Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ýaşululary gutlap, olara ýaşaýyşlarynyň 'gowulanýandygyny' aýtdy


Dabara gatnaşýan ýaşulular. Arhiw suraty
Dabara gatnaşýan ýaşulular. Arhiw suraty

Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurtda 1990-njy ýyllaryň başynda köpelip başlan işsizlik dynç alşa çykan adamlary köplenç öz alýan ujypsyzja pensiýalaryny hem agtyklary bilen paýlaşmaga, ömürleriniň soňky ýyllaryny mätäçlikde geçirmäge mejbur etdi.

Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli ýurduň "ýaşuly nesillerine we halkyna" gutlag çap edip, olara döwrebap şäherleri, sport toplumlaryny, ...howa menzillerini gurmakda nusgalyk işleriň edilýändigini gürrüň berdi.

Şeýle-de gutlagda hökümetiň raýatlaryň "durmuş taýdan goraglylygyny yzygiderli berkidýändigi", "ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrýandygy" aýdylýar, ýöne ýaşulularyň pensiýalary, olara pandemiýa döwründe döwlet tarapyndan berilýän goldaw hakynda hiç bir zat aýdylmaýar.

Türkmenistanly ýaşulular bu ýyl 1-nji oktýabrda bellenilýän Halkara ýaşulular gününi pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli has agralan durmuş-ýaşaýyş şertlerinde garşy alýarlar.

Azatlyga gelip gowuşýan maglumatlara görä, türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky keselçilik ýagdaýlary barada doly maglumat bermezligi, saglyk pudagyndaky agyr ýagdaý, üstesine aýlyk, pensiýa tölegleriniň çalt depginde gymmatlaýan durmuş bilen deňeşdirilende juda az bolmagy dynç alşa çykan we öz saglygyna seretmeli adamlary barha kän goragsyz ýagdaýa salýar.

Syzyp çykan maglumatlar Türkmenistanda resmi taýdan tassyklanmaýan ýokanç keselden ýa onuň gytaklaýyn ýetirýän täsirlerinden ölýän adamlaryň köpelendigini tassyklaýar.

Saglyk ekspertleriniň aýtmaklaryna görä, koronawirus pandemiýasy hususan-da ýaşuly adamlar, ol ýa-da beýleki keselden, beden gowşaklyklaryndan ejir çekýän raýatlar üçin uly saglyk töwekgelliklerini döredýär. Emma türkmen hökümeti ilaty şu we beýleki maglumatlar bilen üpjün etmegiň deregine, ýüzärlik tütetmek, burçly unaş içmek, sazak pürini we külüni em edip ulanmak ýaly ylmy taýdan esassyz emleri wagyz etdi.

Munuň üstesine, pandemiýa aladalary astynda serhetleriň ýapylmagy, azyk önümleriniň, zerur dermanlaryň gytalmagy we gymmatlamagy hem ýaşuly adamlar üçin goşmaça urgy boldy.

Türkmençilik däplerine görä, ýaşuly adamlar esasan öz çagalary bilen bile ýaşaýarlar. Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurtda 1990-njy ýyllaryň başynda köpelip başlan işsizlik dynç alşa çykan adamlary köplenç öz alýan ujypsyzja pensiýalaryny hem agtyklary bilen paýlaşmaga, ömürleriniň soňky ýyllaryny mätäçlikde geçirmäge mejbur etdi.

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň, "goý, ogul-gyzlary eklesin" diýip, on müňlerçe adamyň pensiýa puluny azaltmagy ýa-da düýpden kesmegi bolsa, ýeke ýaşaýan gartaşan adamlar üçin uly betbagtçylyga aýlandy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda prezident bolanyndan soň, ilkinji nobatda pensiýa reformasyny yglan etdi we hatda işlemedik ýa işländigi barada dokumentleri bolmadyk raýatlara hem pensiýa bermek kararyna geldi.

Türkmenistanly synçy Döwlet Hojamedowyň 2010-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda ýazmagyna görä, öňki prezidentiň ýatyran pensiýalaryny dikelden täze prezident "ähli pensionerler tarapyndan alkyşa mynasyp boldy".

Şonda synçy ömrüne iş diýip edara gapysyny açyp görmedik we kolhoz meýdanynda eline pil alyp görmedik adamlara hem "pensiýa berlilýändigini" belledi.

Şol wagt berlen iň pes pensiýalar ýigrimi amerikan dollaryna barabar bolup, zähmete ukyby bolmadyk adamlar - pensionerler üçin az pul däldi we, ýerli synçynyň tassyklamagyna görä, "ýol puly, azrak hem bolsa geýim-gejim, iýmit puly" bolýardy.

Ýöne bu ýurtdaky pensiýa problemasynyň çözülendigini aňlatmaýar we pensionerler on ýyl mundan öňem pensiýa almak üçin sagatlap nobata durýardylar we şu wagtam şeýle. Bir tapawudy, indi pensiýalary nagtlaşdyrmak problema, durmuş has gymmat we gartaşan adamlar, sosial aralygy saklamaly şertlerde, özlerini we başgalary saglyk töwekgelligine salyp, uly nobatlara goşulýar diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

AÝ/AR-nyň 2015-nji ýylyň noýabryndaky maglumatlaryna görä, türkmenistanly ýaşulular öňki sowet ýurtlarynyň arasynda iň pes pensiýaly adamlar bolup, olaryň alýan pullary ýaşaýyş üçin zerur bolan iň az girdejiden hem birnäçe esse az bolup durýar.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistan resmi taýdan tassyklanmadyk ýokanç keseliň döreden kynçylyklary bilen baglylykda ilata degerli kömek bermedik ýurtlaryň biri bolup, iki palataly parlament döretmek arkaly, ýaşuly adamlary syýasatda ulanmagyny has-da güýçlendirýär diýip, ýerli synçylar belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG