Türkmenistanyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiliginiň ýitileşmegi bilen, Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň käbir ýaşaýjylary öz kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Ýöne munuň üçin olar öz zähmet haklarynyň 10 prosentini ýitirýärler. Mary şäherinde adamlar pul geler diýen umyt bilen, ertirden agşama çenli boş bankomatlaryň öňünde garaşýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Ahaldaky habarçysy we Baýramalydaky çeşmesi habar berýär.
"Käbir adamlar pulsuzlykdan halys ýadap, hususy dükanlara baryp, kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bermegi soraýarlar. Ýöne dükan eýeleri munuň üçin nagtlaşdyrylan puluň 10%-ni alyp galýarlar, ýagny olar 200 manat berseler, onuň üstünden 20 manat alyp galýarlar. Adamlar öz aýlyklaryny almak üçin pul tölemeli bolýandyklaryny aýdyp, nägile bolýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 17-nji aprelde gürrüň berdi.
Habarçy ilatyň bu usuly saýlap almagyna bankomatlarda nagt puluň tapdyrmazlygynyň we söwda nokatlaryndaky terminallaryň işlemezliginiň sebäp bolýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
"Pensionerler pensiýa haklaryny aýyň ilkinji bäş gününe çenli, býujet işgärleri zähmet haklaryny aýyň 10-y töweregi aldylar. Muňa garamazdan, tejenlileriň bir bölegi öz aýlyk we pensiýa haklaryny almak üçin şu güne çenli gatnap ýörler. Geçen aý zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmän galanlar hem bar. Şu gün öýlän bolsa, Tejeniň bir bankyndaky ýeke-täk işläp duran bankomatda-da pul gutardy" diýip, habarçy belledi.
Aýdylmagyna görä, şonda bankomadyň öňünde nobata duran adamlar nägile bolandan soň, olaryň arasyndan 5-6 sany aýal arz etmek üçin bankyň başlygynyň ýanyna gidýär.
"Aýallar bankyň başlygynyň sekretarynyň ýanyna baryp, başlygy görmek isleýändiklerini aýtdylar. Ýöne olara başlygyň näme diýendigi, wakanyň nähili tamamlanandygy barada häzirlikçe maglumat ýok" diýip, habarçy belledi.
Azatlyk Radiosynda bu wakanyň haýsy bankyň Tejendäki şahamçasynda bolandygy barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Azatlygyň Baýramalydaky çeşmesi hem, welaýatyň tas ähli bankomatynda nagt tapdyrmaýandygyny, adamlaryň puluň gözleginde etraplardan Mary şäherine gidýändigini, ýöne olaryň bu ýerde hem tamalarynyň puja çykýandygyny aýdýar.
"Bankomatlaryň ählisi boş. Etraplardaky tanyşlarym puluň gözleginde ilki Baýramaly şäherine gelendiklerini aýtdylar. Ýöne bu ýerdäki bankomatlaryň hiç birinde-de pul ýok. Soňra olar Mary şäherine gitdiler. Ýöne gynandyryjy ýeri, Mary şäherindäki bankomatlarda-da pul ýok. Adamlar öýländen soň pul geler diýen umyt bilen, boş bankomatlaryň öňünde garaşýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmämiz 17-nji aprelde gürrüň berdi.
Türkmenistanda indi üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän nagt pul ýetmezçiligi, koronawirus pandemiýasy bilen bagly aladalaryň fonunda, has-da ýitileşýär. Soňky aýlarda ýurt raýatlary bankomatlarda nagt tapdyrmaýandygy sebäpli öz kartlaryndaky puly käte ençeme hepdeläp nagtlaşdyryp bilmeýärler.
Munuň bilen bir wagtda, soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri kartlardaky puly nagtlaşdyrmak we ondan nagt däl söwdada peýdalanmak düzgünlerine hem täze çäklendirmeleri girizdiler.
Şu aýyň başynda Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy käbir bankomatlarda bir gezekde nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberiniň çäklendirilip, gündelik limitiň 100-200 manada düşürilendigini aýtdy.
Martyň ahyrynda türkmen häkimiýetleri Aşgabadyň döwlet dükanlarynda nagt däl görnüşde edip bolýan hasaplaşyk usulyna çäklendirme girizip, kartlar boýunça gündelik diňe 80 manat möçberinde söwda edip bolýandygyny mälim etdiler.
Ýöne bu wakadan bir hepde çemesi soň, 6-njy aprelde Aşgabadyň we 7-nji aprelde Marynyň ençeme döwlet dükanynda bank kartlaryny kabul etmegiň bes edilendigini, Azatlygyň habarçylary habar berdiler.
Bu habarlaryň fonunda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda nagt dolanyşygyny azaltmagyň möhümdigini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.