Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylyň Jemleri. COVID-19 ykdysadyýete güýçli zarba urdy. Ykdysadyýet 2021-nji ýylda diklenip bilermi?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Koronawirus pandemiýasy 2020-nji ýylda dünýä ykdysadyýetini sarsdyrdy. Kompaniýalar öz işjeňligini azaltmaga mejbur boldular, häkimiýetler bolsa zyýan çekenlere kömek üçin çykdajylary artdyrdy. Ykdysadyýet 2021-nji ýylda diklenip bilermi? Waksinalar nähili rol oýnar?

COVID-19 pandemiýasy ähli ýurtlaryň ykdysadyýetine agyr zarba urdy. Bilermenleriň pikirine görä, biz Ikinji jahan urşundan soňra iň agyr ykdysady krizis bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.

Pandemiýa dünýäniň ähli ýurtlaryna diýen ýaly täsir etdi. Epidemiýa duçar bolanlaryň umumy sany 63 milliondan geçdi. Dekabr aýynyň başyna çenli COVID-19 sebäpli bir ýarym milliondan gowrak adam öldi.

Dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy berk karantin çäreleri we hereket çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz boldular. Adamzat taryhynda çäklendirmeler hiç wagtda beýle derejä ýetmändi.

Käbir hökümetler kompaniýalara, maşgalalara we iň ejiz topardakylara ummasyz maliýe goldawyny bermäge synanyşdy. Umuman aýdylanda, käbir maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri bu maksatlar üçin takmynan 12 trillion dollar sarp edildi.

Şeýle-de bolsa, döwlet býujeti pandemiýa döwründe ykdysadyýeti pese gaçmakdan, käbir ýagdaýda bolsa işewür toparlaryň kärhanasynyň çökmeginden, syýahat pudagynyň dargamagyndan, üpjünçilik işleriniň bozulmagyndan halas edip bilmedi. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) hasabatyna görä, jemi içerki önümiň garaşylýan aşaklamagy 4,5% bolup biler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň (UNCTAD) noýabr aýynyň ahyrynda mälim eden hasabatynda, bu krizisiň ýene 130 million adamy garyplyga iterjekdigi we deňsizligi hem-de sosial goragy hasam erbetleşdirip biljekdigi duýduryldy.

Ençeme goşmaça nämälimligi pandemiýanyň ikinji tolkuny getirdi. Ol 2020-nji ýylyň soňky aýlarynda Ýewropa döwletlerine, Amerika hem dünýäniň beýleki ýurtlaryna ýaramaz täsir etdi.

Krizisiň gerimi hem-de çuňlugy göz öňünde tutulsa, 2021-nji ýylda ykdysady ösüşiň ähtimallygyny çaklap bolarmy?

Sanjymlar kömek edermi?

Bilermenleriň ählisi diýen ýaly ykdysady dikeldiş meselesi sanjymlaryň netijeliligine bagly bolar diýen pikirde. Häzirki wagtda Günbatarda ol sanjymlaryň üç görnüşi: Pfizer/BioNTech kompaniýasynyň, Moderna hem-de AstraZeneca Oksford waksina kompaniýasynyň önümi bolan sanjymlar iň meşhurlary saýylýar. Pfizer/BioNTech we Moderna sanjymlarynyň kliniki barlaglarynyň soňky synaglary 90% -den gowrak täsir edýändigini görkezdi. Sanjymlary hasaba almak çaltlaşdyrylan prosedura eýerýär. Angliýa 2-nji dekabrda Pfizer-BioNTech sanjymynyň hasaba alnandygyny habar berdi. Russiýa COVID-19 sanjymyny tassyklan dünýäde ilkinji ýurt boldy, ýöne halkara ylmy jemgyýetçiligiň köpüsi Sputnik-V waksinasynyň hasaba alnyş mehanizminiň aç-açanlygyny şübhe astyna aldy.

Waksinalaryň tiz wagtda bazarlara çykarylmagy ýakyn geljekde ykdysadyýetiň kadalaşmagyna umyt baglamaga mümkinçilik döredýär. Şeýle-de bolsa, bilermenler waksinalaryň köpçülikleýin önümçiligiň we sanjymyň üpjün edilmeginiň çylşyrymly maddy-tehniki kynçylyk döredip biljegine alada edýärler.

Mysal üçin, Pfizer kompaniýasy noýabr aýynyň başynda şu ýyl 50 million dozany öndürjekdigini aýtdy, bu 25 million adama sanjym ediler. Pfizeriň sanjym önümçiligi 2021-nji ýylda 1,3 milliard dozada ýeter.

Ýöne dünýäniň ilatynyň takmynan 7,5 milliard adamdygyny göz öňünde tutsak, bu kän san däl.

Örän iri UBS maýa goýum holdinginiň ýolbaşçysy Akel Weber 11-nji noýabrda sanjym bilen hem ykdysady dikelişiň çalt bolmajakdygyny aýtdy.

«Krizisden öňki jemi içerki önüm (JIÖ) derejesine dolanmak üçin, azyndan bir ýyl gerek bolar. Krizisden öňki işsizligiň we ykdysady ösüşiň derejesine ýetmek üçin, ýene-de bir ýa-da iki ýyl gerek bolar, şoňa görä dikeldiş prosesi gaty uzaga çeker» diýip, Weber CNBC bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

18-nji noýabrda Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa boýunça sebitleýin direktory Hans Kluge ABŞ-yň ýene bir gezek pandemiýanyň merkezinde bolandygyny aýdanda, täsirli bir söz getirdi. Kluge: «Tümlügiň aňyrsyndan yşyk görünýär, ýöne biziň alnymyzda agyr ýarym ýyl bar» diýdi.

Dikeldiş hemmeler üçin bolmazmy?

COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýetirilen zyýanyň derejesini göz öňünde tutsak, onuň öwezini doly dikeltmek üçin mümkinçiligiň örän azdygyny UNCTAD aýdýar.

UNCTAD-nyň 19-njy noýabrdaky hasabatynda aýdylyşyna görä, ykdysady täsir “esasanam iň garyp we iň ejiz sosial toparlaryň arasynda uzak wagtlap duýlar”. Şeýle hem, ol dokladda dünýädäki garyplyk derejesiniň 1988-nji ýyldaky Aziýa maliýe krizisinden bäri artýandygy bellenýär.

«Wirus dünýä ykdysadyýetiniň esasy arteriýalary boýunça serhetlerden çalt geçmegi başardy. Bu globallaşmagyň gowşak tarapy boldy. Pandemiýa dünýä ykdysadyýetine zarba urdy, ol iň gowşak sosial toparlara has agyr degdi» diýip, UNCTAD-nyň baş sekretary aýtdy.

Waşingtondaky Halkara Maliýe Institutynyň baş ykdysatçynyň orunbasary Elina Rybakowa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu pikir bilen ylalaşdy: "Ösýän bazarlar hereketiň çäklendirilmegine, ykdysady gatnaşyklaryň kesilmegine, söwda, syýahatçylyk we pul geçirmelerine aýratyn täsirli bolýar" diýip, ol belledi.

COVID-19 pandemiýasy diňe bir halkara derejesinde däl, aýratyn alnan bir ýurduň içinde-de adamlaryň maddy-hal ýagdaýyndaky tapawudy artdyryp biler.

Mysal üçin, “Bloomberg” agentliginiň habaryna görä, Kreml Russiýanyň sebit häkimiýetlerine pandemiýa bilen baglanyşykly saglygy goraýyş we beýleki sosial çykdajylary ýokarlandyrmak üçin, karz almagy maslahat berýär. 2020-nji ýylda şeýle karzyň nol bolandygyna garamazdan, geljek ýyl arassa karz mukdarynyň 400 milliard rubla (5,3 milliard dollar) ýetmegine garaşylýar. Bular Russiýanyň Milli karz baha beriş gullugynyň (NKR) maglumatlary.

Russiýanyň sebitlerindäki obligasiýalar bilen iş salyşýan Transfingroup portfeliniň dolandyryjysy Stanislaw Ponomarew: "Güýçli sebitler peýda görerler, ejizler hasam garyp düşer" diýdi.

Hytaý güýçlenermi?

Pandemiýa ejizleriň ýagdaýyny erbetleşdirer, güýçlüleriň ýagdaýyny bolsa gowulaşdyrar – bu iň bolmanda ykdysady babatdan şeýle bolar.

Koronawirusyň ilkinji aýan edilen ýeri Hytaýda ykdysady ösüş eýýäm hasaba alyndy.

Öz möçberi boýunça dünýäde ikinji orunda durýan ykdysadyýet iýul-sentýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,9% ösdi. Bu çak edilen ösüşden 5,2% az, ýöne Hytaýyň jemi içerki önüminiň (JIÖ) dinamikasy ony COVID-19-dan ykdysady dikeldişiň başynda goýýar.

5% töweregi ösüş – munuň özi pandemiýanyň ýüze çykmagy bilen 2020-nji ýylyň başynda özüni çöken pesligiň fonunda gören Hytaýyň ykdysadyýeti üçin görlüp-eşidilmedik ösüşdir.

2020-nji ýylyň birinji çärýeginde tutuş ýurt boýunça zawodlaryň ýapylmagy bilen Hytaýyň ykdysadyýeti 6,8% azaldy. Bu, Hytaýyň ykdysadyýetinde 1992-nji ýyldan soňky her çärýekde statistika ýöredilip başlandan bäri ilkinji pese gaýdyşlyk bolupdy. Analitikleriň pikiriçe, pese gaçmakdan ösüşe geçiş gaty berk karantin düzgünini girizen we soňra önümçiligi höweslendirmek üçin çäreleri gören häkimiýetleriň üstünlikli syýasatyny görkezýär.

Işçiler kynçylyk çekerler

Pandemiýa işçilere hem-de gullukçylara dürli derejede zarba urýar.

«Ofis işgärleri öz aşhanasynda ýa-da ýatylýan otagynda, azyndan, bölekleýin oturyp işlemeklerini dowam etdirýärler, ozal ofisiant, edara jaýlaryny arassalaýjy ýa-da satyjy bolup işleýänler çetden bir ýerden täze iş ornuny gözlemeli bolarlar» diýip, Britaniýanyň The Economist žurnaly ýazýar.

BMG-nyň Halkara Zähmet Guramasynyň hasabatyna görä, 2020-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda dünýädäki iş wagty 11,7% azaldy, bu 323 million hemişelik iş onuna barabardyr. Iş wagtynyň gysgalmagy girdejiniň 3,5 trillion dollar azalmagyna ýa-da global jemi içerki önümiň 5,5% peselmegine sebäp boldy.

2021-nji ýylda Zähmet bazarlarynyň özüni alyp barşy esasan pandemiýa we hökümet çärelerine bagly bolar.

Halkara Zähmet Guramasynyň analitigi Stiw Kapsos: "Karantin çäreleriniň wagtyndan öň ýeňilleşdirilmegi dünýäde pandemiýanyň dowam etmegine we zähmet bazaryndaky ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolup biler, şonuň üçinem saglyk, ykdysadyýet we durmuş syýasaty babatynda çäreleri deňagramlaşdyrmak möhüm. Häkimiýetleriň alnynda ýeňil bolmadyk, kynçylykly mesele durýar, işsizligiň derejesi ýokarlanmaz ýaly, garyplyga, sosial taýdan bölünişigiň artmagyna garşy býujet serişdelerini tapmaly bolarlar" diýdi.

Haýsy faktorlara seretmeli

OECD 2021-nji ýylda global jemi içerki önümiň 5% ösjekdigini çaklaýar. Muňa garamazdan, bu "koronawirusyň täze ýaýramagynyň ähtimallygy, karantin çäreleriniň we çäklendirmeleriniň berjaý edilişi, sarp edijiniň hem-de işewürleriň geljege bolan ynamy, hökümetiň goldawynyň geriminiň telekeçiligiň zerurlyklaryna näderejede laýyk geljekdigi" ýaly birnäçe faktorlara bagly bolar.

Häkimiýetler kyn çözgütler bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: ‘haçan önümçilik meselesine goşulmaly we haçan yza çekilmeli hem-de bazaryň özbaşdak işlemegine ýol bermeli diýen meseleler durýar’ diýip, Elina Rybakowa hasaplaýar.

«Ykdysadyýetiň öçüşine mümkinçilik berýän, ýöne onuň tebigy ösmegine päsgel bermeýän, deňagramlylygy saklaýan çäräni tapmaly. Käbir pudaklar öňki ýagdaýyna gaýdyp gelmezler; ýöne özbaşdak iş ýöredip bilmeýän kompaniýalary emeli diklemekden gaça durmaly» diýip, Rybakowa aýdýar. Rybakowanyň pikirine görä, dikeldiş işi uzaga çeker.

«Waksinanyň näderejede çalt geçýändigine, şeýle hem her bir takyk ýurtda pandemiýa ýagdaýyna baglylykda, hökümetler 2021-2022-nji ýyllarda umumy maliýe goldawyny kem-kemden azaldar, muňa derek has takyk çärelere – işsizlik boýunça kömek we işçileri ýaňadan taýýarlamak ýaly has maksatly çärelere ünsi jemlär – diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. – Şonda-da köp ýurtlara 2020-nji ýylyň pandemiýadan öňki ösüş depginine ýetmek üçin, ençeme ýyl gerek bolar».

XS
SM
MD
LG