Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan güýç gurluşlaryna gözegçiligi güýçlendirýär, MHM-niň öňki başlygy wise-premýer boldy


Täze wise-premýer Çarymyrat Amanow wepalylyk kasamyny edýär.
Täze wise-premýer Çarymyrat Amanow wepalylyk kasamyny edýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze düzümini tassyklap, Çarymyrat Amanowy Ministrler kabinetinde täze döredilen wise-premýerlik wezipesine we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlygyna belledi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Ç.Amanow, Mejlisiň Döwlet howpsuzlyk geňeşi barada kabul eden täze Kanunyna laýyklykda, hökümet başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasary we şol bir wagtda-da Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bolup durýar.

Ç.Amanow mundan öň 2007-2011-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň prezidentiniň goragynyň başlygy, Milli howpsuzlyk ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerinde işledi we, “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri” üçin birnäçe gezek berk käýinç hem-de duýduryş alyp, wezipesinden boşadyldy.

Ol täze wezipä IIM-niň institutynyň rektory wezipesinden geldi.


Onuň täzeden ýokary wezipä çekilmegi Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öňki sekretary Ýaýlym Berdiýewiň berk käçinç we soňky duýduryş alyp, gürrüňi edilýän wezipeden boşadylmagynyň we harby adynyň kiçeldilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Has anygy, Berdimuhamedow 22-nji ýanwarda Ý.Berdiýewiň harby çinini kiçelden güni polisiýanyň general-maýory Çarymyrat Amanowa polisiýanyň general-leýtenanty çinini bermek baradaky karara gol çekdi.

Döwlet baştutany Ç.Amanowyň “dürli wezipelerde abraý bilen gulluk edip gelýändigini we bu ugurda ýeterlik tejribe toplandygyny” aýtdy.

Asyl hünäri matematika mugallymy, 1991-1992-nji ýyllarda SSSR Milli howsuzlyk komitetiniň ýokary mekdebinda okan, 2011-nji ýylyň martynda “işde goýberen kemçilikleri üçin” MHM-niň başlygy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerinden boşadylan Amanowyň 2018-nji ýylyň aprelinde IIM-niň Institutynyň rektory wezipesine bellenýänçä nirede, haýsy wezipelerde işländigi anyk däl.


Türkmenistanyň güýç gurluşlarynda geçen tomusda prezidentiň saglyk ýagdaýy barada ýaýran tassyklanmadyk maglumatlardan soň ýygjamlaşan kadr çalyşmalary bir tarapdan giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreş çäreleri bilen düşündirilse, ikinji tarapdan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da guramaçylykly utgaşdyrmak maksady bilen düşündirilýär.

Ýerli synçylar ozalky biznesmen Çary Kulowyň, Isgender Mulikow, Amandurdy Işanow, Meýlis Nobatow ýaly öňki resmileriň jenaýat işleri boýunça jemgyýetçilige az maglumat berlendigini, resmi maglumatlarda aýdylýan zatlaryň kän sorag döredýändigini aýdýarlar.

Bu ýagdaý güýç gurluşlaryndaky korrupsiýanyň derejesi, bikanun uly baýlyk toplan we täsiri güýçlenen adamlaryň döredýän gorky-howatyrlary, netijede kadr çalyşmalarynyň, arassalaýyş işleriniň dowam etdiriljekdigi hakyndaky çaklamalaryň köpelmegine sebäp bolýar.

Ç.Amanow Döwlet baýdagynyň öňünde dyza çöküp, wepalylyk kasamyny edeninden soň, Berdimuhamedow anyklaşdyrmazdan, täze orunbasaryndan ýurduň “harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sazlaşykly işlemegi üçin degişli çäreleri görmegi” talap etdi.


Soňky ýyllarda, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy we döwlet resmileriniň arasynda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa faktlarynyň azda-kände üstüniň açylmagy bilen, Berdimuhamedow “hiç kime halkyň puluny ogurlamaga, onuň hasabyna baýamaga ýol berilmejegini” ynandyrmaga çalyşýar.

Mundan başga, Berdimuhamedowyň on ýyl ozal başlan harby özgertmeleriniň hem “iki aýagy bilen agsaýandygy”, watan goramaly esgerleriň azyk, iýmit ýetmezçiligi meselesiniň hem doly çözülmändigi, olaryň harby tälimden aýrylyp, pagta ýygmaga iberilýändigi habar berilýär.

Synçylar bu problemalaryň türkmen goşunynyň goranyş kuwwatyny, ýaş esgerleriň watançylyk duýgularyny peseldýändigini aýdýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutany täze orunbasaryna hem “harby gullukçylaryň üstünlikli gulluk etmegi” bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Gepiň gerdişine aýdylsa, Ç.Amanowa berlen wezipe ygtyýarlyklary Türkmenistanda ömürlik tussaglyga höküm edilen Boris Şyhmyradowyň ozalky wezipe ygtyýarlyklaryny ýada salýar.

1992-nji ýylda daşary işler ministriniň birinji orunbasary wezipesine bellenen B.Şyhmyradow 1993-nji ýyldan 1999-njy ýyla çenli aralykda, dürli wagtlarda Daşary işler ministrliginiň, hukuk goraýjy organlaryň we sport pudagynyň üstünden garady.

2000-nji ýylyň ortalaryna çenli daşary işler ministri bolan B.Şyhmyradow 2001-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi wezipesine bellendi we şol ýylyň noýabrynda, Aşgabada yzyna çagyrylandan soň, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň režimine garşy açyk oppozisiýa geçýändigini yglan etdi.

XS
SM
MD
LG