Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzlary bilen ýaşaýan jaýyndan çykarylan aşgabatly zenan prezident Berdimuhamedowa ýüzlendi


"turkmen.news" neşiriniň websaýtyndan alnan surat.
"turkmen.news" neşiriniň websaýtyndan alnan surat.

Aşgabatda howanyň temperaturasy gijelerine -3 gradusa çenli ýetýän şu günlerde gyzlary bilen ýaşaýan jaýyndan çykarylan aşgabatly zenan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlendi. Zenanyň wideoýüzlenmesi "turkmen.news" neşiri tarapyndan 16-njy dekabrda çap edildi.

"Kazyýetiň adalatlylygyna bolan ynamyny ýitiren we resmilere bil baglamaýan aýal konstitusiýanyň kepili we raýatlaryň hukuklaryny goraýjy hökmünde göni ýurduň prezidentine ýüz tutmaga mejbur bolýar" diýip, neşiriň habarynda bellenilýär.

Wideoýüzlenmede iki çaganyň ejesi Anna Kumykowa "adalatsyz tamamlanan sud işiniň netijesinde özüniň we iki gyzynyň - Selbiniň we Heseliň - 14-nji dekabrda gije köçä kowlandygyny" aýdýar.

"Men Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan prezidentine ýüzlenýärin. Men 19 ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýan jaýym babatda adalatlylygy dikeltmäge synanyşdym. Ýöne hiç zady subut edip bilmedim. Meniň emlägim we ähli goşlarym jaýyň girelgesinde dur. Howanyň temperaturasy -3 gradusy görkezýän mahaly, meniň çagalarym gijäni ulagda ýatyp geçirdiler" diýip, zenan öz ýüzlenmesinde aýdýar.

Ol mundan soňky gijelerde-de şu ýagdaýyň gaýtalanjakdygyny belläp, prezident Berdimuhamedowdan adalaty dikeldilmegi soraýar.

"Meniň bu ýerde dogan-garyndaşym ýok. Meniň hiç kimim ýok. Meniň başga ýaşajak ýerim ýok. Maňa kömek ediň" diýip, Kumykowa sözüni jemleýär.

Neşiriň 15-nji dekabrda çap eden maglumatyna görä, 2002-nji ýylda maliýe kynçylyklary sebäpli Kumykowanyň kireýine alýan jaýynyň eýeleri ondan ony satyn almagy haýyş edýärler. Kumykowa jaýyň şol wagtky eýeleri bilen gowy gatnaşykda bolany sebäpli olara hususylaşdyrylmadyk kwartiranyň puluny kwitansiýasyz berýär.

"Ähli zat 2017-nji ýylda Kumykowa kwartirany hususylaşdyryp, öz adyna geçirmek işine girişende başlandy... Jaýyň öňki eýesi (onuň elinde esasy resminama, ýagny onuň jaýda ýaşaýandygyny tassyklaýan şahadatnama bolmasa-da) 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda, bary-ýogy alty günüň içinde kwartirany öz adyna hususylaşdyrýar. Ol kazyýetiň üsti bilen Annany öýden çykarmaga synanyşýar, ýöne kazy Annanyň ýaşamak hukugyny tassyklaýar" diýip, neşir belleýär.

Maglumata görä, ýene iki sud işinden soň, öňki jaý eýesi kwartirany satyp, Russiýa gitdi. Kwartirany satyn alan ilkinji alyjy Annanyň öýden çykarylmagyny gazanyp bilmedi. Ondan soňky alyjy hat-da kazyýete-de gitmedi, jaýy derrew familiýasy Koržowa bolan bir aýala satdy.

"Anna jaýy satyn alanlaryň hakykatda rieltorlardygyna we olaryň ýönekeý jaý eýeleriniň iki çagasy bolan aýaly kazyýetde ýeňip bilmejekdigine düşünip, özüne garşydaş hökmünde bäş çagaly Koržowany getirendigine ynanýar. Netijede 2020-nji ýylyň awgustynda Berkararlyk etrap kazyýeti Koržowanyň bähbidine, ýagny Annanyň öýden çykmalydygy barada karar çykardy. Noýabr aýynda bu karar şäher kazyýeti tarapyndan tassyklandy" diýip, neşir belleýär.

Azatlyk Radiosyna bu ýagdaýlar barada Anna Kumykowanyň özi bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat almak başartmady. Bu barada Berkararlyk etrap we Aşgabat şäher kazyýetlerinden hem kommentariý alyp bolmady.

Türkmenistanda raýatlaryň kameranyň öňüne geçip, ýurduň häkimiýetlerine, şol sanda prezidentine öz arzyny aýtmagy we kömek soramagy bilen bagly ýagdaýlar seýrek ýüze çykýar.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda jaýlary hususylaşdyrmak, şeýle-de dürli sebitlerdäki hojalyk jaýlaryny ýykmak prosesiniň çäginde köp raýatlaryň ençeme ýyllap ýaşap oturan jaýyndan çykarylandygy barada soňky ýyllarda birnäçe gezek habar berdiler.

2016-njy ýylyň martynda Aşgabat şäheriniň Parahat-7 etrapçasynyň 16-njy jaýynyň 23-nji öýünde ýaşaýan Aga balaýewalaryň maşgalasy mundan 3 ýyl ozal paýtagtyň Fizkulturnaýa köçesinden jaýlary ýykylyp bu ýere göçürilendiklerini gürrüň berdi.

Şonda öý eýesi Patma daýza Azatlyga beren wideo interwýusynda jaýda jemi 14 adamyň, ýagny dört maşgalanyň ýaşaýandygyny, her maşgalanyň öz uly çagalary bilen bir otagda ýatyp-turmaly we aşhanada nobata durup nahar bişirmeli bolýandygyny, özleri üçin ipoteka jaýyň hem berilmeýändigini gürrüň beripdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylar ýurt häkimiýetlerine ýüzlenýän bu raýatlara döwlet tarapyndan kömek edilip, jaý bilen üpjün edilmegiň deregine, olaryň köplenç yzarlamalara we basyşlara, şeýle-de işden kowulmak ýaly haýbatlara sezewar bolýandygyny aýdýarlar.

Gymmatbaha gurluşyklary alyp barýan türkmen häkimiýetleri we ýurduň media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG