Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy harby parad bilen bellenildi.
Baýramçylyk dabaralary irden prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hökümet agzalarynyň, weteranlaryň we diplomatlaryň Baky oda gül çemenlerini goýmaklary bilen başlandy.
Soňra türkmen prezidenti Orsýetiň goranmak ministriniň Aşgabada sapara gelen orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomin bilen duşuşdy.
Fomin Berdimuhamedowa 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy goşun bölüminiň 748-nji polkunyň söweş baýdagyny gowşurdy. Habarda aýdylmagyna görä, prezidentiň atasy Berdymuhamet Annaýew şu polkuň hatarlarynda söweşipdir.
Agşam, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Beýik Watançylyk urşy mahalyndaky enjamlaryň görkezilmegi bilen harby parad geçirildi.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri munuň Türkmenistanyň taryhynda Ýeňiş güni mynasybetli guralan ilkinji harby ýöriş bolandygyny, ozal paradlaryň diňe Garaşsyzlyk güni geçirilendigini belleýär.
Öňki ýyllarda Türkmenistanda Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda uruş weteranlaryna 200 manat (häzirki resmi nyrh boýunça - 57 dollar, resmi däl ýagdaýda - takmynan 10 dollar) pul sylagy berilýärdi. Bu ýyl kömek puly medallar we beýleki sowgatlar bilen çalşylana meňzeýär.
Fominiň dabarada sözlän sözünde Türkmenistandan urşa gatnaşanlaryň hatarynda 104 adamyň Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ada mynasyp bolandygy aýdyldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýeňiş güni mynasybetli çap eden gutlarynda uruşda millionlarça adamyň “faşizmiň rehimsiz syýasatynyň pidasy bolandygy” aýdyldy.
Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň Ýeňiş gününe gabat çap eden makalasynda harby ýitgiler 19,4 million adam, SSSR-iň umumy ýitgileri bolsa 41 979 417 adam diýlen hasaplamalar öňe sürülýär.