Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara din azatlygy boýunça komissiýa: Türkmenistan "aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň" hatarynda galmaly


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy Türkmenistandaky din azatlygynyň ýagdaýyna pes baha berip, ABŞ-nyň Döwlet Departamentine ony ýene-de "aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň" hataryna goşmagy maslahat berdi.

Bu barada Halkara din azatlygy boýunça komissiýanyň 2020-nji ýyl üçin dünýädäki din azatlygynyň ýagdaýyna syn edip, 28-nji aprelde ýaýradan ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

"Komissiýa 2020-nji ýyldaky hasabatynda Döwlet Departamentine 14 döwleti “aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hataryna goşmagy maslahat berýär. Sebäbi bu ýurtlaryň hökümetleri dini azatlyklaryň birsyhly, yzygiderli, aýylganç basgylanylmagyna gatnaşdylar ýa-da basgylanylmagyna çydamlylyk görkezdiler" diýlip, hasabatda bellenilýär.

Bu ýurtlaryň arasynda Birma, Hytaý, Eritreýa, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Saud Arabystany, Täjigistan we Türkmenistan, şeýle-de Hindistan, Nigeriýa, Russiýa, Siriýa we Wýetnam bar.

"2019-njy ýylda Türkmenistanda din azatlygynyň ýagdaýy dünýädäki iň erbetleriň arasynda saklanyp galdy we bu ugurda gowulaşma alamatlary göze ilmedi. Hökümet garaşsyz dini işleriň ählisinden şübhelenmegini dowam etdirdi" diýlip, hasabatda aýdylýar.

Täze hasabata görä, dini jenaýatlarda aýyplanyp iş kesilenler köplenç döwletiň türme ulgamynda ýitirim bolýarlar we olaryň daşky dünýäden üzňelikde saklanýandygy çaklanylýar.

"Ruhany Fethullah Güleniň yzyna eýerendigi aýdylýan Akmyrat Soýünowyň we Eziz Hudaýberdiýewiň 2019-njy ýylda "Owadan-Depe" türmesinde ölendigi habar berildi. Türkmenistanda maglumat elýeterliliginiň ýapyk bolmagy, hökümetiň şuňa meňzeş şertlerde näçe dini tussagy saklaýandygyny ýa-da 2019-njy ýylda tussaglykda ölenleriň sanyny kesgitlemäge mümkinçilik bermeýär" diýip, komissiýa belleýär.

Hasabata görä, hökümet dini ynanjyna görä harby gullukdan boýun gaçyrýanlary türmä basmak tejribesini dowam etdirdi. 2019-njy ýylda türkmen hökümeti olar üçin jezany güýçlendirip, ýylyň dowamynda dini ynanjyna görä harby gullukdan boýun gaçyran ýedi adamy tussag etdi we olary şu güne çenli mälim bolan iň agyr türme tussaglygyna höküm etdi.

Türkmenistan mundan ozal 2014, 2016, 2017, 2018 we 2019-njy ýyllarda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan agzalýan sanawa girizildi.

Konstitusiýa laýyklykda dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň baş kanuny ýurtda dine uýmagyň erkinligini kepillendirýär.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda dini amallary berk berjaý edýän raýatlaryň häkimiýetler tarapyndan yzarlanýandygyny we olara garşy çäre görülýändigini wagtal-wagtal habar berýärler.

24-nji fewralda Azatlygyň habarçylary lebaply býujet işgärlerine juma namazyna barmazlyk we iş ýerinde namaz okamazlyk barada duýduryş berlendigini habar berdiler.

Bu wakadan bir gün soň bolsa, Türkmenistanda ýene-de bir ýegowa şaýadynyň türme tussaglygyna höküm edilendigi mälim boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG