Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan - karantin döwri: Alaýdaky mal bazary Telegram-a geçdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanda koronawirus pandemiýasy sebäpli bir aý mundan öň adatdan daşary düzgün girizildi. Iri bazarlar ýapylsa-da, söwda işleri ýöredildi. Bu ýagdaýda onlaýn-söwda ulgamyna bolan zerurlyk artyp başlady, adamlar zerur harytlarynyň öýüne getirilmeginiň usulyny gözlediler. Alaý raýonynyň Gülçe obasynyň ýaşaýjylary özlerine gerekli bolan harytlary Internet üsti bilen almagy öwrendiler. Internet üsti bilen aýratynam azyk önümleri, maşyn hem mal söwdasy ýörgünli barýar.

Gyrgyzystanyň iri şäherlerinde gozganmaýan emlägiň, maşynyň hem tehnikanyň aluw-satuw işleri Internetiň üsti bilen geçirilýän bolsa-da, oba ýerleri üçin bu geň ýagdaýdy. Ýöne soňky dörän şert adamlary mejbury halda, Internetiň başyna getirdi, olar indi bu tehnologiýany öwrenýärler. Meselem, Oş oblastyndaky Alaý raýonynyň ýaşaýjylary öz mallaryny Internetiň üsti bilen satýarlar.

Alaý raýonynyň ýaşaýjysy Maýrambek Temirbaýew karantin şertlerinde Telegram üsti bilen mal söwdasyny etmegiň örän amatlydygyna göz ýetirdi. Onuň teklip edýän harydy messenjer ulanyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

– Owaly bilen men Telegramda baýtal bilen onuň taýçanagyny satjakdygym baradaky bildirişimi ýerleşdirdim. Ony bazar bahasyndan ýokary satdym. Onsoňam Telegram reklamasy bazardakydan amatly. Söwda diýseň gowy gidýär. Eger Oş bazaryna Otuz-Adyr obasynyň adamlary-da goşulyşsa gowy bolardy. Ol obanyň adamlary maly köp saklaýarlar – diýip, söwdagär öz pikirini aýdýar.

Alaýyň ýaşaýjylary üçin ýollanýan Telegram toplumy
Alaýyň ýaşaýjylary üçin ýollanýan Telegram toplumy

Şeýle usul bilen Temirbaýew birnäçe ýabyny hem tohumlyk dowarlary gysga wagtda satyp bilipdir. Onuň sözüne görä, iň esasy zat – alyjy bilen şertnama baglaşmak, satýan malyň sagatlygy barada weterinardan hatyň bolmagy hem harydy alyja eltip bermek meselesini gepleşmek. «Munuň özi beýle bir kyn iş däl» diýip, Maýrambek aýdýar.

Alaýdan bolan beýleki bir ýaşaýjy Ulan Abydaşimow Telegram söwdasyndan ilkinji gezek peýdalanýandygyny aýdyp, munuň hojalygyndan sypynyp bilmeýän fermerler üçin örän amatlydygyny belleýär.

«Aluw-satuw işlerinde men mundan ýaňy peýdalanyp başladym. Öýden çykyp bolmaýan ýagdaýlarda, maly Internet arkaly satmak diýseň amatly hem peýdaly. Owaly men öz sygrymyzy satdym, ornuna sagylýan göleli sygyr satyn aldym. Şol ýerden arpa tohumyny satyn aldym. Indi bize bir zat gerek bolsa Telegramdan gözleýäs. Munuň özi öňküden has ýeňil boldy» diýip, fermer aýdýar.

Telegram arkaly mallary ýerleşdirmek hem beýleki harytlary edinmek ulgamyny Gülçe obasynyň ýaşaýjysy Kanat Şaripbekow ýola goýdy. Ol bu işi oba adamlarynyň artykmaç azap çekip ýola çykmazlygy, karantin döwründe öz janyny howp astyna goýmazlary üçin edipdir. Indi satyn almak hem satmak aladalaryny Internet üsti bilen bitirýärler diýip, ol muňa guwanýar. Şeýlelik bilen Kanat koronawirusa garşy göreşe öz goşandyny goşandygyny aýdýar.

Kanat Şaripbekow
Kanat Şaripbekow

«Daşarda ýören adam köpdi, olar ýarmaz wirusyň bardygyna ynanmaýardylar. Adamlaryň karantin düzgünlerini saklap, wirus howpundan daşda durmagyny, artykmaç köpçülige çykmazlygy, bazara gitmezligi üçin, şu topary döretmegi maksat edindim. Meniň niýetim – adamlaryň öýünden çykman oturtmagynda. Bu hyzmat köplere ýarady, olar öz minnetdarlygyny bildirýärler» diýip, Kanat buýsanç bilen gürrüň berýär.

Şaripbekow häzirlikçe 4 topary işe girizdi:

Munuň daşyndan ol şu ýakyn günlerde balçylyk toplumyny-da işe girizmekçi. Oňa eýýäm meýil bildirýänleri toplap başlapdyr. «Häzirki wagtda iň ýörgünli iş mal söwdasy bolup durýar – diýip, Kanat gürrüňini dowam etdirýär. – Öň adamlar bazara gitmek üçin, gaty köp wagtyny ýitirýärdi. Üstesine-de, bazar hepdede bir gezek bolýar ahyryn. Indi maly satmak hem satyn almak islendik günde amala aşýar. Internete girmek örän amatly boldy».

Häzir bu toparlara 500-den gowrak adam hasaba durupdyr. Owal başda adamlar WhatsАpp ulanypdyrlar, oňa garanda Telegram has amatly bolup, oňa ýykgyn edenler artypdyr. Indi ol diňe Alaý jülgesinde däl, tutuş Gyrgyzystanda ýörgünli. Eger WhatsАpp toparyna 250 adam ýazylan bolsa, Telegram üçin has köp adam meýil bildirýär.

IT ulgamy boýunça bilermen Ikbol Isakow karantin mahalynda adamlaryň gündelik durmuşyna amatly bolar ýaly, messenjerden köp peýdalanmagy maslahat berýär. «Alasýdaky ilatyň Internete girişmegi täzelik bolmasa-da, ýöne gowy ugruň başlangyjy» diýip, ol belleýär.

Ikbol Isakow
Ikbol Isakow

«Halk täze tehnologiýadan peýdalanmaga ýaňy düşünip başlady. Indi biz olara muny özleşdirmegi öwredýäris. Öýjükli tehnologiýanyň mümkinçiligi aşa köp. Indi onuň peýdasyna diňe bilimli adamlar däl, ýönekeý halk hem düşünýär. Telegram hem WhatsАpp ulgamlary öz hyzmatlary boýunça meňzeş, şonuň üçinem owaly messenjere hasaba durmak ýeňil bolup, soňra ol ýerde öz bildirişiňi ýerleşdirmek mümkin» diýip, bilermen aýdýar.

Bilermenleriň pikirine görä, onlaýyn ulgamynda bolan söwda saýtlaryna düşünmek sada halk üçin çylşyrymly. Ol ýerde harytlary satmak hem kynrak, sebäbi ol az topardaky müşderileri nazarda tutýar. Şonuň üçin aýratyn bir sebite niýetlenen hem belli ugurlary alyp barýan toparlary döretmegi teklip edýärler.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG