Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň ykdysadyýet, banklar we halkara maliýe guramalary boýunça orunbasary, 51 ýaşyndaky Bäşimmyrat Hojamämmedow saglyk ýagdaýy sebäpli işden boşadyldy.
Ol bu wezipä 2015-nji ýylyň iýulynda, işinde kemçilik goýberendigi üçin diýlip wezipesinden boşadylan Annamuhammet Goçyýewiň ornuna bellenipdi.
Türkmen hökümetinde wise-premýerleriň, ministrleriň çalşylmagy, olara berk käýinç ýa soňky durýurdyş berilmegi indi hiç kime täzelik däl, ýöne synçylar bu çäreleriň garaşylýan özgerişligigetirmeýändigini, ýurtda ýönekeý adamlaryň durmuşynyň barha agyrlaşýandygyny aýdýarlar.
Hökümetdäki kadr çalyşmalary, minstrlerden we häkimlerden bildirilýän nägilelikler, ýurduňenergiýa nyrhlarynyň global arzanlamagy, Russiýa, Eýran ýaly iri gaz alyjylaryny ýitirmegi, Aziýa oýunlaryna harçlan agyr harajatlary zerarlyçekýän ykdysady kynçylyklary bilen, barha ýygjamlaşýana meňzeýär.
Prezident aprel aýynda birbada iki sany orunbasaryny, nebit-gaz toplumyna jogap berýän wise-premýer Ýagşygeldi Kakaýewi hem-de oba hojalyk toplumyna jogap berýän wise-premýer Rejep Bazarowy wezipelerinden boşatdy we kadr çalşyklary, käýinçler beýleki pudaklarda hem dowam edýär.
Ministrler kabinetiniň 31-nji awgustdaky mejlisinde prezident ozal ýolbaşçylaryny çalşan esasy iki pudagynyň, nebit-gazwe agrosenagat toplumlarynyň hem işinden nägiledigini aýtdy. Hususan-da prezident ýurduň agrosenagat pudagyndan nägile we daşardan import edilýän azyk önümleriniň azaldylmagyny talap edýär.
Eýsem bu ýagdaý, türkmen hökümetinde emele gelen kadr geldi-geçerligi, soňsuz käýinçler nämäni aňladýar?
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýer Berdimuhamedowyň barha kän lapykeç bolýandygyny we şol bir wagtda hökümetiň ýurtda işleriň ýöremegi üçin näme etmelidigine düşünýäne meňzemeýändigini aýdýar.
“Ol bu gün ýurduň ykdysadyýetine, banklaryna jogap berýän ýolbaşçysyny wezipesinden boşatdy. Eýsem ol näme etmelidi? Biz Türkmenistanyň esasy eksportynyň gazdygyny, ýurduň azyndan 60-70 prosent girdejisiniň gazdan gelýändigini bilýäris. Emma indi olar beýle kän gaz satmaýarlar, diňe Hytaýa satýarlar, onsoň bu ýagdaýda ýurda zerur puly nireden almaly?” diýip, Panniýer sorady.
Şeýle-de ekspert Türkmenistanyň bank pudagynyň işiniň dürli çäklendirmeler, pul çykarmaga we beýleki transaksiýalara girizilen gadaganlyklar zerarly iş ýüzünde doly togtadylmak ýagdaýyna salnandygyny belledi.
“Men onuň bu ýagdaýda şeýle problemalaryň çözülmegi üçin Hojamämmedowdan näme garaşýandygyny düşünemok” diýip, Panniýer sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistan agrar ýurt we ýerli şertler ilatyň azyk önümleri bilen doly diýen ýaly üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Emma soňky on ýylda ýurduň bazarlarynda goňşy ýurtlardan import edilýän oba hojalyk önümleriniň barha köpelendigi aýdylýar. Berdimuhamedow soňky geçiren mejlisinde hem bu ýagdaýy boýun aldy we azyk önümleriniň importynyň azaldylmagyny talap etdi.
Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert Panniýer Berdimuhamedowyň bu talabynda hem logika, mantyk görmeýär.
“Ol ‘Biz munça kän azygy import etmeli däl, biz oba hojalyk önümlerini import etmegi togtatmaly’ diýýär. Ýagny ol bu zatlaryň Türkmenistanda öndürilmeýändigini tankytlaýar. Eýsem bu ýerde çözgüt näme? Adamlar iýmesini goýmalymy? Onuň logikasyna düşünmek kyn, asla bu ýerde logika ýok” diýip, Panniýer Azatlyk radiosyna aýtdy.
Azyk harytlarynyň importyny azaltmagy, eksporty artdyrmagy talap edýän prezident bu ýyl ýurtda bugdaý öndürmek planynyň doldurylmandygyny we öndürilýän bugdaýyň hiliniň gowy däldigini hem boýun aldy. Şondan bäri resmi metbugatda Türkmenistanyň daşary ýurtdan birnäçe gezek azyklyk bugdaý satyn alandygy habar berildi.
Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedowyň bildirýän nägileliklerinden tapawutlylykda, döwlet eýeçiligindäki metbugat ýurtda oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň döredilendigini habar berýär.