Mary welaýatynda raýatlaryň bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak ýa-da ondan nagt däl söwdada peýdalanmak bilen bagly kynçylyklary gowulaşman, gaýtam gün-günden ýaramazlaşýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri bu sebitden habar berýär.
Gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçynyň sözüne görä, häzir bankomatlarda nagt pul tapdyrmaýan wagtynda, pulsuzlykdan kösenýän ilat bank kartlaryny kabul edýän söwda nokatlaryny ýa dükanlary hem tapyp bilmän azap çekýärler.
"Käbir adamlar aýyň başyndan bäri kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bilmeýärler. Haýsy bankomada barsaň işlemeýär ýa-da içinde pul ýok. Adamlar iki hepde bäri boş bankomatlaryň öňünde nobat belleýärler. Olar puly nagtlaşdyrmakdan geçen, kartdan azyk satyn alyp bilsek bolýar diýýärler. Ýöne olar muny hem edip bilmeýärler. Häzirki wagt adamlar kartlar bilen azyk satyn alyp bolýan dükanlary ýa-da söwda nokatlaryny gözleýärler. Şu günki gün bu örän uly problema" diýip, habarçy 22-nji aprelde gürrüň berdi.
Onuň sözüne görä, öň bank kartlary boýunça azyk satyn alyp bolýan Marynyň "Belent" we Baýramalynyň "Mähriban" söwda nokatlarynda-da harytlaryň bahasy 100 manatdan geçýan bolsa, terminallaryň işlemeýändigi aýdylýar. Dükan satyjylary munuň sebäplerini düşündirmeýärler.
"Bu dükanlara barmaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar, ýagny etraplarda ýa-da çetki obalarda ýaşaýan adamlaryň köpüsi öýlerine eli boş barmaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Öýe baranyňda, çagalarym elime seredýär diýip, adamlaryň ençemesi aýdýar. Şeýle maşgalalar gaty köp" diýip, habarçy belledi.
Ol mundan öň hususy dükanlardan karzyna azyk harytlaryny alyp bolandygyny, ýöne indi olaryň-da bu hyzmatynyň bes edendigini sözüniň ütüne goşdy.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda berlen maglumatda 2020-njy ýylyň 1-nji aprelinde tutuş ýurt boýunça 2 müň 197 sany bankomatyň hasaba alnandygy we olaryň 454 sanysynyň Mary welaýatynda ýerleşdirilendigi bellenilýär.
Şeýle-de, maglumatda ýurtda 37 müň 145 sany POS terminalynyň bardygy, olaryň 6 müň 215 sanysynyň Mary welaýatynda ýerleşdirilendigi aýdylýar.
2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanda zähmet, pensiýa, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny raýatlaryň bank hasaplaryna geçirmek işi tapgyrlaýyn esasda ýola goýuldy. Munuň netijesinde, ýurt raýatlary bank kartlaryndaky puly diňe bankomatlarda nagtlaşdyryp ýa-da ondan nagt däl söwdada peýdalanyp bilýärler.
Ýöne ýurtda soňky üç ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi we olaryň öňündäki uzyn nobatlar dowam edýär.
Azatlygyň habarçylary ýurtdaky maliýe ýetmezçiliginiň koronawirus pandemiýasy bilen bagly aladalaryň fonunda has-da ýitileşendigini, käte raýatlaryň kartlaryndaky puly ençeme hepdeläp nagtlaşdyryp bilmeýändigini aýdýarlar.
Geçen hepde Azatlygyň Ahaldaky habarçylarynyň biri Tejen şäheriniň käbir ýaşaýjylarynyň öz kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmagyň täze usulyny oýlap tapandygyny habar berdi.
Munuň bilen bir wagtda, ýurtda kartlar arkaly nagt däl bank amallaryny amala aşyrmak hem kynlaşyar. Soňky hepdelerde Azatlygyň habarçylary döwlet dükanlarynda kartlar boýunça tölegleriň çäklendirilip, gündelik limitiň 80 manada düşürilendigini habar berýärler.
Türkmen häkimiýetleri ýurduň ähli pudaklarynda, şol sanda bank ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny tekrarlasa-da, maliýe kynçylyklary we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kösençlikleri barada hiç zat aýtman gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.