Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: dollaryň kursy migrantlary köseýär


Stambul şäherindäki walýuta çalşyk nokady.
Stambul şäherindäki walýuta çalşyk nokady.

Awgust aýynda Türkiýede amerikan dollarynyň bahasy ýedi liradan geçip, netijede pandemiýa döwründe amerikan dollary 9% gymmatlady.

Bu gymmatlama azyk önümleriniň hem jemgyýetçilik transportynyň bahalarynyň gymmatlamagyna-da getirdi. Eýsem Türkiýede ýaşaýan gyrgyzystanlylara pandemiýa döwründe milli walýutanyň hümmetiniň aşaklamagy nähili täsir ýetirýär?

Dört ýyl bäri Stambulda guwernantka – öý-çaga hyzmatçysy bolup işleýän gyrgyzystanly Aýnura aýlyk hakyny türk lirasynda alýar. Ol her aýda gazanjyny dollara öwrüp, Gyrgyzystana ýollaýar hem uly möçberde alan kreditini üzmekçi bolýar. Onuň sözüne görä türk milli walýutasynyň aşaklamagy migrantlara ýaramaz täsir edýär.

– Häzir Türkiýede dollaryň bahasy gün saýyn ýokarlanýar. Eýýäm bir dollar 7,4 lira deň boldy. Bu bize örän amatsyz, aýratyn-da iş hakyny türk lirasynda alýanlara kyn. Olaryň her aýda gazanýan 3000 lirasy bary-ýogy 400 dollar bolýar. Öň bu möçber has köpräkdi. Munuň ýany bilen azyk-iýmitem gymmatlaýar. Iş ýeriňe jemgyýetçilik ulagynda barjak bolsaň, olaryňam nyrhy ýokarlandy. Häzir dollarda aýlyk alýanlaryň ýagdaýy ýokarlandy, biz ýalynyň ýagdaýy pes, ýöne nädeli. Başga alaç ýok – diýip, Aýnura aýdýar.

Türkiýäniň Zähmet we jemgyýet howpsuzlygy ministrligi 2020-nji ýyl üçin minimal aýlyk hakyny 2340 liradan az bolmaly däl diýip kesgitledi. Ol mukdar walýutanyň üýtgäp durmagy bilen awgust aýynda 316 dollara deň boldy. Türkiýä işlemäge gelen Gyrgyzystandan bolan migrantlaryň köprägi aýal-gyzlar bolansoň, şol minimal aýlyk hakyna işleýärler. Olar köplenç çagalara seredýärler hem oturan garrylara hyzmat edýärler.

Türkiýäniň Antalýa şäherinde iş alyp barýan «MirAskar» guramasynyň ýolbaşçysy Rysgül Kadyrowa pandemiýa döwründe az aýlyga kaýyl bolup işleýän gyz-gelinleriň ýagdaýyna ünsi çekýär.

Rysgül Kadyrowa
Rysgül Kadyrowa

– Karantin döwründe migrantlaryň aýlygy aýda 2400 lira çenli aşaklady. Iş buýrujylar bilen gürleşip, olaryň hakyny 3000-3500 lira çenli ýokarlandyryp bildik. Ýöne ol pul hem amerikan dollaryna geçirilende, 480 dollardan aşmaýar. Gyrgyzystanda ýagdaý öňküleri ýaly agyr bolansoň, Antalýada işlemäge galýarlar. Üstesine kimiň bergisi ýa krediti bolsa, aýda 2400 lira işlemäge-de mejbur. Ýagdaýymyz hakykatdanam agyr. Bu bize-de ýeňil däl, Gyrgyzystanda galan hossarlarymyzy ýatlaýas hem olary küýseýäs. Nähili-de bolsa, kynçylyklary ýeňeris diýen umydymyz bar – diýip, Rysgül Kadyrowa aýdýar.

