Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kagyzdaky makroykdysady görkezijiler hemişe ýokary, emma 'ýurtda ýaşar ýaly bolmady'


Türkmenistanda Welosipede dikilen täze heýkel.
Türkmenistanda Welosipede dikilen täze heýkel.

Täze düzülmeli programmada ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna düýpli maýa goýumlaryny goýmak, eksporty goldamak göz öňünde tutulmaly diýip, prezident importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiliklerini döretmek, eksporty artdyrmak barada öň kän aýdan sözlerini gaýtalady.

Türkmen hökümetiniň 5-nji iýunda, ýylyň 5 aýynda edilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime deň bolandygy habar berildi.

Wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowyň hökümet başlygyna beren hasabatynda tassyklamagyna görä, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişi 4,7 göterim ýokarlandy.

Bäş aýda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,3 göterim, çykdajy bölegi bolsa 94,1 göterim derejesinde ýerine ýetirildi; geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça aýlyk zähmet haky 10,5 göterim artdy; zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde hem-de öz wagtynda maliýeleşdirildi diýip, TDH habar berýär.

Resmileriň hemişe ähli ugurda diýen ýaly ösüş sanlaryny getirýändigine garamazdan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlara salgylanyp, ýurduň ykdysady görkezijileriniň pesleýändigini ýene bir gezek boýun aldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin, ol wise-premýer Müşşikowa we Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe 2020-2021-nji ýyllar üçin ýörite programma taýýarlamagy tabşyrdy.

Bu Maksatnamada esasy wezipe çökgünlik ýagdaýyndan has depginli çykmagy hem-de çökgünlikden ozalky görkezijileri gazanmagy üpjün etmekden ybaratdyr” diýip, prezident ýurtdaky ykdysady kynçylyklary gytaklaýyn tassyklaýan “çökgünlik” sözüni ulanyp aýtdy.

Ekspertler Türkmenistanyň energiýa bahalarynyň ilki arzanlap başlan ýyllaryndan bäri, her ýylda milliardlarça dollar serişdäni önüm bermejek gurluşyk taslamalaryna harçlamak bilen, agyr ykdysady krizise girendigini aýdýarlar, emma türkmen hökümetiniň mejlislerinde “krizis” sözi ulanylmaýar.

Täze düzülmeli programmada ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna düýpli maýa goýumlaryny goýmak, eksporty goldamak göz öňünde tutulmaly diýip, prezident importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiliklerini döretmek, eksporty artdyrmak barada öň kän aýdan sözlerini gaýtalady.

Biraz öň Berdimuhamedow eksportdan gelýän walýutanyň, şol sanda hususy kärhanlaryň eksportdan gazanýan altyn pulunyň hem 100% döwletiň ätiýaçlyk gaznasyna geçirilmegini buýurdy, Azatlyk bilen anaonimlik şertinde gürleşen telekeçiler bu kararyň eksportyň derejesini hem kesgin pese gaçyrjakdygyny aýdýarlar.


Şeýle-de ol anyklaşdyrmazdan, zähmet haklaryny tölemekde bökdençlikleriň ýüze çykýan ýagdaýlaryny berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Bu talap mejlisiň başynda “zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde hem-de öz wagtynda maliýeleşdirildi” diýlip berlen hasabatyň ygtybarlylygyny sorag astyna saldy.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurtda ilatyň aýlyk haklaryny wagtynda almagyndaky we nagtlaşdyrmagyndaky kynçylyklar ençeme aý bäri saklanyp galýar, azyk gytçylygy we bahalaryň ýokarlanmagy, dükanlaryň ýeňse gapylaryndaky nobatlaryň uzalmagy dowam edýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri şeýle nobatlaryň birinde bir ýetginjegiň göwreli aýalyň garnyna depip, onuň çagasynyň düşmegine sebäp bolandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň esasy girdejisi nebit-gaz söwdasy bolup durýar we, soňky otuz ýylda oba hojalygynyň, maldarçylygyň we balykçylygyň çökmegi ýurduň bazarlaryny ýeralma, sogan, pomidor ýaly azyk önümleri babatynda hem daşary ýurtlaryň önüm öndürijilerine garaşly ýagdaýa saldy.


Prezident import edilýän gök-bakja önümlerinden altyn puly tygşytlamagy, daşaryk önüm satmagy artdyrmagy talap edip, bu ýagdaýy öňräkden bäri boýun alýar.

Emma ýer-suw bilen bagly korrupsiýa, suw desgalarynyň uzak ýyllap idegsiz galmagy, dökün, tehnika meselesindäki kynçylyklar we hökümet başlygynyň Saparmyrat Nyýazow döwründe ornaşdyrylan netijesiz oba syýasatyny dowam etdirmegi garaşylýan özgertmeleriň öňüni aldy diýip, synçylar aýdýar.

Geçen ýylyň dekabrynda Hytaýdan uç alan koronowirus pandemiýasy we esasy nebit öndüriji ýurtlaryň arasynda dörän ylalaşmazlyklar zerarly energiýa nyrhlarynyň aşak gaçmagy ozal hem gaz alyjylaryny ýitiren we agyr kynçylykda galan türkmen ykdysadyýeti üçin ýene bir urgy boldy.

Emma muňa garamazdan, wise-premýer M.Meredowyň bäş aýyň jemleri boýunça beren hasabatynda hiç bir kynçylyk agzalmaýar.

Onuň tassyklamagyna görä, “nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň meýilnamasy 108,3%, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 100,4%, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,5%, benzin önümçiliginiň meýilnamasy 109,2%, dizel ýangyjynyň önümçiliginiň meýilnamasy 103,6% ýerine ýetirildi; suwuklandyrylan gazyň önümçiliginiň ösüşi 118% boldy, maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 121,5 göterim berjaý edildi.”


Her halda, Berdimuhamedow halkara bazarlarynda nebit bahasynyň has pese düşendigini ýene bir gezek ýatlatdy we, çykalgany nebit-gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän mukdaryny yzygiderli artdyrmakda, bu önümleri daşarky bazarlarda ýerlemegiň strategiýasyny kesgitlemekde görýändigini aýtdy.

Onuň pikiriçe, önümçiligi artdyrmak maýa goýumlaryny çekmegiň we olary netijeli ulanmagyň peýdasyna amala aşyrylyp bilner.

Emma synçylar, şol sanda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazow türkmen hökümetiniň getirýän ösüş sanlarynyň hiç wagt durmuş hakykaty bilen gabat gelmeýändigini, "durmuşyň barha agrylaşýandygyny" we "ýurtda ýaşar ýaly bolmandygyny" aýdýar.

Şeýle-de Orazow Türkmenistanyň daşardan maýa çekmek mümkinçiliginiň tasdan ýokdugyny, sebäbi onuň “korrupsiýanyň çukuryna” öwrülendigini, üstesine ýurtda “hakyky hökümet dolandyryşynyň hem galmandygyny” öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG