Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňünde azyk haryt satyn almak üçin döreýän nobatlar we olara kanun goraýjy edaralaryň gözegçiligi dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji aprelde habar berdi.
“Geçen anna güni agşam sagat 8 töwereklerinde Kemine köçesi bilen Hojow Annadurdyýew (öňki Kalinin) köçesiniň çatrygynda ýerleşýän 32-nji döwlet dükanynyň öňüne ertesi gün üçin azyk haryt nobatyna ýazylmaga baran adamlary polisiýa dargatdy” diýip, habarçymyz aýdýar.
WIDEO: Lebap welaýatynyň Dostluk etrabynda çörek nobatynda dawa-jenjel ýüze çykdy.
Onuň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri dükanlaryň gabadyndaky jaýlaryň ýaşaýjylarynyň nobatlardaky goh-galmagaldan şikaýat edýändiklerini aýdýarlar.
“Polisiýa gelip, gödek gygyryp başlady we eger-da adamlar dargamasa olaryň tussag ediljekdiklerini aýtdy” diýip, habarçymyz belledi.
Onuň sözlerine görä, ilatyň döwlet dükanlaryndan azyk haryt satyn almak üçin nobata durmaly wagtyny polisiýa kesgitleýär. Olar bu talaplaryny dükana golaý jaýlarda ýaşaýan adamlaryň nobatlardaky goh-galmagal bilen bagly edýän arz-şikaýatlaryna esaslandyrýarlar.
“Adamlara bir gün öňünden däl-de, ertesi irden gelip nobata durmak tabşyrylýar” diýip, habarçy aýtdy.
“Soňra adamlar dargadylar, ýöne polisiýa ulag bilen uzak wagtlap aýlandy” diýip, ol sözüne goşdy.
Ýurtda ykdysady kynçylyklar dowam edýän wagty, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň dürli regionlarynda, şol sanda paýtagt Aşgabatda döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän uly nobatlar barada yzygiderli habar berip gelýärler.
14-nji aprelde aşgabatly habarçymyz paýtagtyň döwlete degişli bir azyk dükanynda 2 ýüzden gowrak adamyň nobata garaşýandygyny habar beripdi.
Onuň maglumatlaryna görä, paýtagtyň ýaşaýjylary esasan towuk buduny, ösümlik ýagyny, şeker we towuk etini döwlet bahasyndan satyn almak üçin nobata ýazylýarlar.
Beýleki bir paýtagtly habarçymyz 14-nji aprelde çörek-bulka önümleri satylýan bir döwlet dükanynda çöregiň çäkli möçberde here ele 2-den satylýandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi ýurduň döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän uly nobatlar barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.
Beýleki tarapdan döwlet media we metbugat serişdeleri ýurtda azyk bolçulygynyň döredilýändigini gaýtalaýar.
Aşgabatda azyk dükanlarynyň öňünde bir gün öňünden döreýän nobatlary polisiýa dargadýan wagty, mundan ozal ýerli habarçymyz türkmen hökümetiniň kanun goraýjy edaralara ilatyň iýmit üpjünçiligi boýunça arz-şikaýatlaryny diňlemezligi tabşyrandygyny habar beripdi.
“Türkmen hökümeti prokuratura we MHM edaralaryna raýatlaryň un we ýag şikaýaty barada ýazan arzalaryny diňlemezligi tabşyrypdyr” diýip, habarçymyz ynamdar çeşmelere salgylanyp geçen sişenbe güni habar berdi.
Habarçy şonda köpçülikleýin şikaýat bildirýän raýatlara häkimiýetleriň 15 günlük tussag etmek haýbatyny atýandyklaryny habar berdi.
Türkmenistanda üç ýyldan gowrak bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Global pandemiýanyň fonunda ýurtda girizilen hereket çäklendirmeleri we serhet araçäkleriniň ýapylmagy bilen raýatlaryň kadaly azyk üpjünçiligi, ýurtdan gowuşýan maglumatlara görä, has-da ýaramazlaşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.