Aýperi Aýtaç Antalýada pullary geçiriji «Zolotaýa korona» (‘Altyn täç’) firmasynda işleýär. Onuň aýtmagyna görä, bu kontoranyň müşderileriniň 90% gyrgyzystanlylar. Ol dollaryň kursunyň ýokarlanmagy bilen Türkiýeden Gyrgyzystana pul iberýänleriň sanynyň azalýandygyny, munuň tersine Orsýetden hem Gyrgyzystandan pul alýanlaryň artýandygyny aýdýar.

– Soňky aýyň dowamynda dollaryň kursy gymmatlaýar. Geçen ýylda-da şeýle ýagdaý bolupdy, ýöne soň ol öz kadasyna geldi, bu ýyl bolsa birden ýokarlandy. Aýlyklar bolsa öňküligine – 2500 lira bolmagynda galdy. Biziň migrantlarymyz milli puly dollara öwürmäge baranlarynda, olar hem bu operasiýa üçin öz prosentini saklap galýarlar. Karantin sebäpli yzyna gidip bilmedikler indi halkara resýleri mümkin bolan ýagdaýda yzyna gaýdýarlar. Kim şu ýagdaýda işlemäge galan bolsa, ol öz gününi dolamaly. Elbetde, öňler Gyrgyzystana köp adam pul ibererdi, indi bolsa tersine, Türkiýedäki migrantlaryň arasynda Orsýetden hem Gyrgyzystandan pul alýanlaryň sany artýar – diýip, Aýperi Aýtaç belleýär.

Nurbek Tabyşew Türkiýäniň paýtagty Ankarada şahsy biznes ýöredýär. Ol Gyrgyzystandan bolan migrantlaryň aýlyk meselesiniň koronawirus pandemiýasy döwründe agyrlaşandygyny mälim edýär.

– Gyrgyzystanlylaryň pul çalyşmak hem ony ýurda ibermek meselesi entek dollaryň kursy gymmatlamanka başlanypdy. Koronawirus ýaýrap ugranynda, ýagdaýdan gorkan ildeşlerimiziň köpüsi yzyna dolandylar. Awiareýsler doly ýatyrylandan soň, Türkiýä gelýän zähmet migrantlaryň yzy kesildi. Umumylykda, olar bu ýurtda azaldylar. Aýtsak, Türkiýäniň özünde-de üýtgeşiklik bar, öň ýönekeý adamlar gyrgyz migrantlaryny mugallym ýa-da medisina işgäri hökmünde öýünde işleden bolsa, indi muňa diňe barly adamlaryň mümkinçiligi çatýar, olar üçin aýda 500-600 dollar berip daşary ýurtlyny işletmek beýle problema däl. Meniň pikirimçe, olaryň hem girdejisi dollardan gelýän bolmaly, şonuň üçin olar ol pula kynçylyk çekmeýärler – diýip, Nurbek düşündirýär.

Türkiýäniň Migrasiýa departamenti 2020-nji ýylda daşary ýurtly graždanlaryň milliona ýakynynyň resmi suratda hasaba alnandygyny mälim etdi. Olardan takmynan 30 müň çemesi Gyrgyzystandan bolmaly. Olardan hem diňe üç müň çemesi adam iş wizasy bilen işleýär. Galan köplük bolsa Türkiýä bir ýyllyk turistik wiza bilen gelýärler-de, Ankara, Stambul, Antalýa ýaly şäherlerde işlemäge galýarlar. Olardan bir bölegi zähmet hakyny dollarda tölemek barada şertnama baglaşsalar-da, aslynda hakyny türk pulunda alýarlar.

Türkiýede dollaryň kursy, şoňa laýyklykda ewronyň hem altynyň bahasy ýokarlandy. Bilermenler milli walýutanyň kursunyň aşaklamagyny koronawirus pandemiýasynyň täsirinde, ýurtda dörän ykdysady krizis bilen baglanyşdyrýarlar.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG