Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly býujet işgärleri pagta ýygymyna ýatymlyk iberilip başlandy


Türkmenistanda pagta ýygymyna gatnaşýan adamlar. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanda pagta ýygymyna gatnaşýan adamlar. Arhiwden alnan surat

Mary welaýatynda býujet işgärleri mejbury pagta ýygymyna ýatymlyk ugradylyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji awgustda Baýramaly şäherinden habar berdi.

"Mary welaýatynyň ähli býujet edaralary pagta ýygymyna işgärleri diňe günin däl-de, ýatymlaýyn hem ugradyp başladylar. Her edara her gün azyndan 7 adamy günin, 15-20 adamy ýatymlaýyn pagta meýdanlaryna ugradýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy gürrüň berdi.

Býujet işgärleriniň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçynyň tassyklamagyna görä, bu mejbury çärä döwlet edara-kärhanalarynyň ählisiniň, şol sanda Baýramaly etrabyndaky geolog gazuw-agtaryş edarasynyň we oba hojalyk edaralarynyň işgärleri gatnaşmaly edildi.

Pagta ýygyp bilmejek ýa-da pagta meýdanlaryna ýatymlyk gitmek islemeýän býujet işgärlerinden öňki ýyllarda bolşy ýaly, ýerine adam tutmak ýa-da pul bermek talap edilýär.

"Hemişeki ýaly işgärler özleri gitmese, onda olar özlerine derek 10-15 günlük adam tapmaly. Olar deregine adam ugratjak bolsa, her aý azyndan 300-400 manat möçberde çykdajy etmeli bolýarlar. Sebäbi günin gidýän işgärlere 30 manat bermeli, ýatymlaýyn gidýänleriň tölegi has-da gymmat" diýip, habarçy aýtdy.

Býujet işgärleri pagta ýygymynyň azyndan 4 aýa çekýändigini aýdyp, ýylyň ahyryna çenli aýlyklaryndan her aý azyndan 300 manady pagta ýygymyna geçirmeli boljakdyklaryny we munuň hojalyklaryna has-da agram saljakdygyny belleýärler.

Belläp geçsek, Türkmenistan, şol sanda Mary welaýaty pagta ýygymyna resmi derejede entek girişmedi.

Anna güni, 21-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň we bu işleri bellenen möhletde geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Mary welaýatyndaky pagta meýdanlarynyň biri.
Mary welaýatyndaky pagta meýdanlarynyň biri.

Muňa garamazdan, geçen hepde Azatlygyň Mary we Lebap welaýatlaryndaky habarçylary döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna eýýäm çekilip başlanandygyny habar berdiler.

17-nji awgustda Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň biri hassahanalardan, welaýatyň çaphanasyndan, kommunal edaralardan we beýleki döwlet edaralaryndan günde 5 adamyň pagta ýygymyna gitmeli edilendigini aýtdy.

Mundan bir gün soň, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy hem, darganataly, faraply, çärjewli býujet işgärleriniň Hojambaz etrabynyň Beşir, Suhry, Babadaýhan daýhan birleşikleriniň pagta meýdanlaryna ýatymlyk ugradylyp başlanandygyny habar berdi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary býujet işgärleri pagta ýygymyna çekilip başlanan bolsa-da, şu günler meýdanlarda ýetişip oturan pagtanyň juda azdygyny habar berdiler.

Adyny aýtmakdan saklanan lebaply resmi býujet işgärleriniň pagta ýygymyna beýle ir çekilmeginiň sebäbini günorta etraplarda gowaçanyň adatça tiz ýetişmegi bilen düşündirdi. Ýöne ol indi "howa şertleriniň hem öňki ýyllarda oýnan roluny oýnamaýandygyny, ýok pagtany has ir we has köp adam getireniň bilen-de ýygyp bolmaýandygyny" hem boýun aldy.

Şol bir wagtda-da, iýun aýynda ýurduň käbir welaýatlarynda gowaça eken kärendeçileriň ençemesi pagta hasylynyň ýarysyny ýitirendiklerini, muňa suw ýetmezçiliginiň sebäp bolandygyny gürrüň beripdiler.

Ahalyň tas ähli etrabynda martyň ortalarynda ekilen gowaçalaryň 95 göterimine şindi hem suw berilmeýär, daýhanlar eýýäm tas ýarpy hasylyny ýitirendiklerini aýdýarlar diýip, Ahaldaky habarçymyz 24-nji iýunda habar beripdi.

Ýurduň gowaça meýdanlarynda pagtanyň azdygy we kärendeçileriň pagta hasylynyň ýarysyny ýitirendigi baradaky habarlar, bu ýyl tutuş Türkmenistan boýunça öndürilmeli pagtanyň möçberiniň öňküsinden artdyrylan mahalyna gabat geldi.

Şu ýyl pagta hasyly boýunça döwlet plan borçnamasy 1 million 200 müň tonna çykaryldy. Geçen ýyl ýurt boýunça 550 müň gektar meýdandan 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalandygy habar berildi.

Türkmen häkimiýetleri hökümet maslahatlarynda pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyklar barada agzap geçseler-de, bu çärelere býujet işgärleriniň mejbury çekilmegi we daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan suw, dökün, tehnika kynçylyklary barada hiç zat aýtmaýarlar.

Halkara hukuk toparlary, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagyny ýyllarboýy tankyt edip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG