Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda aliment, ýagny maşgala agzalarynyň biriniň kanunda bellenilen halatlarda beýlekilerini ekläp-saklamak üçin tölemäge borçly bolan serişdelerini wagtynda tölemedik erkekleriň suratlary, aşagyna ‘kesmsidiji’ sözler ýazylyp, köpçülikleýin ýerlerinde asylyp başlandy. Azatlygyň sebitdäki habarçylary munuň ýerli kazyýetiň başlangyjy we polisiýanyň gözegçiligi astynda amal edilýändigini aýdýarlar.
“Aliment töleglerini tölemedik erkekleriň A4 formatly suratlary söwda merkezleriniň öňünde asylýar. Suratlaryň aşagynda uly harplar bilen bu adamlaryň at-famililýasy, şeýle-de olaryň öz çagalaryna seretmeýändigi, olary ýazgarmalydygy barada ýazgylar ýerleşdirilýär. Bularyň adamlaryň mertebesini kemsidýändigine garamazdan, polisiýa olary aýyrmaga rugsat bermeýär” diýip, Azatlygyň atlandyrylmasyzlygyny soran habarçysy 19-njy oktýabrda gürrüň berdi.
Habarçy bu görnüşli suratlary asylan erkek kişileriň ençemesi bilen söhbetdeş bolmaga başardy. Söwda merkezleriň biriniň öňünde suraty ýerleşdirilen, efirde özüni Hudaýberdi atlandyrylmagyny soran 40 ýaşlaryndaky bir erkek kişi ýurtda eýýäm ençeme ýyllap dowam edýän ýiti ykdysady krizis sebäpli, girdeji çeşmelerinden mahrum galandygyny, aliment tölegleri bilen birlikde, gündelik çörek puluny tapmagyň hem aladadygyny belledi.
“Häkimiýetler bu hereketleri bilen aliment töleglerini töletmegi maksat edinýän bolsalar, ilki bilen adamlaryň gün-güzeranyny düzeltsinler. Koronawirus sebäpli girizilen hereket çäklendirmelerinden soň, Aşgabada gidip gazanç etmek mümkinçiligi hem kesildi. Ýaşaýan sebitimizde iş ýok. Gündelik iýjek çöregimizi tapmaýarys” diýip, Hudaýberdi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 144-nji maddasyna görä, aliment çaganyň ata-enesiniň birinden her aýda şu möçberde tutulyp alynýar:
- bir çaga üçin - girdejiniň dörtden biri;
- iki çaga üçin - girdejiniň üçden biri;
- üç we şondan köp çaga üçin - girdejiniň ýarysy.
Bu aralykda, Hudaýberdi aliment tölegleri wagtynda tölenmedik halatynda, munuň üçin kanunda degişli temmileriň göz öňünde tutulandygyny, häkimiýetleriň adamlaryň suratlaryny köpçüligiň öňünde asyp, olaryň mertebesini kemsitmäge haklarynyň ýokdugyny hem nygtady.
Şol bir wagtda, Hudaýberdi bu barada aç-açan arz-şikaýat etmekden saklanýandygyny hem sözüne goşdy.
“Ilki bilen arzyňa gulak gabartjak bolup duran ýok. Polisiýa 15 gije-gündiz tussag etmek bilen haýbat atýar. Üstesine-de, sentýabrdan başlap polisiýa alimentleri wagtynda tölemedik erkekleri ýygnap, mejbury pagta ýygymyna çekip başlady. Olar her 1 kg pagta 20 teňňe töleg kesgitläp, 400 manat toplanýança pagta ýygdyrdýarlar. Bu her günde 40 kg pagta toplananda, 50 gün çemesi mejbury işlemelidigini aňladýar. Şu ýyl Darganatada hasyl pes, irden 8-den gije 19-a çenli işläniňde-de, 15 kg-dan artyk toplamak mümkin däl” diýip, bu ýagdaýlardan habarly Hudaýberdi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilýän ýagdaýlar boýunça Lebap welaýat we Darganata etrap häkimliklerinden, şeýle-de degişli kanun goraýjy edaralaryndan hiç hili maglumat alyp bilmedi.
Bellesek, Azatlyk şu ýylyň başynda Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar we işsizlik bilen baglylykda, Lebapda, hususanda Köýtendag we Kerki etraplarynda ýaş maşgalalaryň arasynda aýrylyşmak hadysalarynyň köpelýändigi, çagalary üçin alimenti töläp bilmeýän adamlara-da has köp duş gelse boýlandygy barada maglumat beripdi.
Soňky ýyllarda ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň, azyk önümleriniň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň hem-de gytçylygynyň, iş orunlarynyň kemeldilmeginiň fonunda, ýaşaýyş oňşugy kynlaşýan, şeýle-de zir-zibil dörýän, dilegçilik edýän adamlaryň barha köp göze ilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary dowamly habar berýärler.
Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.