Türkmenistanda ilatyň bank kartlaryndaky pul serişdelerini nagtlaşdyrmakda çekýän kynçylyklary dowam edýär. Baýramaly şäherinde bankomatlaryň öňünde nobata garaşýan adamlar öz aýlyk haklaryny para bilen nagtlaşdyrmaga razy bolýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň Baýramalydaky şahamçasynyň öňünde pul nagtlaşdyrmak üçin dörän uly nobatlar barada habar berýär.
Onuň maglumatlaryna görä, 27-nji aprelde ýüzlerçe adam öz plastik kartlaryndaky maliýe serişdelerini nagt pula öwürmek üçin bank şahamçasynyň öňünde üýşdi.
“Emma ‘pul ýok, garaşyň’ diýip, adamlary bankyň içine goýbermediler” diýip, habarçymyz aýdýar.
Türkmenistanda häkimiýetler döwlet dükanlarynyň ýa-da bankomatlaryň öňünde döreýän uly nobatlary gizlemäge synanyşýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri mundan ozal habar beripdiler.
“Pul nagtlaşdyrmaga gelen adamlara bankyň arka ýüzündäki awto ulag goýulýan duralga geçip garaşmaklaryny aýtdylar” diýip, habarçymyz maglumat berdi.
Ol nobata garaşýan adamlaryň käbirleriniň “tanyş üsti bilen” pul nagtlaşdyrmak synanyşyklarynyň hem netijesiz bolandygyny habar berdi.
“Nobata duran adamlaryň arasynda bankda işleýän tanyşlary bolan adamlar öz tanyşlaryna ýüz tutdular, kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyryp bermeklerini soradylar. Ýöne bank işgärleri özleriniň bankomatlaryň öňüne baryp bilmeýändiklerini, sebäbi bankomatlaryň öňünde görünseler özlerine işden kowulmak hem-de jenaýata çekilmek haýbatlarynyň atylýandygyny aýtdylar” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Ýöne bank işgärleri nobata garaşýan adamlara “çykalgany” salgy berdi:
“Size dogry ýoly görkezeýin! Gapynyň agzynda duran polisiýa işgärine 10 manat bilen kartyňyzy beriň, ýöne ýeke-ýekeden baryň!” diýip, bank işgärleriniň nobata garaşýan adamlara polisiýa para berip, pul nagtlaşdyrmagy maslahat berendigini Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, adamlar bank işgärleriniň maslahatyna eýerdiler: “10 manat pul bilen plastik kartlaryny gapynyň agzynda duran polisiýa geýimli işgäriň ýanyna bir-birden baryp, haýyş etdiler we pullaryny nagtlaşdyrdylar” diýip, habarçymyz aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň arasynda para bilen pul nagtlaşdyrmak işinden nägile bolýanlar bilen bir hatarda oňa razy boýanlar hem bar.
“Indi öz halal zähmet hakymyzy para berip almaly boljak ekeni” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
“10 manat däl, hatda 20 manat bermeli hem bolsa razy, pulumyzy alsak bolýar” diýip, beýleki bir baýramalyly ýaşaýjy öz razyçylygyny beýan etdi.
“Ýöne şonda-da hemmä pul ýetmedi. Bank günortan ýapylýança 40-dan gowrak adam pullaryny nagtlaşdyrdy. Nagtlaşdyryp bilmedik adamlara ertesi güni banka gelmek tabşyryldy” diýip, habarçymyz maglumatynyň üstüni ýetirdi.
Onuň sözlerine görä, Mary şäheriniň bankomatlarynda-da 10 manat para bilen pul nagtlaşdyrmak mümkinçiliginiň bardygy habar berilýär.
Mundan ozal ýurduň dürli regionlarynda raýatlaryň pul nagtlaşdyrmak üçin tapýan täze usullary barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar beripdi.
17-nji aprelde habarçymyz Tejen şäheriniň käbir ýaşaýjylarynyň öz plastik kartlaryndaky pullaryny hususy dükanlardan nagtlaşdyrýandygyny, munuň üçin olaryň dükanlara 10% komission tölegini töleýändiklerini habar beripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.