Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ikinji jahan urşuna gatnaşan türkmenleriň ykbaly


Türkmenistan tarapyndan bu proýekte Orsýetde döredilen jemgyýetçilik guramalary we türkmen studentleri gatnaşýarlar.
Türkmenistan tarapyndan bu proýekte Orsýetde döredilen jemgyýetçilik guramalary we türkmen studentleri gatnaşýarlar.
Orsýetde amala aşyrylýan “Biz ýeňşiň mirasdüşerleri” atly halkara proýektiň guramaçylary Ikinji jahan urşunda wepat bolan esgerlerden 6 million gowragynyň şu günki güne çenli jaýlanman galýanlygyny yglan etdiler.

Ykbaly näbelli galýanlaryň arasynda türkmenler hem bar. 24-nji noýabrda Moskwada proýektiň merkezi ştabynyň geçiren maslahatynda türkmenleriň ykbalyny anyklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.

2005-nji ýylda düýbi tutulan we ynsanperwerlik jemgyýetçilik işlerini alyp barýan guramalaryň gatnaşmagyndaky “Mužestwo I Gumanizm” atly halkara bileleşiginiň proýketi bolan “Biz ýeňşiň mirasdüşerleri” atly halkara proýekti postsowet döwletleriniň jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Türkmenistan tarapyndan bu proýekte Orsýetde döredilen jemgyýetçilik guramalary we türkmen studentleri gatnaşýarlar.

Ýaş nesli çekmek

Proýektiň esasy maksatlarynyň arasynda Ikinji jahan urşunda wepat bolan we dereksiz ýiten adamlaryň ykbalyny anyklamak we bu işde halkara hyzmatdaşlygy aktiwleşdirmek hem oňa ýaş nesli çekmek ýaly meseleler orta atyldy.

Proýektiň Merkezi ştabynyň 24-nji noýabrda Moskwada geçirilen maslahatynda Orsýetde okaýan türkmen studentleriniň alyp barýan işleri barada habar berildi.

Orsýetiň Halklaryň dostlugy Uniwersitetiniň 3-nji kursunyň studenti Asel Çüliýewa çykyş edip, uruşda wepat bolan türkmenleriň anyk sanynyň şu günki güne çenli-de näbelli bolup galýanlygyny belledi we muny anyklamak işiniň türkmen studentleriniň gatnaşmagynda döredilen ýörite toparlaryň öz öňünde goýan maksatlarynyň biridigini belledi:

—Uniwersitetimiziň studentleri uruş döwründe Türkmenistanda döredilen harby bölümleriň düzümi barada maglumat toplaýarlar. Uruş döwründe türkmen dilinde çap bolan neşirleriň mazmunyny öwrenýärler. Türkmenleriň uruş döwründe okkupirlenen giňişliklerde “Garşylyk hereketine” gatnaşmagyna degişli wakalar barada maglumat toplap, uruş nesliniň Türkmenistandaky şu günki durmuşy bilen gyzyklanýarlar.

Asel Çüliýewa urşuň dowamynda türkmenleriň sylaglanyşyna degişli käbir maglumatlary berip, 78 adamynyň “Sowet Soýuzynyň Gahrymany” ordenine mynasyp bolanlygyny, 19 adamynyň “Şöhrat Ordeni” bilen sylaglananlygyny aýtdy.

Ähmiýeti nygtaldy

Orsýetde hereket edýän “Watan” assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy we “Orsýetdäki türkmenleriň kongresi” atly guramanyň ýaşulular geňeşiniň başlygy Nazar Söýünow öz çykyşynda 20-nji asyryň iň gandöküşikli urşy bolan Ikinji jahan urşunyň her bir türkmen maşgalasyna täsir ýetirenligini belläp, her bir adamyň özüni şol ýeňşiň mirasdüşeri duýup, şol wakalara ünsi gowşatmazlygynyň ähmiýetini nygtady.

Proýektiň guramaçylarynyň sözlerine görä, käbir döwletleriň hökümetleriniň Ikinji jahan urşy temasyna ýeterlik ähmiýet bermezligi proýektiň öňünde duran esasy kynçylykdyr. Şu günki güne çenli proýekte iň uly döwlet godawyny berýän dowletleriň biri Belarusdyr. Türkmenistanyň hökümetiniň bolsa hyzmatdaşlyk barada özüne edilýän tekliplere we çakylyklara asla jogap bermän gelýändigi aýdylýar.

“Biz ýeňşiň mirasdüşerleri” atly halkara proýektiň merkezi ştabynyň maslahatyny Orsýetiň goşun generaly Wiktor Ýermakow alyp bardy. Çärä uruş weteranlary, syýasatçylar, diplomatlar, regional we halkara jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de GDA döwletleriniň, Hytaýyň wekilleri gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG