Türkmenistanda koronawirusa täze ýolugýanlar barada barha köpelýän habarlaryň arasynda, Aşgabatda “Polimeks” türk kompaniýasynyň öňki binasynda ýerleşýän karantin merkezi näsaglary gaýtadan kabul edip başlady. Awgustyň ortalarynda näsaglary kabul etmegi bes eden bu merkezde iň ýönekeý şertler, medisina serişdeleri we enjamlary ýetmezçilik edýär. Mary welaýatynda koronawirus alamatlary bilen keselleýänler we ondan heläk bolýanlar köpelýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 9-njy dekabrda Aşgabatdan we Marydan habar berdiler.
Paýtagtdaky bu merkezde işleýän saglyk işgärleriniň we näsaglaryň garyndaşlarynyň habarçymyza aýtmagyna görä, şu günler bu merkez COVID-19 alamatlary bilen ýüz tutýan hassalardan hyryn-dykyn doly.
"Koronawirus alamatlary bilen keselleýänleriň köpelmegi bilen bagly, üç aý çemesi arakesmeden soň, bu merkez hassalaryň uly göwrümini gaýtadan kabul edip başlady" diýip, aşgabatly saglyk işgärleriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Türkiýäniň "Polimeks" kompaniýasynyň öňki ofislerinde ýerleşýän karantin zonasy barada Azatlygyň habarçylary ilkinji gezek 6-njy iýulda habar beripdiler we 17-nji awgustda onuň näsag kabul etmegi bes edendigi mälim bolupdy. Şonda habarçylarymyz munuň Aşgabatda, hamala, keseliň selçeňleşmegi bilen düşündirilýändigini, aslynda welin bu ýagdaýyň merkezde zerur derman serişdeleriniň ýetmezçiligi bilen baglanyşyklydygyny aýdypdylar.
Saglyk işgärleriniň we hassalaryň hossarlarynyň sözlerine görä, bu ýerdäki ýaşaýyş we iş şertleri heniz-de elhenç bolmagynda galýar we näsaglar hem-de lukmanlar suw, ýyladyş ulgamy ýaly iň möhüm zerurlyklar bilen hem üpjün edilmeýär.
"Bu ýerde ýyladyş ulgamy işlemeýändigi sebäpli gaty sowuk, şert ýok, suw ýok. Hatda lukmanlar hem gyş eşiklerinde ýöreýärler. Iň ýönekeý dermanlar hem ýok. Dermanlar beýle-de dursun, lukmanlar näsaglardan "näme üçin termometr getirmediň?" diýip soraýarlar" diýip, bu wakalara şaýat bolan aşgabatlylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Beýleki bir habarçymyz karantin merkezinde 80 sany kampyň bardygyny we olaryň her birinde koronawirus alamatlary bilen kesellän 20-30 adamyň bejergi alýandygyny habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, raýatlar näsaglar üçin iýmitleri merkeziň derwezesindäki garawula berip bilýärler. Garawullarda her bir kampda işleýän şepagat uýalarynyň telefon belgileri bolup, olar öňünden şepagat uýalaryna jaň edýärler we iýmiti şol kampyň gapysyna çenli eltip berýärler.
Bu merkezde, habarçymyzyň sözüne görä, paýtagtdaky hassahanalaryň we klinikalaryň lukmanlary hem-de şepagat uýalary 15 gije-gündizläp nobatyna işlemäge mejbur edilýär.
Galyberse-de, näsaglaryň we olaryň dogan-garyndaşlarynyň ençemesi merkezdäki medisina işgärleriniň hünär derejesiniň "gaty pesliginden" şikaýat edýärler.
"Köp adam bu merkezi “gonamçylyga barýan ýolda geçirip ýüklenýän punkt" diýip atlandyrýar. Häzirki aýylganç ýagdaý lukmanlaryň 30 ýyllap kemsidilmeginiň we bilimdäki korrupsiýanyň netijesidir" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada merkeziň özünden hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.
Bellesek, Aşgabatdaky karantin merkeziniň näsaglary gaýtadan kabul edip başlandygyny "Turkmen.news" neşiri hem habar berdi. Neşir öz çeşmelerine salgylanyp, 8-nji dekabrda çap eden maglumatynda koronawirus alamatly keselçiligiň - iň bolmanda Aşgabatda we Daşoguzda - köpelýändigini aýdyp, bu merkeziň gaýtadan işläp başlandygyny belledi.
Bu aralykda, Azatlygyň Marydaky habarçysy häzirki wagtda welaýatda koronawirus epidemiýasynyň dowam edýändigini aýdyp, COVID-19 alamatlary bilen keselleýänleriň we ondan heläk bolýanlaryň barha köpelýändigini habar berýär.
Näsaglaryň garyndaşlarynyň we saglyk işgärleriniň habarçymyza aýtmagyna görä, Murgap etrabynda wirus ýokuşan adamlar kän. Baýramaly etrabynda her gün 3-4 adam ölýär. Sebitdäki ýokanç keseller hassahanasynyň her birine günde 10-20 adam kabul edilýär.
"Ölümler köp. Mary etrabynda lukmanlaryň köpüsine wirus ýokuşdy, hatda her iki lukmandan biri wirus bilen göreşýär hem diýip bolar" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran maryly saglyk işgäri habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda ähli lukmanlardan "Grippferon" we "Arbidol" ýaly dermanlary içmek hem talap edilýär. Bu dermanlaryň bahasy günsaýyn ýokarlanýar. Häzir "Grippferonyň" 1 çüýşesi 200 manatdan, "Arbidol" dermany 400 manatdan satylýar.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Mary welaýat häkimliginden we saglyk bölüminden goşmaça maglumat alyp bilmedi.
Bu aralykda, "Turkmen.news" neşiri Daşoguz welaýatynyň Akdepe obasynyň 42-nji mekdebiniň bedenterbiýe mugallymynyň COVID-19 bilen baglanyşykly saglyk näsazlyklary sebäpli aradan çykandygyny habar berýär.
"Takmynan 60 ýaşyndaky Rozumbaý Döwletow 1-nji dekabrda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli işden boşadylmagyny haýyş etdi. Şondan soň ol "dümew üçin" güýçli dermanlary içýär, ýöne onuň ýagdaýy has-da erbetleşýär. Keseliň dördünji güni onuň öýüne wentilýator enjamy getirildi. Emma bu oňa kömek etmedi. 7-nji dekabrda mugallym aradan çykdy" diýip, neşir welaýat bilim bölümindäki anonim çeşmesine salgylanyp habar berdi.
Azatlyk Radiosyna bu maglumaty öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.
Türkmenistanda koronawirusa täze ýolugýanlar we ondan heläk bolýanlar barada maglumatlaryň köpelýändigine garamazdan, türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň basyndan bäri ýurtda wirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlap gelýärler.
Şol bir wagtda-da, türkmen hökümeti ozal girizilen çäklendirmeleriň möhletini 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyp, maska režimine gözegçiligi hem yzygiderli güýçlendirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.