Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Maryda energiýa tygşytlamak programmasyny tassyklady


Prezident Berdimuhamedow Mara sapar etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:32 0:00

Prezident Berdimuhamedow Mara sapar etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji fewralda Mary welaýatyna iş saparyna baryp, ol ýerde Ministrler kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, emma ýurtdaky azyk, un we çörek meselelerini agzamady.

Türkmen telewideniýesi prezidentiň birmeňzeş geýnen gyz-gelinlerden döredilen janly diwar, ýaşulular, doga-dileg edýän din wekilleri we aýdym-saz, şol sanda çagalaryň gatnaşmagyndaky tans-şowhun, alkyş sözleri bilen garşy alnyşyny görkezdi.

Göçme mejlisiň dowamynda hökümet başlygynyň orunbasarlary öz ýolbaşçylyk edýän pudaklaryndaky işleriň barşy, şol sanda prezidentiň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Wise-premýer Maksat Babaýew mejlisde TOPH gaz geçiriji proýekti boýunça Ýolbaşçy komitetiň Mary şäherinde geçiriljek 25-nji mejlisiniň gün tertibi hakynda hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu mejlis TOPH gaz geçiriji proýektiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmeginiň öň ýanynda geçirildi.

Ekspertler TOPH geçirijisiniň öňündäki esasy kynçylyklaryň biriniň maliýe, beýlekisiniň howpsuzlyk meseleleri bilen baglydygyny aýdýarlar. Aýdylmagyna görä, geçirijiniň 85 prosent harajadyny Türkmenistan çeker, Owganystan bolsa ozaly gurluşygyň, soň geçirijiniň abat saklanmagynyň howpsuzlygyny üpjün eder.

TDH göçme mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselä seredilendigini we olar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilendigini habar berýär. Şeýle-de döwlet baştutanynyň ýaşulular bilen gürrüňdeş bolup, Mary welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen gyzyklanandygy aýdylýar.

Emma habarda ne diýilýän çözgütler, ne-de welaýaty ösdürmegiň esasy ugurlary aýdyňlaşdyrylýar. Şol bir wagtda prezidentiň energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin döwlet programmasyny tassyklandygy habar berilýär. Ýöne bu programmanyň hem detallary aýdylmaýar.

Şu aralykda Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen ýerli synçy döwletiň geçen ýyl ilata ýeňillikli bahadan berilýän gaz, elektrik hyzmatlaryna täze nyrh girizip, eýýäm uly tygşytlylyk çärelerini görendigini, emma gymmatbaha gurluşyklar, myhmanhanalar, kongres zallary we beýleki desgalar üçin sowrulýan pullary tygşytlamaýandygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda ýene bir güberçekläp çykan, emma detallary anyklaşdyrylmadyk mesele bolsa, harytlar, önümçilik ýagdaýlary bilen bagly boldy. Mysal üçin, wise-premýer O.Gurbannazarowyň beren hasabatyndan ýene bir gezek daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler barada gürrüň edilendigini görse bolýar. Ýöne hökümet başlygy öz orunbasaryndan bazarlardaky anyk ýagdaý, bahalaryň gymmatlamagynyň, un, ýag ýaly ilatyň gündelik ulanýan önümleriniň gytalmagynyň sebäplerini soramady.

Emma Berdimuhamedow oba hojalygyna jogap berýän wise-premýer E.Orazgeldiýewi diňläp, ýene bir gezek güýzlük bugdaýa ideg etmek meselesini gozgamak bilen, bugdaý hasyly baradaky aladasyny duýduryp galdy.

Ýerli synçylar, Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen daýhanlar häzir ýylyň gurak gelmegi, Garagum kanalynyň we beýleki ekerançylyk ýaplarynyň gowy arassalanmazlygy, suw howdanlarynyň balykçylyk hojalyklaryna öwrülip barmagy zerarly, güýzlük bugdaýyň göýdügip galjagyndan alada bildirýärler.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan maryly ýaşaýjylar regionda un meselesiniň barha kän “ýakasyny tanadýandygyny” aýdýarlar. Şu gün Azatlyk radiosy bilen gürleşen aşgabatly bir ýaşaýjy bolsa, eli haltaly bugdaý gözläp ýören adamlaryň barha köpelýändigini habar berdi.

Gepiň gerdişine aýdylsa, 1993-nji ýylda ýurtda un, çörek gytçylygy dörände, şol wagtky prezident S.Nyýazow özüni orunbasarlarynyň aldandygyny, ammarlarda galan gallanyň hakyky möçberini özünden ýaşyrandyklaryny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG