Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ynsan ölçegleri” gözden daşda


A.Narodetski: “Köp adamlar gaz söwdasynyň netijeleriniň hözirini duýmaýarlar”.
A.Narodetski: “Köp adamlar gaz söwdasynyň netijeleriniň hözirini duýmaýarlar”.

Ýakynda daşary ýurt we ýerli žurnalistler üçin prezidentiň geçiren metbugat konferensiýasy hem propagandistik çärä öwrüldi.


Bu metbugat konferensiýasynda G.Berdimuhamedow edil häzirki pursatyň haýsydyr bir möhüm meselesine ýa meselelerine däl-de, öz ünsüni häkimiýetiň baş syýasy doktrinasyna gönükdirdi. Elbetde, ol muny özi üçin iň amatly hem bähbitli kontekstde etdi.

Türkmen ýolbaşçylarynyň “edýän tagallalary” we “gazanýan ýeňişleri” barada demokratik ritorikalary ulanyp edýän çykyşlaryna garamazdan, Aşgabadyň ol aýdýanlarynyň durmuş hakykatyndan daşdadygyna ýurduň daşynda-da, ýurduň synçylar gowy göz ýetirýärler.

Prezident, hususan-da, ýurdy täzelemäge esas edilip, “ynsan ölçegleriniň “ alnandygyny aýdýar. Bu tezise tassyklama hökmünde bolsa, G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Sosial üpjünçilik baradaky” täze kanunyny mysal edip getirdi.

Şu kontekstde prezident uruş we zähmet weteranlary, köp çagaly maşgalalar, maýyp-müjrüpler ýaly birnäçe graždan kategoriýalaryna döwletiň berýän sosial goldawyny ýatlatdy. Eger şol döwlet goldawy ilat köpçüliginiň mätäçlik çekýän aglaba bölegini öz içine alýan bolanlygynda, onda ol kömegi öwseň we alkyşlasaň hem bolardy.

Ünsden daşda galýan mesele

Name üçindir türkmen jemgyýetiniň iň agyr problemalarynyň biri - uly işsizler armiýasy häkimiýetleriň gözýetim meýdanyndan daşda galýar. Resmi türkmen propagandasy hem jübi statistika gullugy işsizlik baradaky maglumatlary öz halkyndanam, dünýä jemgyýetçiligindenem ýaşyryn saklaýar.

Ýöne Türkmenistanda bärsinden işe ukyply ýarym million adamynyň işsizdigi daşary ýurt çeşmelerine-de mälim. Iň bärki hasapdan işsizlik ýurtda 25%-e ýetipdir, emma käbir çeşmeler ýurduň käbir regionlarynda onuň 60 bilen 70% -iň arasyndadagyny hem tassyklaýarlar. Şol bir wagtda-da, döwlet bu fakty inkär etmek bilen, işsizlere goldaw bermekden özüni çete çekýär.

Şu nukdaýnazardan seredeniňde “Döwlet halk üçindir” diýen şygar ýüzlerçe müň işsizleriň, olaryň dogan-garyndaşlarynyň üstünden gülmek ýaly bolup ýaňlanýar. Bu adamlar işsizligiň derdi-azaryny her gün, her sagat duýup durlar. Türkmen ýolbaşçylarynyň sözlerine görä bolsa, Türkmenistan, hamala, dünýäniň ösen döwletleri bilen deňleşmek isleýärmiş.

Ýöne onuň sol “deňleşmek” isleýän döwletlerinde işini ýitiren adamlary goldamak döwletiň esasy borçlaryndan biri bolup durýar. Ol borç bolsa her aý işsizlere belli bir derejede pul tölemek bilen ýerine ýetirilýär. Bu hem öz gezeginde işsizleriň we olaryň maşgalalarynyň wagtlaýyn başdan geçirýän kynçylyklaryny biraz ýeňilleşdirýär.

Türkmen häkimiýetleri welin, öz işsizlerine munuň ýaly hemaýaty bermeýärler. Olar öz watandaşlarynyň işden mahrum bolmagynyň jogapkärçiliginiň, hiç bolmanda, bir bölegini-de prinsipde öz üstlerine almakdan ýüz öwürýärler.

Jogapsyz galýan sowallar…

Metbugat konferensiýasynda prezident Berdimuhamedow bir fakty welin dilinden sypdyrdy. Şol faktyň özi hem köpsanly soraglarý döredýär. Emma ol soraglar bu metbugat konferensiýasynda oňa berilmedi.

Hususan-da, prezident býujet serişdeleriniň ortaça 70 prosentiniň sosial ugry ösdürmäge gidýändigini aýdy. Onda näme üçin ýurtda ilatyň üçden bir bölegi garyplygyň çägindenem aşakda ýaşaýar? Diýmek, ägirt uly möçberdäki maliýe serişdeleri býujetden sowlup geçýär-dä!

Hut şu ýagdaý hem ýerli propagandanyň ýadaman-ýaltanman “Türkmenistan dünýäde gaz gorlary boýunça dördünji orny eýeleýär” diýýän ýurdunda bolup geçýär. Şol baýlygyň uly bir bölegi häzir saga-çepe satylýar. Eysem, garyplygy başdan geçirýän ýurduň üçindaki köp adamlar näme üçin bu söwdanyň netijeleriniň hözirini asla duýmaýar?

Şu ýyl Türkmenistan garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyny toýlaýar. Ýöne Kataryň, Kuweýtiň ýa-da nebit-gaza baý beýleki ýurtlaryň derejesi Türkmenistandan juda alysda, olaryň yzyndan ýeterden ara gaty daş. Elbetde, döwlet mätäçlere goldawyň derejesini häzirkisinden ep-esli artdyryp bilerdi. Döwlete gelýän ägirt uly girdejileriň ýanynda şu wagtky berilýän kömek hiç zat bolup galýar.

Döwlet mätäçlere goldawyny artdyran halatynda, türkmen propagandasyna agzynda aş gatykladyp, ýok zady bar edip görkezmäge zerurlyk hem bolmazdy. Adamlaryň özleri hiç bir hili ideologiýasyz hem edilýän goldawa baha berip bilerdiler.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG