Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Banklar derňelýär, käbir bank işgärleri bikanun kart amallarynda aýyplanyp saklandy


Illýustrasiýa suraty. “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň binasy. Aşgabat.
Illýustrasiýa suraty. “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň binasy. Aşgabat.

Şu günler Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralary ýurduň banklarynda, hususan-da “Döwlet daşary ykdysady iş bankynda” we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynda barlag geçirýärler. Bank işgärleriniň arasynda “bikanun” kart amallary bilen ilteşikli saklanan adamlar bar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy agzalýan banklardaky biri birinden habarsyz iki çeşmesine salgylanyp, 21-nji aprelde habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, bikanun amallarda aýyplanýan bank işgärleri Türkmenistanyň banklaryndan berlen halkara bank kartlarynyň eýelerinden para alyp, olaryň daşary ýurtlarda pul nagtlaşdyrmaga degişli çäklendirmelerden sowlup geçmeklerine ýardam beripdirler.

“Bank kartlarynyň üsti bilen daşary ýurtlarda pul nagtlaşdyrmaga degişli limiti para bilen artdyryp ýa-da asla aýryp bolýar. Bu shema soňky birnäçe aý bäri işleýärdi we mundan peýdalanyp başlapdylar” diýip, habarçymyz aýtdy.

“Üstesine-de, petiklenen bank kartlaryny para bilen açyp, kart eýeleri daşary ýurtlarda olardan pul nagtlaşdyryp biler ýaly edipdirler” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň maliýe ulgamy soňky birnäçe ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda sanly ulgama geçirildi. Ýöne ýurda ykdysady ysgynsyzlygyň aralaşmagy bilen, 2016-njy ýylda ýurtda walýuta çäklendirmeleri girizildi, walýuta alyş-çalyş nokatlary resmi bahadan walýuta çalyşmagy bes etdi. Geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýan wagty, ýurtda walýutanyň gara bazary döredi.

Azatlygyň habarçysy bikanun bank amallary bilen baglylykda saklanan bank işgärleriniň para bilen adamlaryň kartlaryndaky limiti çäksiz görnüşinde aýyrmaga kömek berendiklerini habar berdi:

“Heniz möhleti dolmadyk käbir bank kartlary ýatyrylyp, olaryň ornuna täze kart açmak meýilleşdirilipdir. Diýmek, para bilen şol doňdurylan kartlaryň diňe bir petigini açmak däl, eýsem, olardan çäksiz pul nagtlaşdyrmak mümkinçiligi döredildi” diýip, habarçymyz aýtdy.

“Gürrüň, elbetde, daşary ýurtlarda pul nagtlaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyk bilen töleg tölemek barada barýar” diýip, ol maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Biri birinden garaşsyz iki bank resmisiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna tassyklamagyna görä, kanun goraýjy edaralar tarapyndan saklanan bank işgärleri banklara getirilip, olardan ýol beren bikanun bank amallaryny görkezmek talap edilýär.

“Saklananlar bar, ýöne olaryň tussag edilip-edilmändigini ynamly aýdyp bilmeýärin” diýip, bank resmileri gizlinlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Habarçy şeýle barlaglaryň halkara bank kartlaryny çykarýan ähli banklarda alnyp barylýandygyny, ýöne “Senagat” bankynda we “Döwlet daşary ykdysady iş bankynda” bu barlaglaryň güýçlenendigini aýtdy.

Türkmenistanda 2016-njy ýylda walýutanyň erkin söwdasynyň çäklendirilmeginiň fonunda Visa we MasterCard bank kartlary raýatlar üçin türkmen manadyny resmi kurs boýunça daşary ýurt walýutasyna öwürmäge çäkli mümkinçilik döretdi. Raýatlar ýurt içinde bank kartlaryna ýerli pulda geçiren maliýe serişdelerini daşary ýurtlarda resmi kursdan walýuta öwrüp başlady, ýöne türkmen banklary 2017-nji ýylyň ýanwarynda bir gije-gündiziň dowamynda daşary ýurtlarda 1000 dollar nagtlaşdyrmaga rugsat beren kart limitini soňky ýyllarda 50-100 dollara çenli aşak çekdi.

Resmi maglumatlara görä, “Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky” 1994-nji ýylda “Visa Internationalyň” agzasy boldy we şondan bäri daşary ýurt emitent banklaryna hem-de karz kartlaryna hyzmatlary ýol goýdy.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýanwarda we fewralda Visa bank kartlaryny almak üçin “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň şahamçalarynda-da uly nobatlaryň dörändigini habar berdi.

Martyň aýagynda Türkmenistanyň öz içindäki ýerli bank kartlarda amal edilýän nagt däl hasaplaşyklara-da çäklendirme girizildi. Habarçylarymyz Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 48 sagadyň dowamynda ýerli bank kartlarynyň üsti bilen diňe 80 manat möçberinde söwda etmäge mümkinçilik berilýändigini habar berdi.

Galyberse-de, 3-nji aprelde lebaply habarçymyz ýurtdaky nagt we nagt däl çäklendirmeleriň fonunda döwlet dükanlarynda we ýangyç guýujy beketlerde 25-30 prosentlik komission töleg bilen bikanun ýagdaýda adamlaryň ýerli bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak hyzmatyny hödürleýän taraplaryň üstüniň açylandygyny habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG