Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysady kynçlykylaryň fonunda Maryda "juda az" hojalyk agzaçar edýär


Agzaçar. Arhiwden alnan surat
Agzaçar. Arhiwden alnan surat

Şu ýyl Türkmenistanda Oraza aýynda agzaçar berýän hojalyklaryň juda azdygyny we muňa ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň sebäp bolýandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden habar berýär.

"Agyz bekleýän adamlar köp bolsa-da, agzaçar berýänler az. Öňki ýyllarda adamlar agzaçar etmek üçin nobata durup, bir aý öňünden diýen ýaly gününi belleýärdiler. Agzyny bekleýän tanyş-bilişlerini öz öýlerine çagyryp, agzaçar berýärdiler. Indi bolsa her kim öz öýünde agzyny açyp, metjitlere tarawa namazyny okamaga barýar. Agzaçar edýän ýok diýen ýaly" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçy 15-nji maýda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, häzirki wagt diňe söwda edýän, telekeçilik bilen meşgullanýan gurply maşgalalaryň käbiri agzaçar edýär.

"Geçen ýyllarda işleýän adamlar hem agzaçar berýärdi" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş bolan habarçynyň sözüne görä, agzaçarlaryň edilmezliginiň sebäbi ykdysady kynçylyklar, adamlaryň güzeran eklenjiniň agyrlaşmagy bilen baglanyşykly.

"Adamlar häzir özleriniň aýdan-aýa zordan gün görýändiklerini, agzaçar etmäge maddy mümkinçilikleriniň ýokdugyny aýdýarlar. Olaryň köpüsi işsizlikden, pulsuzlykdan kösenýändigini, galan bölegi bolsa aýlyklaryny wagtynda nagtlaşdyryp bilmeýändigini belleýär. Munuň bilen bir wagtda, olar azyk we senagat harytlarynyň hem yzygiderli gymmatlaýandygyny we elýeterli däldigini aýdýarlar" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanda indi üç ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň döwlet dükanlarynda azyk we bankomatlarda nagt ýetmezçiligi dowam edýär.

Ýöne Azatlygyň habarçylary öňden gelýän ykdysady kynçylyklaryň üstüne pandemiýa çäklendirmeleriniň hem-de energiýa bahalarynyň aşaklamagynyň goşulmagy bilen, soňky aýlarda maliýe kynçylyklarynyň, azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň has-da ýitileşendigini habar berýärler.

Geçen aýyň ahyrynda Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň biri Köýtendag etrabynyň ençeme obasynda adamlaryň çörek we un tapman, degirmende mekgejöweni ýaryp, un edip iýýändigini gürrüň berdi.

Türkmen hökümeti 8-nji maýda iş maslahatyny geçirip, ýokardaky kynçylyklaryň hiç birini agzaman, ýylyň ilkinji dört aýynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3% artandygyny yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG