Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Gahrymanlary azalýar


«Türkmenistanyň Gahrymany», öňki prezident Saparmyrat Nyýazow (ortada), «Türkmenistanyň Gahrymany» Myratberdi Sopyýew (sagda) we Türkmenistanyň öňki wise-prezidenti, häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Aşgabat.
«Türkmenistanyň Gahrymany», öňki prezident Saparmyrat Nyýazow (ortada), «Türkmenistanyň Gahrymany» Myratberdi Sopyýew (sagda) we Türkmenistanyň öňki wise-prezidenti, häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Aşgabat.
«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at ýurtda iň ýokary derejeli hormatly atdyr. Bu at Watan öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin diňe Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at ýurduň mizemezligine, berkararlygyna, konstitusion gurluşynyň berkemegine aýratyn goşant goşan raýatlara gaýtadan hem dakylyp bilner.

«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan berilýär. Türkmenistanyň prezidentine bu ady ýurduň Mejlisi tarapyndan dakylýar.

Türkmenistanyň Gahrymanyna aýratyn tapawutlandyrylan “Altyn aý” altyn ýyldyzy hem-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen şahadatnama gowşurylýar. Bu belent sylaga mynasyp bolan kişä döwlet gaznasyndan 25000 amerikan dollary sylag hökmünde berlip, döwlet býujeti tarapyndan her aýlygynyň üstüne 50% artyk pul goşulýar we girdeji salgydyndan doly boşadylýar.

Türkmenistanyň Gahrymany aýratyn agyr jenaýaty eden ýagdaýynda öz belent adyndan ýurduň prezidentiniň permany bilen mahrum edilip bilner.

Gahrymanlykda rekord

«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady almakda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowdan öňe geçen ýokdur. S.Nyýazowa bu at jemi bäş gezek berildi.

Saparmyrat Nyýazowa bu atlar birinji gezek 1992-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda, ikinji gezek 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda, üçünji gezek 1998-nji ýylyň 17-nji iýulynda, dördünji gezek 1999-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda, bäşinji gezek 2000-nji ýylyň 18-nji fewralynda dakyldy.

Saparmyrat Nyýazow döwrüniň Gahrymanlary

Ýurduň garaşsyzlyk alanyna tas on ýyla golaý wagtyň içinde diňe bir adamyň yzygider gahryman bolmagy Saparmyrat Nyýazowy hem gelşiksiz ýagdaýa salan bolara çemeli. Şu sebäpden S.Nyýazow bir ýarym ýylyň içinde jemi bäş sany adama «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakdy. Bu ýokary at 2000-nji ýylda Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň daýhan birleşiginiň başlygy Myratberdi Sopyýewe hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz etrabynyň daýhan birleşiginiň başlygy Sadulla Rozmetowa dakyldy.

2001-nji ýylda bolsa Saparmyrat Nyýazow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň on ýyllygy mynasybetli, Lebap welaýatynyň şol wagtky häkimi Gedaý Ahmedowa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň şol döwürdäki başlygy Saparmämmet Weliýewe, Daşoguz welaýatyndan daýhan birleşiginiň başlygy Sapyş Çerkezowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakdy.

Netijede Saparmyrat Nyýazow bilen birlikde ýurtda jemi alty sany Türkmenistanyň Gahrymany peýda boldy. Ýöne bu san gaty uzaga gitmedi. Az salym geçmänkä, Sapyş Çerkezow biwagt aradan çykdy.

2005-nji ýylyň awgustynda bolsa, nebitgaz ulgamynda korrupsiýa ýol berendigi sebäpli, «Türkmennebit» döwlet konserniniň şol döwürdäki başlygy Saparmämmet Weliýew jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi üçin, wezipesinden çetleşdirilip, prezidentiň permany bilen «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen atdan mahrum edilýär.

Saparmämmet Weliýew bilen bagly waka Türkmenistanda ýeke-täk däldir. 2005-nji ýylyň oktýabrynda Saparmyrat Nyýazow Gedaý Ahmedowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, ony Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň häkimi edip goýýar. Az salym geçmänkä, ýagny 2006-njy ýylyň fewralynda Gedaý Ahmedow resmi taýdan hiç bir habar ýaýradylmazdan, duýdansyz ýagdaýda tussag edilýär we ähli döwlet sylaglaryndan mahrum edilip, 17 ýyl türme tussaglygyna höküm edilýär. Emma Gedaý Ahmedow bendilikde uzak ýaşaman, 2006-njy ýylyň iýulynda aradan çykýar.

Gedaý Ahmedow bilen bagly resmi beýanat şu günki güne çenli aýan edilmeýär. Ozalky Gahrymanyň näme sebäpden türme tussaglygyna höküm edilendigi hem takyk belli däl.

Merhum Gahrymanlar

Elbetde, Türkmenistanyň Gahrymanlarynyň hatarynda Saparmyrat Nyýazowyň merhum ejesidir kakasyny hem agzaman geçmek bolmaz. Ýurduň ilkinji prezidenti özüniň çäksiz wezipe ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, 2001-nji ýylda merhum kakasy Atamyrat Nyýazowa, 2002-nji ýylda bolsa merhum ejesi Gurbansoltan Atamyradowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen iň ýokary sylagy berdirdi.

Ýurduň mediasy şol döwürlerde bu iki şahsyýeti mukaddesligiň iň bir belent derejesine ýetiripdi. Şol döwürler bu iki merhum Gahrymanyň kulty Saparmyrat Nyýazowyň kultunyň derejesine baryp ýetipdi. Türkmenistanyň uruş weteranlary guramasyna Atamyrat Nyýazowyň ady dakylan bolsa, Türkmenistanyň Zenanlar Guramasyna Gurbansoltan Atamyradowanyň ady goýlupdy. Bulardan başga-da, bu iki merhum Gahrymanyň atlary birnäçe kärhanalara, zawod-fabriklere dakyldy. Lebap welaýatynyň Kerki etraby Atamyrat, Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etraby bolsa Gurbansoltan eje adyny şu günlerem göterýär.

Galkynyş zamanasynyň Gahrymanlary


Saparmyrat Nyýazowyň 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda aradan çykmagy bilen, Türkmenistanda bary-ýigy iki sanyjak Gahryman galypdy. Olar Myratberdi Sopyýew bilen Sadulla Rozmetowdy.

Belli opera aýdymçysy Maýa Kulyýewa
Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, ýurtda täze ideologiýanyň, ýagny Galkynyş ideologiýasynyň döremegi täze gahrymanlaryň ýüze çykmagyny talap edýärdi. Şu sebäpden hem 2008-nji ýylyň oktýabrynda Berdimuhamedowyň permany bilen belli opera aýdymçysy Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at berilýär.

Maýa Kulyýewa Saparmyrat Nyýazowyň döreden Gahrymanlaryndan juda tapawutlanýardy. Eger öňki Gahrymanlar oba hojalyk, nebitgaz pudagynda ägirt uly hyzmatlary bitirenler diýlip hasaplanan bolsalar, Maýa Kulyýewa bary-ýogy ýekeje operanyň sahnalaşdyrylmagyna ýakyndan ýardam berendigi üçin şeýle belent sylaga mynasyp görüldi.

Maýa Kulyýewadan soň, häzirki wagta çenli «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at hiç kime berilmeýär. Şu ýylyň 20-nji ýanwarynda Sadulla Rozmetowyň 90 ýaşynyň içinde aradan çykmagy bolsa, Gahrymanlaryň sanyny ýene ikä getirdi.

Geçen ýylyň tomsunda Akbugdaý etrabynyň Gämi obasynda neşe söwdagärleriniň uly jenaýatçylykly toparynyň ele salynmagy bilen bagly wakanyň ýüze çykmagy, tanymal daýhan birleşiginiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Gahrymany, 80 ýaşy arka atan Myratberdi Sopyýewiň wezipesinden çetleşdirilmegine hem-de onuň syýasy sahnadan düşürilmegine getirdi.

Eger-de Myratberdi Sopyýew Türkmenistanyň Gahrymany bolmanlygynda, onda geçen ýylyň tomsunda Gämi obasynda neşe söwdagärleriniň uly jenaýatçylykly toparynyň ele salynmagy bilen bagly waka ýüze çykanda, ol hökman jenaýat jogapkärçiligine çekilerdi. Emma Türkmenistanda galan az sanly Gahrymanlaryň adyna çirk getirilmegi tutuş bur ýurduň biabraýçylygy boljakdygyna Galkynyş ideologiýasynyň sakasynda oturanlar tiz aň ýetiren bolara çemeli. Şol sebäpdenem Gahryman Sopyýew diňe pensiýa gidýändigi sebäpli (80 ýaşynda!) wezipesinden çetleşdirildi.

Şeýle wakadan soň, Türkmenistanyň Gahrymany diýen görnükli at bilen diňe Maýa Kulyýewa öňe çykarylýar.

Täze Gahrymanlaryň gözleginde

Täze ideologiýa hökmünde öňe sürlen «Galkynyş» zamanasynda bary-ýogy ýekeje Gahrymanyň ýüze çykarylmagy Saparmyrat Nyýazowdan gaýdýan ideologiýanyň dowam etdirilmeginiň netijesidir. Nyýazowyň ideologiýasy ýurtda ýeke-täk adamyň idealdygyny öňe sürýärdi. Bu ideallyk häzirki prezidentiň ýolbaşçylygynda hem dowam edýär. Şu sebäpden hem ýurduň birinji adamsyndan başga kim «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp bolup biler?

2009-njy ýylyň oktýabrynda Myrat Garryýewiň Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak inisiatiwasy bilen çykyş etmeginiň düýp esasynda hem ýurtda ýeke-täk ideal adam bar diýlen syýasatyň alnyp barylmagynyň netijesidir.

Elbetde, dünýä jemgyýetçiliginiň ýiti nazarlaryndan çekinýän Berdimuhamedow Myrat Garryýewiň bu teklibine eýermekden häzirlikçe saklanýar. Ýöne şol bir wagtda ýurduň raýatlarynyň içinden başga bir Gahrymany döretmek barada hem pikir edilmeýäne meňzeýär.

Her näme-de bolsa, Gahrymanlar meselesinde Türkmenistan gaty çykgynsyz ýagdaýda diýen ýaly. Bary-ýogy iki sanyjak Türkmenistanyň Gahrymanlarynyň biri-hä 82 ýaşynda, beýlekisi bolsa, 91 ýaşynda.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG