçiliginiň hususy taraplara berilmegine garaşylýandygyny hem aýdýarlar, ýöne bu barada jikme-jik maglumat bermeýärler.
“Resmiler “telekeçileriň näme planlary bar we näme etjegi belli däl. Fewral aýynda kärhanalaryň ýapylmagy hem mümkin” diýýärler. Eger şeýle bolsa, onda işgärleriň aýlyksyz we işsiz galmagy hem gaty mümkin” diýip, lebaply işgär aýtdy.
Habarçynyň tassyklamagyna görä, agzalan kärhanalaryň Farap, Dänew we Çärjew etraplaryndaky işgärleri zähmet haklaryny almak üçin her gün etrap häkimligine arz-şikaýat bilen ýüz tutýarlar.
“Etrap häkimleri ellerinden gelýän zadyň ýokdugyny tekrarlaýarlar” diýip, lebaply işgär habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Işgärleriň ençemesi aýlyk haklary berilmänsoň, soňky aýlarda güzeran eklemek üçin prosentine pul karz alyp, uly bergi edendigini hem belleýär.
Şeýle-de, habarçy Lebap welaýatynyň demirýollary kärhanasynyň hem öz işgärleriniň 70%-ne golaýyny aýlyksyz zähmet rugsadyna iberendigini we olara indi 4-5 aý bäri aýlyk ýa-da maddy ýardam berilmeýändigini hem aýtdy.
“Karantin sebäpli tölegsiz zähmet rugsadyna iberilen bu işgärleriň ykbaly döwletiň ýadyna düşmeýär” diýip, bu edaranyň adynyň efirde tutulmazlygyny soran bir işgäri habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Azatlyk Radiosy lebaply işgärleriň aýlyklarynyň indi üç aý bäri berilmezligi we käbir zawoddyr fabrikleriň hususylaşdyrylmak ýa-da ýapylmak ähtimallygy barada agzalan kärhanalardan kommentariý alyp bilmedi. Bu barada Lebap welaýat we Farap, Dänew we Çärjew etrap häkimlikleri bilen hem habarlaşyp, goşmaça maglumat alyp bolmady.
Türkmenistan indi dört ýyla golaý wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Bu döwrüň dowamynda ýurtda ençeme iş ýeri ýapyldy, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesi birikdirildi, dürli edara-kärhanalarda iş orunlary kemeldildi.
Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary ençeme edara-kärhananyň öz işgärleriniň aýlyk haklaryny wagtynda töläp bilmeýändigini habar berdiler. Munuň bilen bir wagtda, pandemiýa sebäpli girizilen karantin çäklendirmeleri sebäpli ençeme kärhanada işgärleriň tölegsiz zähmet rugsadyna iberilendigi barada hem habarlar bar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary we munuň bilen bagly kärhanalaryň hem-de ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan bökdençliklerini aç-açan boýun almaýar. Muňa derek hökümet maslahatlarynda yzygiderli ykdysady ösüş sanlary getirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.