Türkmenistanda sowet döwründen gelýän “propiska”, ýagny ýaşaýan ýeriňde ýazga durmak düzgüniniň raýatlaryň ýurduň islän ýerinde ýaşamak, işlemek hukuklaryny, hereket azatlygyny çäklendirýändigi baradaky maglumatlar bilen bir hatarda, munuň maşgalalaryň durmuşyna hem oňaýsyz täsir ýetirýändigi, ýalňyz galan ejeleriň adalat ugrundaky ymtylmalaryna böwet bolýandygy bellenilýär.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Farap etrabyna welaýatyň beýleki künjeklerinden gelin bolup gelen aýal-gyzlaryň indi bäş ýyldan gowrak wagt bäri ýazga durup bilmän kösenýändiklerini aýdýar.
“Adamlaryň ýazga durmak synanyşyklary netije bermeýär, arz-şikaýatlary hem diňlenmeýär. Bu sebäpli toýdan soň ýaş maşgalalar resmi nika şahadatnamasyny hem alyp bilmeýärler. Çaga dünýä indende-de, köp halatlarda bäbege ejäniň familiýasy berilýär” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz 8-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Ol ýazga durmak üçin ýüz tutýan adamlaryň dürli býurokratik päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, bu ýagdaýlaryň parahorlyga, korrupsiýa hem ýol açýandygyny belleýär.
“Ýazga durup bilmek üçin ‘ýokarda’, ýagny ýokary derejeli wezipede işleýän bir tanşyň bolmaly ýa-da ‘gara bazaryň’ nyrhy boýunça 1,000 dollar – 25,000-30,000 manat – möçberinde para bermeli” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Bu ýagdaýlar sebäpli soňky bäş ýylyň dowamynda Farapda ýurduň beýleki sebitleriniň ýaşaýjylary bilen maşgala guran raýatlaryň aglabasynyň resmi bolmadyk “din nikasyny gyýdyryp” ýaşaýanadygy aýdylýar. Şol bir wagtda-da, munuň soňy bilen maşgala durmuşynda, hususan-da aýallar babatynda dürli kynçylyklary dörendýändigi bellenilýär.
“Hojalygyň içinde düşünişmezlik ýüze çyksa, erkekler ‘talak’ diýip, maşgalany birtaraplaýyn bozýarlar, aýrylyşýarlar. Nikanyň resmileşdirilmedigi üçin, erkeklerden hiç bir kanuny jogapkärçilik talap edilmeýär. Şeýle ýagdaýlarda ejeler çagalary bilen ýeke galýarlar, aliment töleglerinden hem mahrum bolýarlar” diýip, ýerli ýuristleriň biri bilen söhbetdeş bolan habarçymyz gürrüň berdi.
“Perzendi bilen ýalňyz galan bu ýagdaýdaky aýallaryň DNK, ýagny gan testleri arkaly erkegiň çaganyň biologiki atasydygyny tassykladyp, ony jogapkärçilige çekip bilmegi üçin hem mümkinçilik göz öňünde tutulmadyk. Iş ýüzünde, adatça, bu ýagdaýdaky aýallaryň adalaty gazanmak mümkinçilikleri gaty çäkli” diýip, ýerli türkmen ýuristi sözüne goşdy.
Ýokarky ýagdaýlar dogrusynda Lebap welaýat we Farap etrap häkimliklerinden, şeýle-de degişli kanun goraýjy edaralaryndan hiç hili kommentariýa almak başartmady.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistanda ýaşaýan ýeriňde ýazga durmak düzgüni, raýatlaryň diňe bir islän ýerinde ýaşamak we işlemek hukuklaryny çäklendirmän, eýse ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän döwri adamlaryň käbir künjeklerdäki döwlet dükanlarynda söwda etmek we pullaryny bankomatlardan nagtlaşdyrmak mümkinçiliklerini hem çäklendirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.