ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky öňki ilçisi Samanta Power koronawirus keseline garşy utgaşykly global gaýtawul berilmezliginiň heläkçiligi has-da güýçlendirendigini hem-de wirus dünýäniň islendik künjünde möwjeýän wagty hiç kimiň goragly däldigini aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň COVID-19 boýunça ilkinji duşuşygynyň öňýany, 9-njy aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren eksklýuziw interwýusynda Power 1,5 milliondan gowrak adama ýokaşan hem-de 93 müňden gowrak adamyň ölümine getiren COVID-e gaýtawul bermek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda “gynansak-da, ýerine ýetirilmeýän sapaklaryň köpdügini” aýtdy.
“Görkezilen agzalalyk weýrançylykdyr... Biz heläkçiligi we ynsanperwer betbagtçylygy has-da güýçlendirdik” diýip, ol aýtdy.
Ozlaky prezident Barak Obamanyň döwründe ABŞ-nyň BMG-daky ilçisi bolup işlän Power iri guramalaryň kollektiwleýin hereket bilen bagly problemalardan ejir çekýändigini we “dünýäniň bir iri guramadygyny” aýtdy.
Haçan-da ýurtlar, hususan-da güýçli ýurtlar global koalisiýany çaltlandyranda şeýle problemalaryň ýeňilip geçilýän ýerleriniň biri Birleşen Milletler Guramasydyr diýip, ol aýtdy.
“Geliň, ugrumyzy gönüläliň! Geliň, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de her bir milli hökümetiň şeýle pursatlar üçin bina edilendigini görkezeliň! Geliň, bir zada göz ýetireliň – dünýäniň islendik künjeginde COVID wirusy möwjeýän wagty, biziň hiç haýsymyz goragly däldiris” diýip, ol aýtdy.
Ol 2013 – 2017-nji ýyllar aralygynda BMG ilçisi bolup işlän döwürlerinde şeýle halkara hyzmatdaşlyga degişli birnäçe mysal getirdi, “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyna garşy hem-de Ebola epidemiýasyna garşy göreşlere salgylandy.
Ebola epidemiýasy barada 2019-njy ýylda “Idealistiň bilimi: Ýatlamalar” atly kitap ýazan Power bu keseli 2014-nji ýylda “halkara parahatçylyga we howpsuzlyga” wehim yglan etmek üçin Howpsuzlyk Geňeşiniň adatdan daşary ýygnagyny geçirmek babatynda ädim ädendigini aýtdy.
“Bir tarapdan, bular diňe sözlerden ybaratdy – elbetde, bu halkara parahatçylyga we howpsuzlyga wehim salýardy” diýip, ol AÝ/AR-a aýtdy. “Ýöne alsyýetinde, şeýle ýygnak BMG-nyň 70 ýyllyk taryhynda ozal geçirilmändi. Bu global jebisligiň zerurdygynyň alamatydy” diýip, ol belledi.
“Bu 2014 – 2015-nji ýyllarda bolup geçen waka” diýip, ol Birleşen Ştatlaryň Ebola saglyk bejergi merkezlerini gurmak üçin Günbatar Afrika harby goşun we saglyk işgärlerini ugradandygyny hem-de şeýle tagallalar bilen Hytaý, Fransiýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlaryň hem öňdebaryjy rol oýnamaklary üçin olara täsir edendigini gürrüň berdi.
“Munuň işleýşi şeýle. Bu serişdeleriň jemlenmegini talap edýär. Ýöne köplenç onuň üçin topar ýolbaşçysy zerur” diýip, ol aýtdy.
BSG-nyň şowsuzlygy
Power Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) häzirki koronawirus krizisiniň başlanan döwürlerindäki şowsuzlygyny ykrar etdi – onuň wirusy pandemiýa yglan etmekde gijä galandygyny, hem-de wirusyň dörän ýeri bolan Hytaý “bassyr-ýussura gümra bolup ýören wagtlarynda” onuň “tüýs ajaýyp gaýtawul berendigi üçin” BSG-nyň ony öwendigini aýtdy.
“Ýöne BMG agentlikleri özüniň iň güýçli agzalarynyň resurslarynyň, bähbitleriniň, basyşlarynyň we pozisiýalarynyň jemi bolar” diýip, ol aýtdy. “Gynansak-da, wagtynda BSG yza seredip, ‘ätsem boljak ekeni’ diýjek ädimlerini ätmedi” diýip, ol belledi.
Şeýle-de bolsa Power prezident Donald Trampyň Bütindünýä Saglyk Guramasynyň krizise çemeleşişi sebäpli, oňa goýberiljek ABŞ maliýe serişdeleriniň saklanjakdygy barada eden teklibini tankyt etdi.
“Men kimdir biriniň maliýe serişdeleri azaltmak baradaky pikiri oňyn teklip hasaplap biljekdigini göz öňüne-de getirip bilemok” diýip, öňki ilçi aýtdy.
Ol agentligiň tarapyny tutmak bilen, käbir adamlaryň BSG-nyň “çalt gaýtawul gullugydygy” baradaky pikirlerine garşy çykdy: “Bu meniň pikirimçe onuň nämedigi barada ýalňyş düşünje”
“Bu tehniki tejribe. Bu, bilýäňizmi, epidemiýa ýa-da pandemiýa yglan etmek üçin tutuş dünýäden maglumat toplamak” diýip, Power aýtdy.
“Diýmek, BSG gaýtawul beriş ulgamy däl-de, duýduryş ulgamydyr. Şondan soň bize muňa aýakdaş gaýtawul ulgamy zerur”
“Meniň pikirimçe, häzirki wagtda biziň üçin möhüm zat BSG-nyň üsti bilen işlemek, BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň üsti bilen işlemek we ählimiziň, ähli milli hökümetleriň biziň ykbalymyzyň garyp ýurtlardaky we gowşak jemgyýetlerdäki adamlaryň ykbaly bilen has içgin arabaglanyşyklydygyna düşünmegidir” diýip, ol sözüne goşdy.
Şeýle-de Power dürli ýurtlary gorag enjamlary bilen üpjün edýän Hytaýyň “global koalisiýa gurmak babatynda tebigy ýadynyň ýokdugyny” hem-de koronawirus pandemiýasyna garşy göreşe Hytaýyň baştutanlyk etmäge taýýar däldigini aýtdy.
“Ony Hytaý asla etmek islemez. Hytaý beýleki ýurtlary olara edesi gelmeýän zatlary etdirip gorkuzmagy halamaýar. Bu, bilýäňizmi, Birleşen Ştatlaryň ussatlaşan zady” diýip, ol aýtdy.
Halkara guramalaryň şeýle wehimlere çalt gaýtawul bermek mümkinçiliginiň geljegi barada aýdylanda, ol munuň ABŞ-syz kyndygyny ýöne mümkindigini aýtdy.
“Bu dünýäniň iň baý ýurdy, dünýäniň iň güýçli ýurdy, BSG-niň iň uly hemaýatçysy, BMG-nyň iň uly hemaýatçysy bolmazdan örän kyn bolar” diýip, Power aýtdy.
"Bu dörediş pursatyna ABŞ gatnaşmasa, meniň pikirimçe kyn bolar. Ýöne bu muny başaryp bolmajakdygyny aňlatmaýar” diýip, ol belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.