Demirgazyk Owganystanyň Farýab welaýatynyň häkimliginiň web sahypasynda ýaýradylan maglumata görä, welaýatyň Anthoý şäherinde Türkmenistanyň ýardamy bilen koronawirus infeksiýasyny anyklaýyş merkezi gurulýar. Beýle merkezi gurmak üçin, resmi hem maddy taýýarlyklaryň ählisi görlüpdir.
Maglumata görä koronawirus merkezini barlagdan geçiriş merkezi üçin, aýratyn jaý bellenipdir. Bu merkezde Farýab welaýatynyň etraplarynyň ählisinde we onuň merkezi Meýmene şäherinde koronawirus infeksiýasyna uçran näsaglar barlagdan geçip bilerler diýlip, resmi habarda aýdylýar.
Anthoý etrabynyň saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Muhammet Sanjar Omaryň aýtmagyna görä, iki ýurduň arasynda gelnen ylalaşyk esasynda şeýle merkeziň gurulmagyna şert döräpdir.
– Türkmenistan Anthoýda koronawirus infeksiýasyny anyklaýyş merkezini gurýar. Munuň üçin biz Türkmenistana minnetdarlyk bildirýäris. Farýab welaýatynda koronawirus infeksiýasyny barlagdan geçiriş merkezi ýokdy. Koronawirus infeksiýasyna ýolugan näsaglaryň testi öň Mazary-Şerif şäherinde barlagdan geçirilýärdi – diýip, lukman Muhammet Sanjar Omar düşündirýär.
Türkmenistan Akina benderinde ýükleri dezinfeksiýa etmek üçin, ýörite binalaryň gurulýandygyny habar beripdi. Türkmenistan Farýab welaýatynyň halkyna maddy ýardamlary hem berip gelýär. Golaýda bu welaýata ynsanperwer ýardamy iberilipdi, ýöne azyk-iýmit önümlerinden ybarat bolan ol kömekleriň köprägini talyplar ýolda talap aldylar. Indi Türkmenistan bu welaýata medisina ýardamyny edýär.
Lukman Muhammet Sanjar Omaryň sözüne görä, Türkmenistanyň ýardamy bilen gurulýan koronawirusy anyklaýyş merkezi şu ýakyn wagtda işe girişer.
– Munuň üçin biz ähli taýýarlyklary gördük. Nesip bolsa ýakyn geljekde koronawirus barlagy merkeziniň açylyş dabarasynyň şaýady bolarsyňyz. Koronawirus infeksiýasyny anyklamak baradaky bu merkez Owganystan boýunça deňsiz-taýsyz bolar – diýip, Anthoý etrabynyň saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Muhammet Sanjar Omar aýdýar.
Anthoý şäheriniň ýaşaýjysy, žurnalist Muhammet Ekram Kerem bolsa, Türkmenistanyň berýän ýardamlarynyň möhümdigini öňe sürýär.
– Häzirki agyr ýagdaýda Türkmenistanyň Owganystanyň Anthoýda ýaşaýan ildeşlerimize berýän ýardamy juda möhüm. Munuň üçin biz Türkmenistana şükürler aýdýarys. Sag bolsun, Türkmenistan! Bize bu ýerde olar koronawirus infeksiýasyny anyklamak üçin, gerekli medisina enjamlary bu ýere getirip, bu ugurda bile işleşmek ugrunda eden ýardamyna biz buýsanýarys. Sag bolsunlar! Geljekde hem Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar dowam etsin diýip, biz umyt edýäris – diýip, žurnalist Muhammet Kerem öz minnetdarlygyny bildirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.